Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Habarçy: Uçar gatnawlary oktýabrda açylar, emma Türkiýä däl


"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

Türkmenistanyň uçar gatnawlaryny gaýtadan açmagyna, hususan-da Türkiýe bilen aradaky ýolagçy uçarlarynyň uçup başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýüzlerçe müň türkmenistanly bolup, olaryň aglaba köplügi Türkiýede ýaşaýar.

Azatlygyň ýerli habarçysy Aşgabat aeroportundaky ynamdar çeşmä salgylanyp, uçar gatnawlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda dikeldilmeginiň mümkindigini habar berýär.

“Ýöne bu maglumat Türkiýe bilen aradaky ýolagçy uçarlarynyň gatnawyna degişli däl, ol ýerden adamlary haýsydyr bir sanawlar boýunça, Türkmenabatda hökmany şertde karantinde saklamak talaby esasynda getirerler” diýip, habarçy sözüni anyklaşdyrdy.

Şeýle-de habarçy, görnüşinden, ygrarlylygyny barlamak üçin, Türkiýeden getirilen adamlaryň ‘ownuk gözli elekden geçirilmeginiň” gaty ähtimaldygyny belledi.

“Türkmenhowaýollary” özüniň Stambul gatnawlaryny ilki geçen ýylyň 26-njy fewralyndan 30-njy marta çenli, wagtlaýyn togtadypdy.

Şonda häkimiýetler bu çäräni koronawirusyň Türkmenistanyň çägine ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen düşündirdiler.

Häzirlikçe kassalarda uçar biletleri satylmaýar we hiç hili resmi maglumat ýok diýip, habarçy aýtdy.

Resmi taýdan tassyklanmadyk habarlara, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmenleriň çaklamalaryna görä, uçar ganawlaryna diňe ähli ilatyň doly sanjymdan geçirilendigi yglan edilenden soň rugsat berler.

“Ilatyň doly sanjym edilmegi, aýdylmagyna görä, hut şol oktýabr aýyna planlaşdyrylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň uçar gatnawlaryny gaýtadan açmagyna, hususan-da Türkiýe bilen aradaky ýolagçy uçarlarynyň uçup başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýüzlerçe müň türkmenistanly bolup, olaryň aglaba köplügi Türkiýede ýaşaýar.

“Pandemiýadan öň hem, yzyma barsam çykyp bilmerin ýa soralýan parany tapmaryn diýip, pasport möhletleri geçen we bikanun ýagdaýa düşen on müňlerçe türkmen bardy, olar 7-8 ýyllap ýakynlaryny görmän ýaşapdy, uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy adamlary gaty erbet etdi” diýip, 45 ýaşyndaky türkmen migranty Azatlyga aýtdy.

Geçen ýyl Lebapda we Maryda gopan harasatlardan ejir çekenelere, şeýle-de Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölen zähmet migrantlaryny jaýlamaga kömek berilmezligi sebäpli, daşary ýurtlardaky aktiwistler Aşgabat hökümetini ozal görülmedik derejede, has açyk tankyt etmäge başladylar.

Türkiýede okaýan türkmen studenti Ömruzak Omarkulyýewiň aldaw bilen ýurduna getirilip, soňra yzyna goýberilmezliginden çen tutulsa, türkmen häkimiýetleri Türkiýede toplanan köp sanly türkmenistanlynyň syýasy aktiwliginiň artmagyndan ozal hem alada edýärdi we soňky wakalar döwletiň öz raýatlaryna edýän gözegçiliklerini has güýçlendirene meňzeýär.

Soňky wagtlarda Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlaryny, şol sanda okuwa giden ýaşlary yzlaryna getirmek tagallalaryny ýygjamlatdy.

Sosial ulgamlardaky çykyşlarynda aýtmaklaryna görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň hem köpüsi watana dolanmak isleýär we uçar gatnawlarynyň tizräkden we köpräkden guralmagyna garaşýar.

Türkiýede dürli kynçylyklara sezewar bolýan, pasportlarynyň möhletlerini uzaltmakda kösenýän, işsiz galan ýa-da keselläp, saglyklaryny bejerdip bilmeýän türkmen raýatlary soňky bir ýylda has köpeldi, olar hökümetiň goldawyna, kömegine mätäç diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen zähmet migrantlary aýdýar.

Şu aralykda, 28-nji maýda Orsýet ýene bir tapgyr raýatyny, 171 adamy Aşgabatdan Moskwa getirdi diýip, “Trend” Türkmenistandaky rus ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Bu ilçihananyň pandemiýa çäklendirmeleri başlanaly bäri gurnan 13-nji uçar gatnawy boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG