Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýowarlar raýatlara has berk gözegçilik etmegiň guralyna öwrülýärmi?


Ýowarçylar
Ýowarçylar

Türkmenistanda işli, okuwly raýatlaryň mugt işledilmegi dowam edýär, türkmen hökümeti adamlaryň çykalgasyz ýagdaýyndan peýdalanyp, olara barha kän basyş görkezýär, meýletin bolmaly ýowar ilaty berk gözegçilikde, başga zada eli ýetmez ýaly edip saklamagyň guralyna öwrülýär diýip, synçylar aýdýar.

Il içinde 'ýowar sütemi' diýilýän jemgyýetçilik zähmetiniň has ýygjamlaşdyrylmagy ýurtdaky durmuş kynçylyklarynyň çuňlaşýan, hökümete garşy tankydyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Býujet edaralarynyň işgärleri, studentler maý aýynyň aýagyna çenli uçdantutma, her altynjy we bazar günlerinde abadançylyk, arassaçylyk işlerine gatnaşmaly edilene meňzeýär diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Azatlyk bir gün öň adamlaryň Lebap sebitindäki, Türkmenabatdaky ýowar mejburlygy hakynda habar berdi. Ýöne Türkmenistanda ýowar ýa-da adamlaryň mugt işçi güýji hökmünde ulanylmagy, bolmanda çärelere çekilip, TW sahnalarynyň ýa-da resmi wagyzda tassyklanýan bagtyýarlygyň janly diwarlaryna öwrülmegi soňky ýyllarda durmuş-ýaşaýyşyň bir bölegine aýlandy.

Häzirki ýowar mejburlygyny görüp, radio bilen söhbetdeş bolan ýaşajylaryň käbiri bu praktikanyň geljekde hepdelik talaba öwrülmeginden alada bildirdi.

"Ýowarlar ozalam her aýda bir ýa iki gezek geçirilýärdi, ýöne soňky wagtlarda ol has bat alýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, paýtagtda okaýan studentler indi bir aýdan gowrak wagt bäri seýilgählerde, köçeleriň gyrasynda işledilýär, gyzlar eli sübseli arassaçylyk işlerini etse, oglanlar ýer depýär, baglary hekleýär, zir-zibil çöpleýär we şuňa meňzeş beýleki işler bilen meşgullanýar.

Edara-kärhanalaryň işgärleri bolsa, uçdantutma öz edaralarynyň daş-töwereginde işledilýär. Bu ýowarlar 20-nji martda başlanan bag ekmek çäresinden başlandy.

Bu ýowarlar, ýazylmadyk kanuna görä, meýletin-mejbury bolup, olara gatnaşmakdan boýun gaçyran adam tasdan tapylmaýar, sebäbi ýowara gatnaşmadyklara ýa işini, ýa okuwyny ýitirmek howpy abanýar.

"Işini ýitirmekden gorkýan adamlar ýokardan berlen islendik görkezmäni ýerine ýetirýär, sebäbi ýurtda işsizleriň sany artmasa, kemelmeýär, adamlar eklençsiz galmakdan gaty gorkýarlar" diýip, ýowarçylaryň biri aýtdy.

"Elbetde, raýatlar dişlerini gysyp, häkimiýetleriň ähli diýýän zadyny etmäge mejbur bolýarlar, ýöne basyş güýçlendigiçe, olaryň içindäki nägilelik, öýke-kine hem ýokarlanýar. Şol bir wagtda-da olar bu soňsuz zulum-sütemden nädip, haýsy ýol bilen gutulyp biljeklerini bilmeýärler" diýip, anonimlik şertinde gürleşen gullukçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Görnüşinden, paýtagtda güýçlendirilen ýowar talaby Aşgabadyň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk bilen bagly. Ýöne Türkmenabatda, Lebap sebitiniň paýtagtynda geçirilýän ýowarlaryň hem, ýerli resmileriň sözlerine görä, 25-nji maýa çenli dowam etdirilmek ähtimallygy bar.

Ikinji tarapdan, ýowarlaryň gürelmegi, adamlaryň abadançylyk, arassaçylyk işlerine barha kän çekilmegi ýurtda adamlara edilýän gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen hem bagly bolup görünýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, polisiýa işgärleri ýowara gatnaşýan adamlara gözegçilik edip, eger işden gaçýar diýip hasaplasalar, olara bellik edýär we suratlaryny alyp, iş ýerlerine ibermek haýbatyny atýar.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý barada paýtagt polisiýasyndan resmi düşündiriş alyp bilmedi. Şol bir wagtda, resmi däl ýagdaýda gürleşen polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, olara "Türkmenistanda diňe güýç gurluşlarynyň işgärleriniň her aýda durnukly aýlyk aýlýandyklary, munuň üçin Arkadaga minnetdar bolmalydygy" duýdurylypdyr.

Bu maglumaty ikinji polisiýa ofiseri hem tassyk etdi. Ýolbaşçylary olara "adamlar işsiz kösenýär, siz bolsa arkaýyn maşgala ekläp bilýärsiňiz" diýipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG