Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ilat dört gün bäri suwsuz kösenýär. Prezident Günüň aşa gyzmagynyň ýaramaz täsirlerini duýdurdy


Türkmenistanda Günden goranmak üçin kellesine ýaglyk atynyp barýan zenan.

Türkmenistanda aşa yssy howa saklanýan mahaly, Türkmenbaşynyň käbir etrapçalarynda ilat dört gün bäri suwsuz kösenýär. Penşenbe güni kesilen suw üpjünçiligi ilatyň gündelik durmuşynda bökdençlikleri emele getirýär. Bu aralykda, Marynyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, işgärlere yssy howadan goranmak barada duýduryş berildi. Bu duýduryş prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Günüň aşa gyzmagynyň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýändigi" barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

1-nji iýulda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki kiçi etrapçalarda - Akdaş pasýologynda we aeroport şäherçesinde - agyz suw üpjünçiligi kesildi.

Bu ýagdaý ýüzlerçe hojalygyň nahar taýýarlamak, ýuwunmak, kir ýuwmak we hajathana meselelerinde bökdençlikleri döretdi.

"Ilata diňe irden çäkli möçberde suw paýladylar. Suw käbir hojalyklara ýetýär, ýetmedikler suwsuz galýar. Ilat içimlik suwy we ýuwunmak üçin niýetlenen suwy satyn almaly bolýar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Altyn diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjylaryň biri 5-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli resmiler dört gün bäri dowam edýän bu näsazlygyň sebäplerini suw geçiriji turbalaryň ýarylmagy bilen düşündirdiler.

Häzirki wagtda bu etrapçalarda şäher agyz suw kärhanasy abatlaýyş işlerini geçirýär. Resmiler suwuň 5-nji iýulda sagat 17:00-da beriljekdigini wada berýärler.

Bellesek, agzalýan sebitlere suw mundan ozal hem kadaly berilmeýär. Habarçymyz bu sebitlerde suwuň her gün irden we agşam sagat 8-de degişlilikde ýarym sagat berilýändigini aýdýar.

Mundanam başga, suw turbalarynda her aý diýen ýaly näsazlyk döreýär. Habarçynyň aýtmagyna görä, muňa geçen asyryň 80-nji ýyllarynda çekilen çoýun suw geçiriji turbalaryň yzygiderli çüýräp, hatardan çykmagy sebäp bolýar.

Suw turbalary hatardan çykanda, içimlik we beýleki maksatlar üçin satylýan suwlaryň bahalary hem gymmatlaýar.

"10 tonna suw 300-500 manada gymmatlady. Bu suw ýuwunmak we kir ýuwmak üçin niýetlenendir. Gaplanan 5 litr içimlik suwy hem 12-16 manat aralygynda bahalanýar" diýip, ýerli ýaşaýjy Altyn aýtdy.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda Balkanda suw öndürmek we arassalamak üçin desgalar gurlan bolsa-da, Türkmenbaşylylaryň suw bilen üpjünçiligi ýyllarboýy kadasyz bolmagynda galýar. Azatlygyň habarçylary bu barada yzygiderli habar berýärler.

Bu aralykda, aşa yssy howa Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem saklanyp galýar. Aşa yssy howanyň fonunda, Marynyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilýär we işgärlere yssy howadan goranmak barada duýduryş berilýär.

Bu ýygnaklar prezident Berdimuhamedowyň "Günüň aşa gyzmagynyň we yssy günlerde Günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygy" barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

Prezident 2-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde "howanyň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda yzygiderli berilmelidigini" hem belledi.

Býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan maryly habarçymyzyň maglumatyna görä, ýolbaşçylar 6-7-nji iýulda howanyň temperaturasynyň has-da ýokarlanmagyna garaşylýandygyny duýdurýarlar. Ýöne anyk näçe gradusa çenli ýokarlanjakdygyny aýtmaýarlar.

Bellesek, howa maglumatlary barada habar berýän Accuweather websaýtynda 6-7-nji iýulda Mary welaýatynda howanyň temperaturasynyň 47 gradusa ýetjekdigi görkezilýär.

Marydaky ýygnaklarda işgärlere yssydan goranmak barada çäre görmek, oba ýerlerinde çagalary öýde saklamak tabşyrylýar. Şeýle-de, ýerli saglyk öýleriniň işgärlerine özlerine degişli hojalyklara aýlanmak barada hem buýruk berilýär.

Bu aralykda, türkmen hökümetine tarapdar bolan "Türkmenportal" neşiri hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkezine salgylanyp, yssy howadan goranmak barada maglumat çap etdi.

"Howanyň temperaturasy 38 gradusdan ýokary bolan günlerde, düýbünden zerur bolmasa, daşary çykmaň, esasanam gün işjeňliginiň iň ýokary bolýan döwründe - sagat 11-den 17:00-a çenli" diýlip, 5-nji iýulda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Yssy günlerde Günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygy barada prezident derejesinde çykyş edilse-de, şu günler edara-kärhanalarda ýowarlar dowam edýär. Kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri uzak güni daşarda, Günüň aşagynda geçirmeli bolýarlar.

Maryly habarçymyzyň aýtmagyna görä, etrap edaralaryna uly ýollaryň gyralaryny arassalamak üçin ýer paýlanýar. Bu ýerlerde býujet işgärlerine derek hakyna tutulan adamlar işleýär. Olara gününe 20 manat pul tölenýär.

"Sagat 11-den soň daşarda dem almak has kynlaşýar. Ýanymyz bilen getiren suwumyz çalt gutarýar, naharlarymyz zaýa bolýar. Yssy howa ysgyndan gaçyrýar. Ýöne eklenç üçin çydamaly bolýarys" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran işgärleriň biri aýtdy.

Türkmenistanda tomsuň ilkinji günlerinden bäri aşa yssy howa dowam edýär. Ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy 50 gradusa ýetýär. Bu döwürde ýurt ilaty suw we elektrik ýetmezçiligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, bu günler yssy howa takmynan 24 sagat dowam edýändigi sebäpli öýlerde, ofislerde we dükanlarda sowadyjylar tas öçürilmän işledilýär. Netijede elektrik simlerindäki toguň güýji talap edilişinden pes bolup, bu ýagdaý simleriň eremegine getirýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenbaşynyň we Marynyň häkimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG