Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Darganataly mehanizatorlar üç aý bäri özlerine hak tölenilmeýändigini aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Darganatada Tehnikalara hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary özleriniň mart aýyndan bäri eden işlerine hak tölenilmeýändigini aýdýarlar. Mehanizatorlar bu mesele boýunça ýerli häkimiýetlere şikaýat bilen ýüz tutupdyr, ýöne ýerli resmiler olaryň talabyny kanagatlandyrmaýar.

Şu günler türkmen mediasy ýurtda kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, şol sanda kombaýnçylaryň ähli şertlerden hoşaldyklaryny tekrarlaýar, ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, darganataly mehanizatorlar üç aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmeýär.

Habarçy olaryň töleg meselesi bilen baglylykda ýerli resmilere şikaýat bilen ýüz tutandyklaryny habar berýär. Ýöne ýerli häkimiýetler olaryň arz-şikaýatlaryna haýbat bilen jogap beripdirler.

“Halamasaňyz, işiňizi taşlaň-da gidiberiň! Siziň ornuňyza müň traktor sürüjisini taparyn. Pandemiýa döwründe näçe diýsek işsiz tapylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli resminiň mehanizatorlara beren jogabyny sitirleýär.

Ýöne pandemiýadan ozal hem Türkmenistanda ilat, garaşsyz media maglumatlaryna görä, giň ýaýran işsizlikden ejir çekýärdi. Eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidip, çylşyrymly şertlerde zähmet çekýän ýüzlerçe müň türkmen migrant işçisi Türkmenistandaky işsizlige şaýatlyk edýär.

“COVID-19 ýene iki ýyl dowam etse, alaçsyzlykdan dyz çöküp, iş sorap gelersiňiz!” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli resminiň sözlerini sitirlemäge dowam etdirýär.

“Resmiler mehanizatorlaryň çäresiz ýagdaýlaryndan peýdalanýarlar” diýip, bir darganataly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Resmi habarlara görä, döwlet mediasynda çykyş edýän kombaýnçylar özlerine eden işlerine görä bir gektar ýerden ýygnalan galla hasyly üçin 14 manat 30 teňňe töleg tölenilýändigini aýdýarlar.

Ýöne Lebap sebitinde býujet işgärleriniň aýlyk tölegleriniň tölenilmeginde ýüze çykýan bökdençlikler barada Azatlyk Radiosy mundan ozal habar berdi.

Ýatlasak, mart aýynda Darganata etrabynda magaryf işgärleriniň we lukmanlaryň aýlyk haklarynyň 50 göterimi pul bilen, galan 50 göterimi Türkmenistanda öndürilýän harytlar bilen tölenilmeli edildi.

Aprelde sebitiň nebiti gaýtadan işleýän zawody, ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, işgär sanyny 30 göterim kemeltmeli boldy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, aýlyk haky problemasy bilen bagly mehanizatorlaryň bildirýän şikaýatyna Tehnikalara hyzmat ediş kärhanasynyň jogapkär işgärleri we Darganatanyň etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň ýolbaşçylary äsgermezlik bilen we haýbat bilen jogap beripdirler.

Şeýle-de, habarçy ýerli häkimiýetleriň dowam edýän galla möwsüminden oňyn netijä garaşmaýandyklaryny habar berýär.

“Bugdaý hasyly pes” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, onuň sözlerine görä, kombaýnlaryň çykdajylary sürüjileriň boýnuna ýüklenýär.

“Bergidar çykan kärendeçilerden bergilerini döwlete tölemek talap edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Şu günler Türkmenistanda orak möwsümi dowam edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky günlerde ýokary derejeli oba hojalyk resmileri bilen yzly-yzyna iş maslahatyny geçirýär.

Döwlet mediasyna görä, 14-nji iýunda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly daşoguzly bir kombaýnçy bilen söhbetdeş bolupdyr. Ol efirde aýlyklarynyň wagtynda berilýändigini aýdýan görnüşde we Berdimuhamedowa gaýta-gaýta alkyş sözlerini aýdýan görnüşde görkezildi.

Döwlet mediasy darganataly mehanizatorlaryň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG