Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Täze Sinjiangy gurýarys». Hytaýyň dünýä belli gözgyny sebitinde žurnalistler nämeleri gördüler


Roýter (iňlisçe – Reuters) habar gullugynyň iki habarçysy iki hepdeläp Sinjiangda boldular. Olar Hytaýyň bu sebitindäki syýahatçylyk ýerleriň örän gözgyny lagerleriň gapdalyndan başlanýandygyny, howpsuzlyk işgärleriniň bolsa mydama aýak üstünde durýandyklaryny aýdýarlar.

«Hytaýyň Sinjiang sebitine gelenlere belli bir maksada – mazmuna eýerilip döredilen seýilgähler hem-de bu sebitiň musulman uýgur medeniýetiniň aýratynlyklary barada gürrüň berýän täze syýahatçylyk merkezleri teklip edilýär. Şol bir wagtyň özünde-de, ýokarlandyrylan gözegçilik çäreleri we döwlet gözegçiligi äşgär görünýär» diýip, Roýter agentliginiň habarçylary Keýt Kadell bilen Tomas Piter ýazýarlar.

Syýahatçylar ýylgyryp, milli egin-eşikde, ýurdy dolandyryjy Kommunistik partiýany wasp edýän reklama bannerleriniň arasynda surata düşýärler.

Milli egin-eşikdäki aktýorlaryň çykyşy. Maý aýynyň baýramçylyk günlerinde, gadymy Kaşgar şäheri köp sanly syýahatçyny kabul edýär. 2021-nji ýylyň 4-nji maýy.
Milli egin-eşikdäki aktýorlaryň çykyşy. Maý aýynyň baýramçylyk günlerinde, gadymy Kaşgar şäheri köp sanly syýahatçyny kabul edýär. 2021-nji ýylyň 4-nji maýy.

BMG we garaşsyz barlagçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Hytaý soňky birnäçe ýylyň dowamynda, Sinjiang welaýatyna ýöredýän basyş çärelerinden, özüni goramaga synanyşýar. Aslynda 2016-njy ýyldan bäri milliondan gowrak ýerli ilaty, şol sanda gazaklary, uýgurlary “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş merkezlerine” saldy. Muny Pekin “ekstremizmi ýok etmek” tagallasynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirýär.

Sinjiangda nämeler bolup geçýär?

Hytaý Sinjiangy dürli milli toparly, dünýewi, ýerli syýasatlara berlen watançylar hem-de hytaý dilinde gürleýän halk etmäge synanyşýar. Şonuň bilen birlikde-de, ol sebitiň syýahatçylary özüne çekmegini isleýär. Ol ýere toparlaýyn syýahatlary guramak üçin, her ýylda trillion ýuan sarp edilýär.

Pekin žurnalistler Sinjiangda erkin hereket edip bilýär diýse-de, Roýteriň habarçylarynyň sebite eden iki hepdelik syýahatynda, olar dürli geýimli adamlar tarapyndan, gije-gündiz yzygiderli yzarlanypdyr.

Sinjiangda Roýteriň žurnalistlerini näbelli biri birnäçe günläp yzarlap gezdi. 2021-nji ýylyň 6-7-nji maýy.
Sinjiangda Roýteriň žurnalistlerini näbelli biri birnäçe günläp yzarlap gezdi. 2021-nji ýylyň 6-7-nji maýy.

Habarçylar bu adamlaryň kimdigini anyklap bilmediler; ýakynlaşjak bolanlarynda, olar gaçdylar, ýüz tutanlarynda jogap bermediler.

Žurnalistler Kaşgardaky myhmanhananyň arka ýüzündäki gapydan çykanyndan bir sagatdan soň, ol gapyny gulplap, tikenekli simler bilen örtdüler, ýangyn bolanda gaçyp çykmaly gapylar hem gulplanypdyr.

Kaşgaryň köçesinde duran polisiýa gullukçylary hem olaryň awtoulaglary. 2021-nji ýylyň 4-nji maýy.
Kaşgaryň köçesinde duran polisiýa gullukçylary hem olaryň awtoulaglary. 2021-nji ýylyň 4-nji maýy.

Uçar Sinjiangyň paýtagty Urumçy şäherine gonandan soň, polisiýa egin-eşikliler uçaryň içine girip, habarçylary beýleki ýolagçylaryň gözüň aldynda uçuş-gonuş zolagyna äkitdiler. Žurnalistleriň şahsyýetini anyklaýan dokumentlerini surata düşürdiler hem-de olaryň galmak isleýän myhmanhanasynyň adyny goşmak bilen jikme-jiklikleri ýazga geçirdiler.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi we Sinjiang welaýat häkimligi sebitdäki gadaganlyk çäreleri we syýahatçylyk ambisiýalary barada düşündiriş bermek haýyşlaryna jogap gaýtarmadylar.

Uçar Urumçy aeroportuna gonandan soň, poliseýler uçaryň içine girip, žurnalistleri terminala alyp bardylar. 2021-nji ýylyň 5-nji maýy.
Uçar Urumçy aeroportuna gonandan soň, poliseýler uçaryň içine girip, žurnalistleri terminala alyp bardylar. 2021-nji ýylyň 5-nji maýy.

«Sinjiangdaky ýagdaýlaryň beýan edilişi, ýagny daşary ýurtly žurnalistleriň işleri hakda aýdylanda, Hytaý elmydama aýdyňlygy we hoşniýetliligi saklap geldi» diýip, beýanatda aýdylýar hem şol wagtyň özünde žurnalistleriň Hytaýyň sebitdäki kanunlaryna berk boýun bolmalydyklary mälim edilýär.

«GOWY SINJIANGY GURMAK»

Sinjiang welaýatynyň günortasyndaky käbir baryp göräýmeli täze gözel ýerler Pekiniň ekstremistlere garşy kampaniýasyny goldamak üçin gurlan lagerlerden we türmelerden uzakda däl.

Hotandan beýle bir uzakda bolmadyk Kaşgar etrabyndaky berk düzgünli türme. 2021-nji ýylyň 28-nji apreli.
Hotandan beýle bir uzakda bolmadyk Kaşgar etrabyndaky berk düzgünli türme. 2021-nji ýylyň 28-nji apreli.

Kaşgarda uýgur sazandalarynyň ajaýyp çaý dükanynyň eýwanyndan syýahatçylar üçin saz çalan wagtynda, eli galkanly hem dürreli onlarça polisiýa sazandalaryň gapdalyndan çykdylar – ol ýerde nobatçylaryň çalşygy boldy.

Erkek adamlar Remezan aýynda agyz açýarlar. Hotandaky Jaman metjidi. 2021-nji ýylyň 29-njy apreli.
Erkek adamlar Remezan aýynda agyz açýarlar. Hotandaky Jaman metjidi. 2021-nji ýylyň 29-njy apreli.

Sinjiangyň şäherlerindäki köçelerde hem oba ýerlerinde Kommunistik partiýany wagyz edýän materiallary, etnik jebisligi ileri sürýän şygarlar ünsi çekýär.

Uly reklama tagtalarynda ýylgyrýan uýgur çagalarynyň arasynda prezident Si Jinpiniň durandygyny görüp bolýar. Hotanyň etegindäki kiçi obalarda ekstremizmiň erbetlikleri barada duýduryşlar hem daşdan döredilen nagyşlar bilen uýgur we han maşgalalarynyň bagtly durmuşy şekillendirilýär.

Kaşgaryň senagat parkyndaky Hytaýyň prezidenti Si Jinpiniň saparyny şekillendirýän plakat. 2021-nji ýylyň 3-nji maýy.
Kaşgaryň senagat parkyndaky Hytaýyň prezidenti Si Jinpiniň saparyny şekillendirýän plakat. 2021-nji ýylyň 3-nji maýy.

Urumçydaky ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň alnynda: «Etnik jebisligi guruň, hytaý durmuşyny guruň, Sinjiangy gowulandyryň» diýen banner bar.

Çanji şäherindäki bir banneri: «Her etnik toparyň watana berýän goldawyny elmydama güýçlendiriň» diýen çagyryş bezeýär.

Hytaýyň syýahatçylyk akymy ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli sebit üçin täze girdeji çeşmesini açmagy göz öňünde tutýar, şeýle-de bolsa ol iş esasan içerki syýahatçylara gönükdirilipdir. Hytaý şu ýyl Sinjianga 200 milliondan gowrak adamyň syýahat etmegine garaşýar we onuň 2025-nji ýyla çenli 400 million adama ýetmegine umyt bildirýär. Geçen ýyl bu görkeziji 158 million adam boldy.

Urumçynyň golaýyndaky Çanji şäherindäki metjidiň minarasynyň bir bölegi. 2021-nji ýylyň 6-njy maýy.
Urumçynyň golaýyndaky Çanji şäherindäki metjidiň minarasynyň bir bölegi. 2021-nji ýylyň 6-njy maýy.

ABŞ hökümeti Sinjiangda ýerli ilaty internirlemek programmalary, aýallarda mejbury sterilizasiýa geçirmek we işçi güýjüni köpçülikleýin

ondan-oňa geçirmek hereketleri üçin, genosid aýyplamalary bilen Hytaýyň ençeme resmi çinowniklerine garşy sanksiýa girizdi.

Pekin genosid aýyplamalaryny ret edýär hem dartgynlygy güýçlendirýän separatistleri we dini ekstremistleri ýok etmek maksady bilen Sinjiangda şeýle syýasatyň zerurdygyny aýdýar. Hytaýyň aýdyşyna görä, ekstremistler dürli hüjümleri planlaşdyrýarlar, uýgurlar bilen iň uly etniki topar bolan hanyň arasyndaky garşylyklary öjükdirýärler.

Uýgurlaryň aglaba köplükde ýaşaýan hem işleýän ýerleri Hotanda internirlemek – başgalar bilen goşmak çäresi örän güýçli täsir ýetirýär, ol ýerde täze "köne şäher" gurulýar.

Jaýlaryň ýykylyp aýrylmazdan ozalky şekili hem soňra syýahatçylyk ösüşine laýyk arhitektura-binagärlik stiline kybapdaş üýtgedilip gurlandygyny görkezýän reklamalar her birnäçe metrden goýlupdyr.

Plakatlarda: "Kommunistik partiýa minnetdar: köne – täze boldy" diýilýär.

Hotan şäherindäki köçäniň çatrygynda goýlan ekran Hytaýyň prezidenti Si Jinpini görkezýär. 2021-nji ýylyň 30-njy apreli.
Hotan şäherindäki köçäniň çatrygynda goýlan ekran Hytaýyň prezidenti Si Jinpini görkezýär. 2021-nji ýylyň 30-njy apreli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG