Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalary goramagyň halkara güni üçin çagalar jokrama yssyda bir köpçülik çäresine gatnaşdyryldy


Çagalary goramagyň halkara güni Türkmenistanda geçirilen bir çäre. 1-nji iýun, 2020 ý.

31-nji maýda Mary şäheriniň Bagtyýarlyk seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp çäre geçirildi. Bu çärä mugallymlar, mekdep okuwçylary, kružoklara gatnaýan çagalar hem-de mekdebe çenli bilim edaralaryna gatnaýan çagalar mejbury gatnaşdyryldy. Mejbury köpçülik çäresi Türkmenistanda howanyň temperaturasy rekord derejede ýokarlanýan wagty geçirilýär. Çagalary goramagyň halkara güni her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýär.

“Meteožurnal” neşiriniň howa maglumatlaryna görä, 30-njy maýda Aşgabatda soňky 130 ýylda ilkinji gezek maý aýynda howanyň temperaturasy 45 gradusa ýetdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, iýunyň başlarynda Ahal we Mary welaýatlarynda hem-de Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplarynda howanyň temperaturasynyň +44...+47 gradusa ýetmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Marynyň Bagtyýarlyk seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, jokrama yssyda geçirilen çäre irden 8-den öýlän sagat 2-ä çenli dowam etdi.

Çagalar çäräniň dowamynda milli egin-eşik geýmeli edildiler.

Şaýatlaryň sözlerine görä, köp çaga ýany bilen suw hem almandyr.

“Çagalar suw içesi gelip, mugallymlaryndan suw sorapdyrlar. Çärä gatnaşýan mugallymlar çagalaryň beýle uzak saklanjagyny öňünden bilmändirler. Olar hem taýýarlyksyz çärä gatnaşdylar” diýip, bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda baýramçylyk günlerine we beýleki senelere bagyşlanyp yzygiderli köpçülik çäreleri geçirilýär. Köpçülik çärelerine mekdep mugallymlary, okuwçylar, talyp ýaşlar we beýlekiler ýygy-ýygydan gatnaşdyrylýar. Geçirilýän çärelerde döwlet syýasaty wasp edilýär.

“Ýaş çagalaryň arasynda suwsuzlyga çydaman aglan çagalar hem bolupdyr” diýip, maryly ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Köpçülik çärelerine gatnaşdyrylýan raýatlar onuň dowamynda çäräniň geçirilýän ýerinden başga ýere gitmeli däl.

“Çärä gatnaşan ähli adamlar, şol sanda çagalar kösençlikden başga zat görmediler. Şäheriň içinde bolsalar-da, çagalar birnäçe sagatlap suwsuz, günüň aşagynda durmaly boldular. Bir ýasama wideoýazgy üçin bir topar adamy kösediler” diýip, çärä gatnaşyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda mejbury geçirilýän köpçülik çäreleri telewideniýe üçin wideoýazgy edilýär we köplenç “berkararlyk we bagtyýarlyk” zamanasynyň subutnamasy hökmünde döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Döwlet telewideniýesi ýaş çagalar görkezilýän kadrlarda olary “bagtyýarlyk zamanasynyň” “şadyýan çagalary” atlandyrýar. Ýöne döwlet syýasatyny dabaralandyrmak üçin geçirilýän köpçülik çäreleriniň kynçylyklary, olaryň ýönekeý raýatlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri barada döwlet telewideniýesinde ýeke söz aýdylmaýar. Çärelere köplenç býujet işgärleri, şol sanda magaryf işgärleri we medisina işgärleri, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary gatnaşdyrylýar.

Maryda çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen çäräniň gatnaşyjylary esasan ýaş çagalardan ybarat boldy.

“Çagalar çäre üçin öýlerinden ak gül we ýumşak oýunjak alyp gelmeli edildi” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy 31-nji maýda Maryda howanyň temperaturasynyň 45 gradusdan geçendigini, ýöne muňa garamazdan döwlet telewideniýesine wideoýazgy etmek üçin çagalaryň yssy howada çärä gatnaşdyrylandygyny tassyklady.

Döwlet media serişdeleri we hökümetçi neşirler Türkmenistanda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini tekrarlaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky wagtlarda Maryda gün urup hassahana düşýän çagalaryň köpelýändigini habar berýär. “Howanyň gyzgynlygy 45 gradusdan geçýär” diýip, habarçy aýdýar.

“Ene-atalaryň köpüsi çagalaryna ilki öýünde bejergi aldyrýar. Sebäbi hassahanalaryň pul çykdajylaryndan çekinýärler. Ýazylýan dermanlar gaty gymmat. Bank kartlary arkaly töleg geçirip bolmaýar. Bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bolmaýar. Hassahanada ýatanlaryň köpüsi çagalar baglaryna gatnaýan çagalardan ybarat” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Çagalaryň köpdügi sebäpli hassahanalarda ýer ýok. Hassahanalaryň palatalary hem gyzgyn, diňe “kommerçeskiý” palatalarda kondisioner bar. Ýöne bu otaglar halka elýeterli däl” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kä halatlarda ene-atalar dermana pul tapmansoň, çagalarynyň gyzgyny düşenden soňra, lukmana dilhat goýup, çagalaryny öýlerine alyp gaýdýarlar, öýlerine gaýdan hassalar beterleşse, yzyna hassahana kabul edilýär.

Galyberse-de, habarçy sebitde ýerli hassahanalaryň reanimasiýa bölüminde hassa çagalaryň köpelendigini habar berýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli saglyk işgäriniň sözlerine görä, yssy howada çagalaryň ýygy-ýygydan kesellemegi olaryň witamin ýetmezçiligi bilen bagly.

“Çagalaryň wagtly-wagtynda zerur witaminli iýmitleri iýip bilmeýändikleri hem çagalaryň ýygy-ýygydan kesellemekleriniň iň esasy sebäpleriniň biridir” diýip, saglyk işgäri gürrüň berdi.

Halkara çagalar güni geçirilen çäreler we çagalaryň arasynda ýaýraýan keselçilik barada Azatlyk Radiosynyň Marynyň welaýat häkimliginden kommentariýa almak üçin eden synanyşygy netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG