Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bişkek bilen Duşenbäniň gatnaşyklarynyň sowamagy umumy çözgüde nähili täsir eder?


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Gyrgyzystanyň ýolbaşçysy Sadyr Žaparow

Bilermenleriň pikirine görä, Täjigistan bilen Gyrgyzystan soňky döwürde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, möhüm ykdysady taslamalara bilelikde gatnaşýarlar, bar bolan iň möhüm meseleleriň çözgüdi şol gatnaşyklaryň barşyna bagly bolar.

Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde golaýda bolup geçen dartgynly wakalardan soň, 5-nji iýunda taraplar ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak, şeýle hem serhetleri kesgitlemek we araçägi takyk bellemek barada nobatdaky protokola gol çekdiler.

Şeýle-de bolsa, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyk dartgynly bolmagynda galýar, olar kesgitsiz näbellilik döwrüni başdan geçirýärler. Köpçülikleýin habar serişdelerinde, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary doly bes etmek baradaky çagyryşlary synlamak mümkin. Şol bir wagtyň özünde, Duşenbe hem Bişkek sebit meselelerinde möhüm umumy pozisiýa eýeleýärler, olar umumy ykdysady çärelere gatnaşýarlar, sebäbi bu işi togtatmak iki goňşy döwletiň onsuzam gowşak ykdysadyýetiniň geljegine ýaramaz täsir ýetirip biler.

Özüňi çäklendirmek

Täjigistan hem Gyrgyzystan postsowet giňişligindäki, şol sanda sebitdäki iň garyp ýurtlar bolmak bilen olaryň durmuş-ykdysady görkezijilerinde birnäçe meňzeşlikler bar. Bu iki ýurtda uglewodorodlaryň ýoklugy, gatnaw-transport izolýasiýasy saklanyp galýar. Olarda suw we energiýa potensialynyň bolmagy halkara we sebit meselelerinde Duşenbe bilen Bişkegiň pozisiýalaryny köpden bäri ýakynlaşdyryp gelýär. Serhet çaknyşyklary Bişkegiň öz pozisiýasyna täzeden garamagyna sebäp bolana meňzeýär. 24-nji maýda Gyrgyzystanyň hökümeti "serhet meseleleri çözülýänçä" Täjigistanyň graždanlary üçin gatnaşyklary kesdi, olara Gyrgyzystana girmegi, çykmagy, üstaşyr geçmegi we öz çäginde galmagy togtatdy.

Hökümetiň inisiatiwasyny Gyrgyzystanda köpler goldadylar, olaryň pikirine görä, beýle çäklendirme bikanun getirilýän harytlary azaldyp, munuň öwezine Batken welaýatynda gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilip bilinjekdigini belleýärler. Bu inisiatiwa garşy çykýanlar Täjigistan bilen serhetleriň ýapylmagynyň Gyrgyzystanyň Batken sebitine uly zyýan ýetirjekdigi baradaky pikiri öňe sürýärler.​

Transportdan gidroenergetika çenli

Ykdysady meseleler boýunça synçy Paýraw Çorşanbiýewiň pikirine görä, biri-birine garşy çäklendirmeleri girizmek ýurtlaryň onsuzam kynçylykly ýagdaýyny agyrlaşdyryp biler.

Paýraw Çorşanbiýew
Paýraw Çorşanbiýew

– Sebitde biziň köp umumy bähbitlerimiz bar, olar bizi biri-birimizden daşlaşdyrman, eýsem has ýakynlaşdyrmaly, mysal üçin, suw we energiýa meselesini alyp göreliň. Sebitdäki beýleki ýurtlarda uglewodorod baýlyklaryň bolmagy ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Gyrgyzystan bilen Täjigistan suw çeşmeleriniň ýurtlary bolup, olar durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, serhetýaka derýalaryň aşaky akymlarynda, tebigy baýlykdan (nebit we gaz ýaly) käbir diwidentleri almak üçin, bilelikde iş alyp barmaly. Geljekde suwuň bahasy ýokarlanyp, uglewodorodlardan has gymmatly bolar, ýöne bu möhüm çeşmä "kembaha garalmagyny" gysga wagtda aradan aýyrmaly – diýip, Çorşanbiýew aýdýar.

Mundan başga-da, ol bilermen Täjigistandan we Gyrgyzystandan Owganystana we Pakistana elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly CASA-1000 ýaly döwletara taslamalara ünsi çekýär, şeýle hem Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hytaý-Gyrgyzystan-Täjigistan-Owganystan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy ýaly proýektleriň bardygyny aýdýar.

Eýrandaky dünýäniň iň uly portlaryndan biri bolan Bender Abbasa barýan ýoly açýan Gyrgyzystan-Täjigistan-Owganystan-Eýran koridory hem belli bir perspektiwany görkezýär.​

Pes derejedäki ykdysady gatnaşyklar hem kontrabanda

Gyrgyzystandan adyny aýtmak islemedik bir syýasy bilermen iki döwletiň arasynda ýakynlygyň bolmagyna garamazdan, iş ýüzünde olarda hakyky özara taslamalaryň ýokdugyny belleýär. “CASA-1000 taslamasynyň içerki defisit sebäpli amala aşjak-aşmajagy şübheli, serhetler bilen belli çözgüde gelinmese, ýollar meselesi-de sorag astynda galýar, kadaly maýadarlar bolmasa gidroenergetika işleri-de hyýaly taslama. Iki goňşy döwlet üçin bu örän bulaşyk ýagdaý" diýip, gürrüňdeşimiz düşündirýär.

Ol bilermeniň sözüne görä, Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlar Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky sowuk gatnaşyklardan peýdalanýarlar, olar sebitiň suw baýlyklaryna gözegçilik edýän ýurtlar hökmünde häzirki ýagdaýda gidroenergetika taslamalaryny işläp düzüp bilmezler hem-de ony utgaşdyryjy gün tertibine getirmegi başarmazlar.

Täjigistan tarapynyň berýän maglumatyna görä, 2020-nji ýylda Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 36,8 million dollar boldy, munuň özi Täjigistanyň söwda dolanyşygynyň 0,8%-ni we Gyrgyzystanyň söwda dolanyşygynyň 0,6%-ni düzýär.

Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetiniň habaryna görä, soňky 5 ýylda ýurtlaryň arasyndaky söwda ösýär. Ol 2019-njy ýylda 67 million dollara ýetdi, ýöne 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli 37 million dollara çenli aşaklady.

Täjigistandan Gyrgyzystana oba hojalyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny ugradýar, Gyrgyzystandan – ýangyç we çalgy ýaglary, un, Hytaýdan getirilýän gündelik ulanylýan serişdeler we ş.m.ler eksport edilýär.

Takyk serhetleriň ýoklugy sebäpli kölegede aýlanýan, ýagny hasaba alynmaýan söwda dolanyşygynyň has ýokary bolup biljekdigini bilermenler kepillendirýärler.

Parwiz Mullojanow
Parwiz Mullojanow

Garaşsyz analitik Parwiz Mullojanow bu çäklendirmelerden iki ýurduň ýaşaýjylarynyň ejir çekjekdigini aýdýar. Bir tarapdan, Sogd sebitinde azyk senagatyny öndürijileri bar, beýleki tarapdan Batken sebitiniň ýaşaýjylary, olar indi Oş we Bişkekden has gymmat haryt satyn almaly bolarlar. “Mundan daşary-da, Gyrgyzystanda köp adam harytlary alyp satmakdan, şol sanda Täjigistana satmak arkaly pul gazanýardy. Bu ýurt owal başdan transport aragatnaşygyna eýediler” diýip, Mullojanow aýdýar.

Bilermeniň sözlerine görä, Täjigistan eýýäm öz ugruny üýtgedip başlady. “Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýdan getirilen harytlaryň käbiri indi Kulmadan, ýangyç Türkmenistanyň üsti bilen, beýleki önümler bolsa tranzit arkaly Özbegistanyň üstünden ugradylýar. Muňa garamazdan, kiçi telekeçiler bu zarbany duýarlar "diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Täjigistan-Gyrgyzystan serhediniň uzynlygy 970 km-den gowrak, şu güne çenli şol aralykdan diňe 504 km. bölekde demarkirowka geçirildi. Serhediň jedelli çäklerinde bolsa ýer bölekleri sebäpli, suwuň bölünişi, bikanun serhet geçelgeleri, şeýle hem milletara düşünişmezlikler sebäpli häli-şindi gapma-garşylyklar ýüze çykyp durýar.

Iki ýurduň serhedinde soňky ýaragly çaknyşyk 28 we 29-njy aprelde bolup geçdi. Gyrgyz häkimiýetleri çaknyşyklarda 36 adamyň ölendigini, 183 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Täjigistan häkimiýetleri 19 adamyň ölendigini we 87 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG