Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda howa 50 gradusdan aşa gyzýar, tozanly tupan turýar


Aşgabat, iýun, 2021
Aşgabat, iýun, 2021

Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa saklanýar. Howanyň temperaturasy 50 gradusdan geçýär. Aşa yssy howanyň fonunda Aşgabatda tozanly tupan döredi we ýurtda içimlik suw hem-de elektrik üpjünçiligi problemasy hasam ýitileşdi.

Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda yssydan ýaňa asfalt ereýär, infrastruktura üpjünçiligi sandan çykýar, elektrik togunyň güýji gaçýar we suw üpjünçiligi kesilýär. Howanyň temperaturasy 46 gradusdan ýokary bolup, käbir sebitlerde 50 gradusdan geçýär.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň belleýşi ýaly, howa prognozlary 7-nji iýula çenli temperaturanyň ýene-de ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Soňky 5 ýylda bu sebitdäki temperatura rekordy +55 gradusa ýetipdi.

1-nji iýulda yssy howanyň fonunda, Aşgabatda güýçli ýel, tozanly tupan we ýagyş boldy.

Habarçylaryň sözlerine görä paýtagtda güýçli ýel bilen turan tozanly tupan birden başlanyp, ýyldyrym çakypdyr we güýçli ýagyn bolupdyr.

"Iki gün güýçli yssydan soň ýagan ýagyn biraz ýeňillik getirdi. Irden ýagyndan soň hemme zat çalt gurady, ýöne sagat 10-da käbir ýerlerde ýygnanan suw entek bardy" - diýip, aşgabatly habarçy aýtdy.

Tozanly güýçli şemal günüň ertesi hem saklandy, howa yssy boldy.

Habarçylar günortan tozanly bolandygyny we ýollarda tozandan ýaňa uzak aralygyň görünmändigini habar berdiler.

Soňky günlerde adaty bolmadyk yssy howa suwuň we elektrik togunyň ýetmezçiligi meselesini hasam kynlaşdyrdy.

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi agyz suwunyň ýetmezçiligini başdan geçirýärler we uzak wagtlap elektrik toksuz galýarlar.

Hususan-da, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda, Lebap birleşik, Garawul ýaly birnäçe oba azyndan üç gün elektrik energiýasyz galýar. Bäş gün bäri Ýaşlyk obasynda elektrik togy ýok. Gündogar welaýatynyň köp ýerinde gündiz birnäçe gezek elektrik togy kesilýär.

Köpler üçin, ilkinji nobatda-da maddy taýdan kynçylyk çekýän maşgalalar üçin agyz suwy elýeterli däl.

Lebapdaky habarçylarymyz köpçüligiň ýörite ulagly suw satyn alyp, howuzlaryna guýdurýandygyny, mundan başga-da, çüýşeli suw satyn almaly bolýandygyny aýdýarlar. Şu günler 20 litrlik suw 5 manada satylýar. Şeýlelikde bir ortaça maşgalanyň bir günde içjek 60 litr suwy 15 manada durýar.

Azatlygyň habarçylarynyň habaryna görä, hatda şäherlerde-de köpler gündiz kondisioner ulanyp bilmeýärler. Elektrik simlerindäki toguň güýji talap edilişinden pes bolýar we elektrik ulgamynyň näsazlygyna sebäp bolýar. Türkmenabatda sowadyjylary ulanmak mümkinçiligi diňe ýary gijeden soň döreýär.

Bu ýagdaýda hojalyk tehnikasy köp sandan çykýar we olary abatlamak üçin ussalara ýüz tutýanlar köpelýär. Azatlygyň habarçylaryndan biri ussa üç günden gowrak garaşmaly boldy.

Ussalar bolsa, elektrik togunyň güýjüniň 220-den 140 wolta çenli peselýändigini we köplenç sowadyjy enjamlaryň döwülmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bejermegiň bahasy 300 manatdan başlanýar.

Türkmenistanda, şol sanda Lebapda elektrik togy yzygiderli kesilýär.

Täze energiýa desgalarynyň gurulýan we işe girizilýän, şeýle-de elektrik energiýasynyň eksportynyň artýan wagtynda Türkmenistanda içerki energiýa ulgamynyň tehniki mümkinçilikleri talaba laýyk täzelenmeýär. Mundan başga-da, şu ýylyň we geçen ýylyň bahar aýlarynda bolan tupan Lebap welaýatynyň infrastrukturasyna uly zeper ýetirdi.

Şu günler türkmenistanlylar yssydan goranmak üçin dürli mümkinçilik gözleýärler.

Marydaky habarçymyz: "Diňe bir adamlar däl, eýsem öý haýwanlary hem kölege gözläp ýörýärler" diýip, belledi.

Yssyda maska dakynmak talaby hem adamlary köseýär.

Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri soňky günlerde maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçiligi ýene güýçlendirdi. Bu maskalary "nädogry dakynanlary" tutmak we jerime salmak ýagdaýlarynyň köpelmegine getirdi.

Habarçylar şu günler adatdan daşary yssy howa garamazdan, ähli sebitlerde dükanlarda, bankomatlarda we dürli edaralarda duran adamlaryň ullakan nobatlaryny görüp bolýandygyny belleýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG