Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Polisiýa pul nagtlaşdyrmakda kösenýän raýata haýbat atýar: "Agzyňy ýummasaň, gowulyga garaşma!”


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň etraplarynda raýatlar aýlyk haklaryny bank kartlary arkaly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Polisiýa ýagdaýa nägilelik bildirýän raýatlardan “sem bolmagy” talap edip, haýbat atýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň etraplarynda, şol sanda Murgap etrabynyň obalarynda raýatlaryň öz aýlyk haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda uly kösençlikleri başdan geçirýändiklerini habar berýär.

“Adamlar etraplaryň medeniýet öýlerinde, orta mekdeplerinde we oba arçynlyklarynda oturdylan bankomatlardan pullaryny nagtlaşdyryp bilmän uly kösençliklere sezewar bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji maýda Marydan habar berdi.

“Pul bankomatlara hepdede bir sapar salynýar. Bir bankomata az mukdarda salynýan pul 40-50 adama-da ýetmeýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna içini dökdi.

Galyberse-de, Marynyň etrap we obalarynda adamlara bankomatlaryň öňünde nobata durmak gadagan edilipdir.

Resmiler prezident we onuň oglunyň abraýyna bankomat nobatlarynyň şek ýetirýändigini aýdyp, bankomatlaryň öňündäki uly nobatlary gadagan edipdirler. Muny Murgabyň bir medeniýet öýünde oturdylan bankomata seredýän bir işgär anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň diýdimzor prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14 ýyl töweregi wagt bäri döwleti dolandyrýar. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistan agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär.

Pandemiýanyň fonunda ykdysady çökgünlik has-da ýitileşýän wagty, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow yzly-yzyna ýokary wezipelere bellenip, öňe çykarylýar. Synçylar onuň “mirasdüşerlige” taýýarlanylýandygyny aýdýarlar.

“Bankomatlaryň öňüne üýşmek gadagan edilýär. Nobatlar Gurbangulynyň we onuň oglunyň abraýyna şek ýetirýär!” diýip, bir medeniýet öýünde oturdylan bankomata seredýän işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Bankomat nobatlary bilen bagly meseläni çözdük. 'Nobat ýok, pul ýeterlik' diýip, kim bilýär, özlerini aldaýarlarmy?” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýurtda ýiti ykdysady krizis, nagt ýetmezçiligi dowam edýän wagty, hökümet tankytçylary döwlet ýolbaşçylaryny emelsizlikde aýyplaýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň obalarynda bankomatlara adamlar köçeme-köçe çagyrylýar. Bir köçäniň ýaşaýjylaryna bir gün, beýleki köçäniň ýaşaýjylaryna başga bir gün pul çekmäge rugsat berilýär.

“Şu hepdäniň 3-nji güni bir köçäniň adamlaryna pul nagtlaşdyrmaga rugsat berildi. Eger adamlaryň kartyna pul geçip ýetişmedik bolsa, onda ol adamlar öz ýaşaýan köçelerine gaýtadan nobat ýetýänçä garaşmaly bolýarlar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde derdini düşündirdi.

“Adamlara telefon edilip, ‘geliň siziň ýaşaýan köçäňize gezek geldi” diýilmese, baryp bankomatyň öňünde durmak gadagan” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, üç aý bäri bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän adamlar bar.

Gara bazarda manat resmi hümmetden 9-10 esse pesliginde galýan wagty, ilatyň aýlyk haklary gara bazara görä ujypsyzdyr. Bu ilatyň satyn alyjylyk ukybyny ep-esli pese gaçyrýar. Ýöne ilat şol ujypsyz aýlyk haklaryny hem nagtlaşdyrmakda kösenýär.

Adamlar pul nagtlaşdyrmakda kösenýän mahaly, habarçynyň maglumatlaryna görä, nägilelik bildirýän adamlaryň öýüne dessine polisiýa gelip, “Agzyňy ýummasaň, diliňi dişiň aňyrsynda saklamasaň, gowulyga garaşma!” diýip, haýbat atýar.

“Bize wagyz edenlerinde, uruş ýok diýýärler, ýöne uruşdan üýtgeşik ýeri ýok. Bir çagam türmede otyr, bir çagam daşary ýurtda işleýär. Körpe oglum ýanymda, ony öýlendirip bilemizok. Beýleki iki çagamy görmäge zar boldum. Haçan bu zatlar dynar!? Bizi halas etjek ýurt ýokmy? Biziň oturyp-turmamyz kynlaşdy. Ölmänkäk çagalarymyzy bir görüp biläýsedik!” diýip, pensiýasyny nagtlaşdyryp bilmedik bir garryja daýza Azatlyk Radiosynyň habarçysyna içini dökdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG