Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap prezidentiň doglan gününiň öň ýanyna gabat gelýän Medeniýet hepdeligine taýýarlanýar


Ak öý. Mary. 25-nji noýabr, 2015 ý. Arhiw suraty.
Ak öý. Mary. 25-nji noýabr, 2015 ý. Arhiw suraty.

Türkmen hökümeti öňümizdäki günlerde Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy görülýän taýýarlyklaryň jikme-jikligi barada sebitden habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, medeniýet günlerine taýýarlyk çäreleriniň çäginde, bir hepde bäri, Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňünde ýörite sahnalar we tribunalar gurulýar. Galyberse-de, şäherde ýerleşýän Magtymguly Pyragy seýilgähinde rekonstruksiýa işleri geçirilipdir.

Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni 2017-nji ýyla çenli 18-nji maý Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenilýärdi. Ýöne soňra aýdylmaýan sebäpler esasynda bu şygryýet güni iýunyň aýagynda medeniýet günleri bilen bilelikde bellenip geçilmeli edildi.

Medeniýet günleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýun – doglan gününiň öň ýanyna gabat gelýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda ýerleşýän Magtymguly Pyragy seýilgähinde abadanlaşdyryş işleri tamamlandy. Şeýle-de, medeniýet hepdeligi üçin welaýata geljek myhmanlary gatnatmaga niýetlenen ýörite awtobuslar gözegçilikden geçirildi. “Bu awtobuslar diňe uly çärelerde ammarlardan çykarylýar” diýip, habarçy aýdýar.

Şeýle-de, Medeniýet hepdeliginiň ilkinji günlerinde Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýüniň” açylyş dabarasynyň geçirilmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosy ak öýde gyssagly alnyp barylýan gurluşyk işleri barada ýaňy-ýakynda habar berdi. Ak öýüň gurluşyk meýdançasynda bir işçi 4-nji iýunda huşuny ýitirdi we ol 5-nji iýunda Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynda aradan çykdy. Habarçynyň soňky maglumatlaryna görä, şu günler ak öýüň depesine bezeg çyralaryny oturtmak işleri alnyp barylýar, şeýle-de öýüň töweregi abadanlaşdyrylýar. Döwlet metbugaty ak öýüň gurluşygynda aradan çykan gurluşykçy barada habar bermeýär.

“Ak öýüň gabadyndaky köçä täze asfalt düşeldi” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, şäheriň şa ýollary şu günler ýörite suw ulaglary bilen ýuwulýar; jemagat hojalygynyň işgärleri köçelerdäki suwlary sübse bilen arassalaýar.

Habarçy medeniýet hepdeliginiň ahyrynda asmana “salýut atmagyň” meýilleşdirilýändigini, munuň bilen baglylykda ak öýüň gabadynda ýerleşýän sport toplumynda ýörite işleriň alnyp barylýandygyny habar berýär.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda hökümet medeniýet işgärlerine ýygy-ýygydan ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri wasp etdirýär. Munuň şeýledigini, döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarda efire berilýän gepleşiklerde görmek bolýar.

11-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda “medeniýetiň we sungatyň gülläp ödýändigini” aýtdy. Ol bu sözler bilen her ýyl geçirilýän “döredijilik çäresiniň” ähmiýete eýedigini aýtdy

Türkmenistanda geçirilýän köpçülik çäreleri diňe döwlet syýasatyny wagyz etmäge we ony wasp etmäge gönükdirilýär. Syýasatyň waspyny ýetirmekde çagalar, býujet işgärleri, medeniýet işgärleri, sportçylar we beýleki pudaklaryň işgärleri ulanylýar.

Öňümizdäki medeniýet günleri ýurtda ýitileşen ykdysady krizisiň, azyk harytlarynyň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, medeniýet hepdeliginiň öň ýany Türkmenabatda ähli dükanlarda emeli çörek bolçulygy döredildi we nobatlar azaldyldy.

Galyberse-de, habarçy medeniýet hepdeliginiň öň ýany ministrleriň Lebap welaýatyna iş saparlaryny amala aşyrýandyklaryny, köpçülik çäresiniň öň ýany ähli pudaklarda barlag işleriniň alnyp barylýandygyny, şeýle-de medeniýet hepdeligi geçýänçä ähli gulluklarda güýçlendirilen režimiň güýje girizilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, şäherde agyz suw, gaz we tok üpjünçiligini üznüksiz ýola goýmak üçin işler alnyp barylýr.

Habarçy taýýarlyk çäreleri bilen baglylykda energetika ministriniň welaýata ýörite sapar amala aşyrandygyny habar berdi.

Döwlet metbugatyna görä, Medeniýet hepdeligi Lebap welaýatynda 22 – 27-nji iýun aralygynda geçiriler. 11-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, hedepligiň dowamynda konsertler, täze desgalaryň açylyş dabaralary, çeper filmleriň premýeralary, kino sungatynyň wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Resmi metbugata görä, medeniýet günlerinde Kerkide aeroport, Türkmenabatda “Ak öý”, Farapda “Çagalar dünýäsi” dynç alyş merkezi açylar.

Ýöne resmi metbugat hepdelige görülýän taýýarlygyň hysyrdylary barada habar bermeýär.

Ýurtda şu wagta çenli geçirilýän medeniýet hepdeliklerinde döwlet syýasaty giňden wasp edilýär. Geçirilýän medeni çärelerde ýurt baştutanyna şöhrat sesleri ýaňlandyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, medeniýet hepdeligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň edil öň ýanyna gabat gelýär.

2013-nji ýylyň iýunynda Berdimuhamedow özüniň 56-njy doglan gününe meşhur amerikan ýyldyzy Jennifer Lopezi çagyrdy. Lopez prezidentiň doglan gününde aýdym aýtdy. Ýaş toýda russiýaly aýdymçy Filip Kirkorow, türkiýeli Mustafa Sandal we arap ýyldyzy Nensi Ajram dagylar aýdym aýtdylar.

Şonda Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy Lopeziň Türkmenistana saparyny özüniň gurnandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG