Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölenleriň sany 53 adama ýetdi, ýene 'agyr hassalar' bar


Stambul. Saryýer etrabyndaky Kilýos Musewi gonamçylygynda jaýlanan türkmen zähmet migrantynyň mazary. TH-nyň suraty

Türkiýede öý şertlerinde ýasalan arakdan ýogalan adamlaryň sany altynjy gün, 28-nji martda 53 adama ýetdi diýip, soňky birnäçe günde ýogalanlary jaýlamaga gatnaşan türkmen raýaty Azatlyk bilen telefon gürrüňinde aýtdy.

Şeýle-de ol ýene 15 çemesi adam hassahanada bejergi alýandygyny, olaryň käbiriniň ýagdaýynyň gaty agyrdygyny gürrüň berdi.

SonDakika neşiri 14-nji martda Stambulda üç türkmenistanlynyň, koronowirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, zäherlenip ölendigini, ýene bir türkmen raýatynyň "agyr hassadygyny", ýasama arak söwdasy bilen bagly iki türkmenistanlynyň tussag edilendigini habar berdi.

Türk mediasynyň soňky maglumatyna görä, bu waka bilen baglylykda bäş adam "bilkastdan adam öldürmek ähtimallygynda" aýyplanýar.

Azatlygyň çeşmeleri mundan öň 30-dan gowrak türkmen migrantynyň arak zäherlenmesi sebäpli keselhanada bejergi alýandygyny, olaryň aglabasynyň ýagdaýynyň agyrdygyny habar beripdiler.

Şu aralykda, 24-nji martda Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri telefonda gürleşdiler. Emma Raşid Meredow bilen Mewlut Çawuşoglunyň türkmen migrantlarynyň düşen pajygaly ýagdaýy barada maslahat edip-etmändigi belli däl.

Radionyň şu günki söhbetdeşiniň sözlerine görä, ýaramaz hilli arakdan zäherlenen adamlaryň ählisi koronowirus ýokuşmagyndan gorky-howatyr edip, dowla düşüpdirler we özlerine elýeterli bolan arzan araklary diňe içip oňman, endamlaryna hem çalypdyrlar.

Azatlyga mundan öň, 26-njy martda berlen maglumata görä, ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenleriň sany 40-a ýetipdi.


Türkiýäniň "Hürriýet" gazetiniň maglumatyna görä, ýasama arakdan ölen türkmen raýatlarynyň sany 25-nji martda 30-a ýetdi. Şeýle-de neşir ýene 20 adamyň keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde saklanylýandygyny habar berdi.

Şondan soň radionyň Stambuldaky çeşmesi, 23-nji martda ýene bir türkmenistanlynyň zäherli arakdan ölendigini we heläk bolanlaryň jemi sanynyň 40 adama ýetendigini aýtdy.


"Duşenbe güni aradan çykan türkmenistanly ýurduň Mary welaýatyndan bolup, ol 38 ýaşyndady" diýip, gizlinlik şertinde gürleşen çeşme 26-njy martda aýtdy.

Azatlyk pidalaryň garyndaşlarynyň ýogalanlaryň jesetlerini Türkmenistana getirmek synanyşyklaryny edendigini, emma olaryň koronawirus syýahat çäklendirmeleri we serhet ýapylmalary sebäpli býurokratik päsgelçiliklere duçar bolandygyny tassyklady.

Onlarça türkmen raýatynyň Türkiýede zäherli arakdan ölen wagty koronowirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlarynyň çäklendirilýän pursatyna gabat geldi.

Türkmenistan, wirus aladalary esasynda, halkara ýolagçy uçar gatnawlaryny, şol sanda Türkiýe bilen aradaky gatnawlary ilkinji bolup ýatyran ýurtlaryň biri boldy.


Şol bir wagtda, radionyň çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, Türkiýedäki türkmen konsullygynyň işgärleri Aşgabatdan jogaba garaşyp, merhumlaryň jesetleriniň Türkmenistana getirilmegi barada hiç bir çäre görüp bilmändirler. Şondan soň ol merhumlaryň türk topragynda jaýlanyşyny görkezýän wideolar peýda boldy.

Radiony çeşmesi ýogalanlaryň Saryýer etrabynyň Kilýos Musewi gonamçylygynyň kimsizler böleginde, dogan-garyndaşy ýok adamlaryň depin edilýän ýerinde topraga tabşyrylandygyny aýtdy.


Ýurtdan aýralykda koronowirus dowullary esasynda dörän betbatgçylykda wepat bolan zähmet migrantlarynyň jaýlanyşyna türkmen ilçihanasynyň ýa konsullygynyň işgärleri gatnaşmady diýip, radionyň çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de, ýogalanlaryň Türkmenistandaky garyndaşlarynyň hem öz ýakynlary bilen hoşlaşmaga gelip bilmändigi habar berilýär.

Şu aralykda sosial ulgamlarda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň zäherli arakdan ölen türkmenleriň ýas çärelerine gözegçilik edýändigi hakynda maglumat peýda boldy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 27-nji martda habar bermegine görä, şu günler ýaramaz arakdan ölen türkmen migrantlarynyň hatyrasyna her hepde guralýan ýas üýşmeleňlerine, jumalyklara köp adam toplanýar.

Neşiriň maglumatyna görä, ýas çäreleriniň guralýan öýleriniň ýanyna “Toyota Camry” ýa-da “Toyota Corolla” markaly awtoulaglary gelip durýar we olaryň içinde oturan adamlarbolýan zatlara gözegçilik edýär.

Türkmenistan mundan öňki ýyllarda, uçar gatnawlarynyň kadaly wagtynda hem, syýasy garaýyşlary başgaça bolan we daşary ýurtlarda ýogalan türkmen raýatlarynyň jesetleriniň öz ýurdunda jaýlanmagyna ýol bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG