Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýaýewanyň başlangyjy üçin, IV asyryň taryhy ýadygärligi weýran boldy


Prezidentiň gyzy tarapyndan açylan inisiatiwa merkezi iki ýyldan soň dargady.

Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýaýewa Daşkent welaýatynyň Buka etrabynda, bäş sany prezident başlangyjyny hödürläninden iki ýyl soň, 4-nji asyryň arheologiki ýadygärliginiň ýerinde gurlan ýaşlar toplumy dargap başlady.

Onlarça bina toplumynyň we fitnes merkeziniň gurulmagy iň pes bahadan hasap edilende, döwlet býujetine 2 milliard suma (189 müň dollar) düşüpdir.

Döwrebap binalaryň ýerleşýän belentliginiň eteginde 4-nji asyryň arheologiki ýadygärligi bar. Gum depesiniň aşagynda gadymy Samsarak şäheriniň galyndylary bolup, ony kimiň gurandygy barada anyk taryhy maglumat saklanmandyr.

Ilat arasynda Muhtepa ýa-da Ajdartepa ady bilen tanalýan bu gadymy şäheri 2019-njy ýylda kimiň weýran edendigini Buka etrap kazyýetiniň we prokuraturanyň işgärleri bilýärler.

Buka etrap kazyýetiniň kararyna görä, gadymy şähere ýetirilen zyýan 239 milliard sum (22,6 million dollar) boldy. “Medeni miras” departamentiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gadymy ýadygärlige ýetirilen zyýan Daşkent welaýatynyň Buka etrap jenaýat kazyýeti tarapyndan, 2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda seredilip, kanunçylyga laýyklykda degişli şahslara çäre görlüpdir.

Edaranyň wekiliniň sözlerine görä, Samsarak şäheriniň harabaçylygynyň bir gapdalyndan, ulaglaryň girip-çykmagyna mümkinçilik berer ýaly ýol ýasalyp ötük gurlupdyr hem ol ýerden basgançaklar döredilipdir. Ýadygärlige ýeten zyýanyň möçberi 12 646 kub metre deň.

Daşkent welaýat prokuraturasy "Medeni miras obýektlerini goramak we olardan peýdalanmak barada", "Arheologiki miras desgalaryny goramak we ulanmak" ýaly kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek hakda teklip hödürledi hem-de 4-nji asyryň "Samsarak şäheriniň harabalygy" ýadygärligine zyýan ýetirilmegi bilen baglanyşykly jenaýat işini gozgaldy.

Medeni miras sanawyna girizilen depäniň üstünden döwletiň hasabyna täze bina guran işgärler kazyýet tarapyndan jogapkärçilige çekildi. Şeýle-de bolsa, kazyýetiň kararyna görä, salnan jerime Buka etrap häkimligi tarapyndan tölenmeli edildi. Indi etrap häkimligi ýitginiň öwezine 239 milliard sum tölemeli.

“Medeni miras” departamentiniň habaryna görä, Buka sebitiniň administrasiýasyna 239 milliard sum jerime salyndy, ýöne ol etrapda beýle pul ýok. Gadymy depäniň üstünde Buka etrabynyň administrasiýasy tarapyndan gurlan häzirki zaman binalary kazyýetiň karary bilen “Medeni miras” müdirliginiň balansyna geçirildi.

Bu ýer döwletiň goragynda bolsa-da, hökümet işgärleri tarapyndan weýran edilip, "Samsarak şäher harabalygy" ýatan gadymy depäniň üstünde täze gurlan binalardan, medeni mirasa jogapkär müdirlik indi nädip dynmalydygyny bilenok. Hereket edýän kanunçylyga görä, depäniň üstüne hiç bir ekskawatory ýa-da beýleki agyr gurluşyk tehnikasyny çykaryp bolmaýar.

Taryhyň emri bilen 4-nji asyryň gadymy ýadygärliginiň üstünden, 21-nji asyra degişli haraba peýda boldy.

Häzirki wagtda Özbegistanyň prezidentiniň teklibi hem-de Maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ministrliginiň howandarlygynda döredilen bu ýer öýsüz itleriň hem mallaryň mesgenine öwrüldi.

Arhitektor hem sungaty öwreniji Abdumalik Turdiýew mundan 1600 ýyl ozal gurlan gadymy şäherde dünýäniň arheologlary tarapyndan yzygiderli gözleg işleriniň geçirilýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Gadymy Samsarak şäheri barada Baburnamda-da agzalýar (Beýik Mogol imperiýasyny esaslandyryjy, Emir Temiriň neslinden bolan Zahir ad-din Muhammet Babur ýatlanýar – Red). Şäher gadymy taryhyň Zaratuştaçylyk – otparazlyk döwründe gülläp ösüpdir.

Depäniň aşagynda galan bu şähere zyýan ýetmezligi üçin, ol baryp Sowet Soýuzy döwründe gorag astyna alnypdy” diýip, Abdumalik Turdiýew aýdýar.

Şol döwürde Özbek metbugaty Buka etrabyndaky taryhy depäniň üstünde "bäş başlangyç merkeziniň" açylmagyny "dünýä wakasy" diýip häsiýetlendirdi. 2019-njy ýyldaky dabaralara Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýaýewa ýaly birnäçe resmi işgär gatnaşdy.

Arhitektor Turdiýewiň sözüne görä, "prezidentiň oýlanyşyksyz başlangyçlary netijesinde" häzirki günde köp ýadygärlik howp astynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG