Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejlis prezidentiň 'şahsyýet we maşgala kultuny ýene bir gezek dabaralandyryp', onuň agtygy Kerimgulyny sylaglady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen.

Türkmen parlamenti 30-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijisi yglan etmek barada karar kabul etdi.

Mejlisiň kararynda Kerimguly “ýaş kompozitor”, “aýdymçy” we “sazanda” atlandyrylýar.

Synçylar türkmen mejlisiniň kabul eden bu kararyny Türkmenistanda prezidentiň şahsyýet kultuny we maşgala kultuny dabaralandyrmak ugrunda edilen nobatdaky synanyşyk atlandyrýar.

Bu kararyň öňýany, türkmen döwlet telewideniýesi 28-nji iýunda prezidenti käbir maşgala agzalary bilen bilelikde görkezdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde efire berlen reportažda prezidentiň dört agtygy, şol sanda Kerimguly, prezidentiň ogly Serdar we onuň ýanynda bir gelin maşgala görkezildi.

Döwlet telewideniýesi ilkinji gezek prezidentiň gyz agtyklarynyň atlaryny tutdy hem-de olary Enejan, Aýgül we Aýjeren atlandyrdy.

Mundan ozal, döwlet telewideniýesi prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowy, ejesi Ogulabat ejäni hem-de atasy Berdimuhammet Annaýewi öwgüli sözler bilen mahabatlandyryp, Berdimuhamedowlaryň maşgala kultunyň dabaralandyrylmagyna, synçylara görä, yzygiderli goşant goşup geldi. Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhammedow adynda medal döredildi, Berdimuhammet Annaýewiň ady dürli ýerlere, şol sanda harby mekdebe dakyldy.

Türkmenistanyň mejlisi 30-njy iýunda Kerimguly Berdimuhamedowy “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi yglan etmek baradaky kararyny “halk köpçüliginden gelýän köp sanly isleg-arzuw” hem-de ýeňijileri seçip almak boýunça toparyň towakganamasy bilen esaslandyrdy. Bu toparyň düzümi döwlet metbugatynda aýan edilmeýär. Mejlisiň karary bilen prezidentiň agtygyna prezidentiň altyn zynjyry hem-de 3,500 manat pul sylagy gowşurylýar.

Ondan ozal, 28-nji iýunda Berdimuhamedow 80-den gowrak edebiýat, medeniýet we sungat işgärini “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan etmek hem-de olary jemi 574,000 manat möçberindäki pul serişdeleri bilen sylaglamak barada karar çykardy. Prezidentiň bu kararynda, hamala, bähbitleriň çaknyşygy nazarda tutulýan ýaly, Kerimguly ýeňiji yglan edilmedi.

Munuň yzýany, parlament, hamala, bähbitleriň çaknyşygynyň öňüne geçip, prezidentiň agtygyny sylaglady. Synçylar Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçysynda “bähbit we çaknyşyk” alamatlarynyň onsuz hem göz-görtele görünýändigini aýdýarlar we muny, başga-da ençeme mysal bilen bir hatarda, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipelerine yzygiderli çekilmegi bilen delillendirýärler.

Galyberse-de, prezidentiň altyn zynjyry we müňlerçe manat pul sylagy bilen sylaglanan raýatlaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň baş habarçysy Swetlana Çirsowa, “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň habarçysy Wladimir Zarembo ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem bar. Habarçylaryň hökümet ýolbaşçysyndan pul sylaglaryny kabul edip almagy, Türkmenistanda žurnalistiki etikanyň, synçylara görä, “gözgyny” ýagdaýyndan habar berýär.

Prezident köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen geçirýän duşuşyklarynda olardan ýurtda gazanylandygy aýdylýan “ösüşleri” wagyz etmegi yzygiderli talap edýär.

“Türkmeniň Atyn asyry” atly bäsleşik Türkmenistanda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýär.

Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Bäsleşigiň yglan edilen ýeňijileriniň arasynda başga kimler bar?

Olaryň hatarynda geçen tomus ýurduň içinde we daşynda prezidentiň ölüm habarlary ýaýran wagty, bu habarlara garşy sosial media arkaly “göreşip”, prezidente “wepalylygyny subut eden” türkmen sahnasynyň wekillerine duşmak bolýar.

Olaryň hatarynda “Owaz” telekanalynyň alyp baryjysy Begmyrat Amangulyýew, aýdymçylar Azat Dönmezow, hem-de il içinde “DJ Begga” diýlip tanalýan Begmyrat Annamyradow ýaly raýatlary agzamak mümkin. Şeýle-de, beýleki meşhur aýdymlary bilen bir hatarda “Razy men bu dünýäden” atly aýdymy bilen ýatda galan, hem-de mundan ozal belli bir döwür döwlet mediasynda çykyş etmegine “gadaganlyk” girizilen, ýöne soňky birnäçe ýylyň dowamynda täzeden, synçylara görä, “köşk bagşylarynyň” kerwenine goşulan Akyş Saparow (Akmuhammet Saparow) hem prezidentden altyn zynjyr we 3,500 manat möçberinde pul sylagyny kabul eden raýatlaryň hataryndadyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG