Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezidentiň merhum kakasynyň “anna agşamsy” üçin mejbury pul toplanýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň merhum kakasyny hatyralamak üçin ilatdan mejbury ýagdaýda pul serişdeleriniň toplanmagy dowam etdirilýär.

Mälikguly Berdimuhamedowyň 18-nji aprelde 89 ýaşynyň içinde aradan çykmagynyň yzy bilen, metjitlerde geçiriljek ýas sadakalary üçin ilatdan pul toplanyp, dürli milletleriň wekilleri milli geýimde we öz hasabyna prezidentiň kakasynyň ýas çäresine ugradylan bolsa, indi merhumyň 40 geçýänçä paýtagtyň döwlet edaralarynda, işgärleriň öz hasabyna, ‘anna agşamsyny’ geçirmek tabşyryldy.

Türkmenlerde aradan çykan merhumyň ýedisi geçenden soň 40 güne çenli, käbir ýerlerde 100 güne çenli, her penşenbe güni “anna agşamsy” ýas sadakalary berilýär.

“Prezidentiň kakasynyň 40-y sowulýança, ýagny 28-nji maýa çenli ‘anna agşamsyny’ geçirmek tabşyryldy. Munuň üçin ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlaryndan we talyplaryndan mejbury 50 manat pul toplanýar” diýip, aşgabatly mugallymlaryň biri 6-njy maýda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz dil üsti bilen edilýän bu talabyň Aşgabadyň beýleki ýokary jaýlaryna, döwlet edaralaryna hem degişlidigini aýdyp, ýiti ykdysady krizisiň arasynda adamlaryň goşmaça pul ýygymlaryna barha nägile bolýandyklaryny belleýär.

“Prezidentdenem, kakasyndanam bizar [bolduk]. Başlyklar ýolbaşçylara gowy görünjek bolup, bizden pul toplaýarlar. Şu spektakl tizräk gutaraýsa. Bu ýasama çärelerde ýalandan gam-gussa bolup, kellämizi sallap otyrys” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran student nägileligini bildirdi.

Türkmen mediasynda 1932-nji ýylda doglan M.Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda kitaphanaçy, başlangyç synp mugallymy, ene dili we edebiýaty mugallymy bolup işländigi, harby gullukda bolup, harby mekdebi tamamlansoň, IIM-niň dürli wezipelerinde işläp, podpolkownik çininde dynç alşa çykandygy bellenýär. Resmi mediada merhum gahryman we ýaşlar üçin görelde diýlip atlandyrylýar.

Emma synçylar, şol sanda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally hem merhumyň prezidentiň kakasy bolmakdan özge, onuň ýurt boýunça ýas çäresi tutular ýaly, döwletiň ýa halkyň öňünde başga näme hyzmat bitirendigini soraga alýar.

Şol bir wagtda, din wekilleri hem merhumyň ýas çäreleri üçin mejbury ýagdaýda pul serişdeleriniň toplanmagynyň yslam kadalaryna çapraz gelýändigini belleýärler.

Owganystanyň Dini işler boýunça ministrliginde bilermen bolup işleýän Mowlewi Habibylla Muhammadi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde dünýäden öteni ýatlamagyň, onuň hatyrasyna doga-dileg etmegiň möhümdigini belläp, şol bir wagtda munuň üçin mejbury ýagdaýda serişdeleriň toplanmagynyň kabul ederliksizdigini aýtdy.

Türkmen metbugaty on ýyldan gowrak wagt bäri prezidentiň kakasy Mälikguly Berdymehamedowy, ejesi Ogulabady we atasy Berdimuhammet Annaýewi şöhratlandyrýar. Synçylaryň pikiriçe, bu döwlet baştutanynyň şahsyýet kultynyň esasyny goýdy. Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyna medal döredildi, Berdimuhammet Anaýewiň ady şäherçelere we harby mekdebe dakyldy.

2012-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Mälikguly Berdimuhamedowyň ilkinji ýadygärligi dikildi. Onuň doglan ýeri Yzgant obasynda gurulan ýadygärligiň açylyş dabarasyna ministrler, oba ýaşululary, ýerli ýaşaýjylar we talyplar, şeýle hem diplomatlar gatnaşdy. Bu waka telewideniýede görkezildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG