Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda hususy taksi nyrhlary iň azyndan ýarym esse ýokarlandy


Maryly hususy taksiçiler (arhiw suraty)
Maryly hususy taksiçiler (arhiw suraty)

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde, barha ýitileşýän maliýe we azyk krizisiniň arasynda, soňky günleriň dowamynda taksi kireýleriniň nyrhy iň azyndan ýarym esse ýokarlandy. Bu onsuz hem pulsuzlykdan kösenýändigini aýdan ilata goşmaga urgy boldy. Şol bir wagtda, öz awtoulaglarynda adam gatnadýanlar nyrhy “alaçsyzlykdan” galdyrmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Ozallar Maryda [takside] iki manada şäheriň islendik künjegine baryp bolýardy. Indi adam başyna üç manat bermeseň, ulaga hem mündürmeýärler. Eger-de ara has uzak bolsa, taksiniň nyrhy 4-5 manada çenli hem ýetýär” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 26-njy iýunda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz şäheriň çetki, şol sanda ‘Galkynyş’, ‘Şamyradow’, ‘Garagum’ ýaly ençeme köçesinde jemgyýetçilik transportynyň asla ýöremeýändigini, taksileriň nyrhlarynyň hem ýokarlanmagy bilen, adamlaryň köpüsiniň tomsuň jokrama yssysynda barjak ýerine ýöräp aşmaly bolýandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Durşuna gymmatçylyk. Tomsuň gelmegi bilen, gök önümler arzanlar öýtdük welin, olaryň bahasy hasam ýokarlandy. Işläp alýan aýlygymyz, iýjek çöregimize hem ýetmeýär. Derman almaga-da gurbumyz çatmaýar. Kellämiz agyrsa-da, ony elimiz bilen basyp, yzasyny aýyrjak bolýarys. Taksileriň nyrhy hem artdy. Indi bir ýere barjak bolsaň, günüň aşagynda ‘beýniňi gaýnadyp’ ýöräp aşmaly” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran marylylaryň biri nägileligini bildirdi.

Bu aralykda, işsizlik zerarly öz awtoulaglarynda adam gatnadýan hususy taksiçiler nyrhlary özlerine bagly bolmaýan ýagdaýlar sebäpli ýokarlandyrmaga mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

“Ýol kireýini galdyrmakdan başga alajymyz ýok. Ulagyň ätiýaçlyk şaýlary hem dowamly gymmatlaýar. Iň azyndan ulagyň ýagyny çalyşjak bolsaň, iň pes hilli ýagy guýduraňda hem 300 manat bermeli. Ozal her ýag çalşylanda, onuň filtrini hem täzeleýärdik. Indi diňe dördünji gezek ýagy çalşanymyzda, täze filtr oturdýarys. Ulagymyzyň has tiz sandan çykýanyny bilsegem, başga alajymyz ýok. Biz hem bu işsizligiň, gymmatçylygyň arasynda çörek puluny tapmaly, maşgala eklemeli” diýip, efirde adynyň Parahat diýlip üýtgedilip tutulmagyny soran 50 ýaşlaryndaky maryly hususy taksiçi aýtdy.

“Biziň hem her günümiz gaýgy-gamda geçýär. Bir jaýda öýlenjegi öýlendirip bilmän, göçjegi göçürip bilmän 6 adam bolup ýaşaýarys. Çagalara agram bolmaly diýip, aýalym bilen jaýyň gapdalyndaky kepbä göçdük. Ýollaryň açylan pursady, bir minudam durman, Türkiýä gitjek. Ömrüň soňky ýyllaryny bu gabahatda geçirerin öýtmändim” diýip, Parahat ýerli habarçymyza nägileligini bildirdi.

Habarçymyz şäherara taksileriň nyrhlarynyň hem iki esse gymmatlandygyny, ozal Mary-Murgap aralygy üçin adam başyna bäş manat soralan bolsa, häzir 10 manat talap edilýändigini belledi.

Resmi metbugatda döwletiň satyn alýan awtobuslary, taksileri barada berilýän maglumatlara garamazdan, ýurduň ilaty sebitleriň ählisinde hususy taksiçileriň işine mätäç bolmagynda galýar.

Umumy ykdysady çökgünligiň we gymmatçylygyň arasynda taksileriň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen, türkmen häkimiýetleri öz awtoulaglarynda adam gatnadýan we emeli ýagdaýda kynlaşdyrylandygy aýdylýan ulag hyzmaty meseleleriniň çözgüdine goşant goşýan raýatlaryň garşysyna hem göreşmegini dowam etdirýärler.

Azatlygyň ozal hem habar berişi ýaly, aprelde ýol gözegçiligi polisiýasy Türkmenabatda, Farapda öz awtoulaglarynda adam gatnadýan sürüjileriň onlarçasynyň mikroawtobuslaryny ellerinden alypdy.

Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, öz awtoulaglarynda taksiçilik edip, agyr ykdysady şertlerde maşgala eklemäge çalyşýan raýatlaryň ulaglary patentsiz “bikanun gazanç edýändikleri” sebäpli ellerinden alynýar we bu mesele köplenç jerime ýa-da para-peşgeş bilen çözülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG