Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Marynyň häkimiýetleri 'bikanun mellekleriň' yzyna alynjakdygyny, jaýlaryň ýykyljakdygyny duýdurýar


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň häkimiýetleri köp gatly jaýlaryň öňündäki howlularda ýerleşýän mellek ýerleriniň eýerine mellekleriniň elinden alynjakdygyny we bu ýerde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýumruljakdygyny duýdurdy. Häkimiýetler bu mellekleriň bikanun ele salnandygyny aýdýarlar. Ýer eýeleri bolsa, bu ýerleriň özlerine häkimiýetler tarapyndan satylandygyny belläp, nägilelik bildirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýer eýeleriniň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, raýatlar 1995-2000-nji ýyllar aralygynda öz melleklerini şol döwürdäki häkimlik işgärlerinden satyn aldylar. Olara mellek ýeriniň satylandygy barada resminama hem berildi.

"Biz şondan soňra bu mellek ýerlerinde bir-iki otagly jaýlary gurdyk. Sebäbi iki maşgala bolup bir otagly jaýda ýaşaýarys. Jaý gurup, oglumy we gelnimi bu jaýa göçürerin diýip begenip otyrkam, bu begenjim uzaga çekmedi" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Durdy aga diýip tutulmagyny soran bir mellek ýer eýesi gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky alty aý bäri häkimligiň işgärleri bu mellek ýerleriniň bikanun paýlanandygyny aýdyp, olaryň ilatyň elinden alynjakdygyny duýdurýarlar.

"Biz şol döwür bize berlen, mellegiň bize satylandygy baradaky resminamalarymyzy görkezýäris. Häkimligiň işgärleri bize "Bu ýerler bikanun satylypdyr" diýýärler. Şeýle-de, olar melleklerdäki jaýlaryň ýykyljakdygyny aýdyp, goş-golamlarymyzy aýyrmagy hem duýdurýarlar" diýip, Durdy aga gürrüň berdi.

Azatlykda bu mellek ýerleriniň Marynyň haýsy etraplarynda ýerleşýändigi barada anyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Mellek ýerlerine aýlanyp gören habarçymyzyň maglumatlaryna görä, raýatlar bu ýerde diňe ýaşaýyş jaýlaryny däl, goýun, geçi we towuk saklamak üçin mal ýataklaryny hem gurupdyrlar. Käbir mellek eýeleri bolsa, "gündelik iýmitine kömek bolsun diýip, ýerlerde gök-bakja önümlerini ekip, hasyl alýarlar".

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Ýer hakyndaky kodeksine görä, mellek ýeri - Türkmenistanyň hukuk namalarynda bellenilen tertipde - şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, ýaşaýyş jaýyny we hojalyk desgalaryny gurmak üçin peýdalanylýar.

Häzirki wagtda häkimligiň işgärleri ýer eýelerine şäheriň başga çetinden mellek ýeriniň bölünip beriljekdigini wada berýärler. Ýöne mellek eýeleri häkimligiň bu barada özlerine hiç hili kepilnama bermeýändigini belläp, indi "olaryň ýalan wadalaryna ynanmaýandyklaryny" aýdýarlar.

"Biz ençeme ýer eýesi bolup, häkimlige arz etmäne bardyk. Ýöne häkimlik bizi kabul etmedi, binanyň içine hem goýbermediler. Hökümet halkyň kynçylyklary bilen gyzyklanmaýar. Biz bir otagly kwartirada iki maşgala bolup ýaşamagy dowam etdirmeli bolarys" diýip, Durdy aga käbir etrapçalarda eýýäm birnäçe jaýyň ýykylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Habarçymyz köp maşgalalaryň aýlyk girdejisiniň 800 manada zordan ýetýändigini, kwartiralaryň aýlyk kireýiniň bolsa 1600-2000 manada barabardygyny aýdýar.

Azatlygyň bu aýdylanlar dogrusynda Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda raýatlaryň ýaşaýyş jaý we mellek ýer meseleleri ýyllarboýy çözülmän gelýär.

Azatlyk ýurt häkimiýetleri tarapyndan ilata satylan ýa-da paýlanan mellek ýerleriniň, olarda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň bikanundygy aýdylyp ýykylmagy, mellekleriň yzyna alynmagy barada mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi jaý ýetmezçiligi sebäpli köp adamly hojalyklaryň we 4-5 gelinli maşgalalaryň bir öýde mejbury ýaşaýandyklaryny hem aýdýarlar.

Munuň esasy sebäpleriniň arasynda täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahalarynyň ilatyň girdejisinden aşa gymmat bolmagy, ilata mellek ýerleriniň çölüň içinden paýlanyp berilmegi, bu ýerlere häkimiýetler tarapyndan gaz, suw, tok we ýol çekilmezligi ýaly faktorlar bar.

Döwlet metbugaty we ýurt häkimiýetleri raýatlar üçin "döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini" we mellek ýerleriniň paýlanýandygyny tekrarlaýarlar. Ýöne olar ýokarda aýdylanlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gorlaryny anyklamaga hyzmat etjek ilat ýazuwynyň netijeleri hem mälim däl. Resmiler Marynyň we ýurduň beýleki künjekleriniň ýaşaýyş jaý gorlary barada anyk statistiki sanlary hem köpçülige äşgär etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG