Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal-gyzlardan prezidentiň ejesine meňzemek talap edilýär


Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Kürräýewa (ortada). Arhiw suraty.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Kürräýewa (ortada). Arhiw suraty.

Golaýda Aşgabadyň Döwlet muzeýinde aýal-gyzlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Kürräýewanyň el işleriniň sergisine gatnaşdyryldy. Sergä gatnaşan gelinler ahal ýaşmakly öýme ýaglyk dakyndylar. Serginiň yz ýany muzeýiň maslahatlar zalynda aýallar duşuşygy geçirildi. Ýygnakda aýal-gyzlara el işleri bilen meşgullanmak ündeldi, “ahlak sapaklary” berildi we olardan prezidentiň ejesini nusga almak talap edildi. Şeýle çäreler Mary şäherinde-de geçirildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Aşgabatda geçirilen sergide prezidentiň ejesiniň ýaş wagty, 1970-nji ýyllarda işläp bejeren kürtesi we ýüň joraplary görkezilipdir.

TDH-nyň habaryna görä, 18-nji maýda geçirilen bu çäräni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Medeniýet ministrligi we Zenanlar birleşigi bilelikde gurnapdyr.

“Sergiden soň, hemişe bolşy ýaly, ýasama ýygnak geçirip, her bir türkmen gelin-gyzynyň hökmany suratda el işleri bilen meşgullanmagy, keşde çekmegi, ýaka we tahýa bejermegi başarmalydygy aýdyldy” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler aýal-gyzlardan prezidentiň ejesine meňzemegi, ony özlerine nusga kabul etmegi talap edýärler.

Maryly habarçynyň maglumatlaryna görä, 21-nji maýda Mary şäheriniň “Goşa gumry” toý mekanynda hem birmeňzeş çäre geçirildi.

Bu çäre hem prezidentiň ejesiniň el işlerine bagyşlandy. Çärede milli nagyşlary keşdeleýän tikin maşynlary tankyt edildi we nagyşlaryň elde bejerilmegi ündeldi. Şeýle-de, çäräniň dowamynda aýal-gyzlara nähili ahlakly geýinmelidigi barada “takal okalypdyr”.

“Umuman aýdylanda, hemmeler prezidentiň ejesine meňzemeli” diýip, ýygnaga gatnaşan bir maryly zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şuňa meňzeş ýene bir çäre Marynyň şäher kitaphanasynyň golaýynda geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary gatnaşdyryldy. Bu çäre hem şol bir mazmuna eýe boldy.

Mejbury çärelerde prezidentiň ejesi mahabatlandyrylýar, onuň el işleri öňe sürülýär we aýal-gyzlardan prezidentiň ejesine meňzemäge çalyşmak, ony nusga almak talap edilýär.

Türkmen režimi Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultyny yzygiderli dabaralandyrýar, munuň bilen baglylykda prezidentiň ene-atasy, ogly we agtyklary şöhratlandyrylýar.

Galyberse-de, häkimiýetler döwlet edaralarynda, şol sanda bilim edaralarynda aýal-gyzlaryň arasynda wagtal-wagtal ýygnak geçirip, olaryň nähili geýinmelidikleri barada we zenanlara degişli beýleki çäklendirmeler boýunça ýörite talaplar bilen çykyş edýärler.

Aýal-gyzlaryň Maryda geçirilen soňky duşuşygynda ýüzleri “makiýažly” gelin-gyzlara käýeldi:

“Gadymy döwürlerde aýal-gyzlar ýüzlerine “makiýaž” çalmaýardylar diýip, ýygnakda “makiýažly” oturan gelin-gyzlara käýinç berdiler” diýip, ýygnaga gatnaşyjylaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýygnaga gatnaşyjylar duşuşyklarda diňe prezidentiň ejesiniň el işleriniň mahabatlandyrylýandygyny aýdyp, türkmen eneleriniň umumy bitirýän işleriniň äsgermezçilik edilýändigini aýdýarlar.

“Sergide, hamala, diňe prezidentiň ejesi keşde çekip bilýän ýaly edildi, başga eneleriň edýän azaplary barada ýeke agyz söz aýdylmady” diýip, bir ýygnaga gatnaşyjy aýtdy.

Türkmenistanda her welaýatyň özüne mahsus el işleri, nagyşlary, keşde usullary we amaly-haşam sungatlary bar.

“Biziň ene-mamalarymyz dünýä belli halylary dokaýardylar. Her welaýatyň özüne mahsus nagyşlary bardy. Halylardaky, keçelerdäki we beýleki el işlerindäki nagyşlardan olaryň haýsy welaýata degişlidigini bilip bolýardy” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Ogulabat Kürräýewanyň el işleri döwlet telekanallarynyň üsti bilen hem mahabatlandyrylýar, wagyz edilýär.

Prezident 2018-nji ýylda enä bagyşlap kitap ýazandygyny yglan edenden soň, Ogulabat Kürräýewanyň şahsyýet kulty döwlet mediasynda has-da ýaýbaňlandy. Ýokary wezipeli döwlet emeldarlary prezidentiň öňünde boýunlaryny aşak egip, iki eplenip, prezidentiň ýazandygy aýdylýan kitaby maňlaýlaryna üç gezek degrip, ony ogşaýan görnüşde döwlet telewideniýesinde görkezildi. Aýdymçylar Ogulabat Kürräýewa bagyşlap aýdym ýerine ýetirdiler, ony “bir gahrymany dünýä bermekde” tarypladylar.

Berdimuhamedowyň ejesiniň waspy artýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG