Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetleriň ne mellek, ne-de jaý wadasynda wepa bar


Lebapda paýlanan mellek ýerleri. 28-nji oktýabr, 2014.

"Türkde öý tämizliginde işleýän... menden başga-da ýüzlerçe adam şeýle ýagdaýda, indi pulumy yzyna alsam, beren pulumyň ýarysy hem bolanok" diýip, radionyň diňleýjisi "şul bikanun zatlary gaýrat edip, gyssagly" ile ýetirmegi soraýar.

Türkmenistanda 'elita' ýa aýratyn ýeňillik döredilen raýatlar üçin gurlan gymmatbaha ýaşaýyş jaýlarynyň fonunda ýönekeý adamlaryň ýaşaýyş jaý meselelerini çözmek barada berlen wadalar esasan wada bolmagynda galýar.

2014-nji ýylda, Türkmenabat şäheriniň täze aeroportunyň töwereginden, Azatlyk şäherçesinden 3 müň çemesi hojalyga özbaşdak jaý salynmak üçin mellek ýerleri bölünip berlende, jaýdan kösenip ýören adamlaryň käbiri eline täze jaýyň açary berlen ýaly begenipdi. Ýöne bu begenç uzaga çekmedi.

Tozap ýatan çöl meýdanda, gumuň içinde paýlanyp berlen ýerlere tebigy gaz, suw we tok çekmek wadalary berildi; hökümet başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary bolsa, 2017-nji ýylda prezidente Lebap sebitinde 4 müň adama özbaşdak jaý salmak üçin mellek ýerleri berildi, ol melleklerde hemme şertler bar diýip, owadan hasabat berdi diýip, ýeli ilat ýatlaýar.

Emma ilata berlen mellek ýerlerinde häzirem ne ýol, ne-de beýleki şertler bar diýip, bu ýerleri gören adamlar aýdýar. Ýogsa, ondan bäri ýedi ýyl geçdi.

Gürrüňi edilýän ýerde, Azatlyk şäherçesinden uçar menziline tarap uzaýan Arkadag köçesiniň ugrundan polisiýa işgärleriniň 100 sanysyna mellek ýerleri berildi, emma olar bu ýerde wada berlen şertleriň döredilmejekdigini wagtynda anyklap, gol çekip alan ýerlerini yzyna tabşyrdylar, özlerine "şirin ýerden" mellek berilmegini talap etdiler diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, aýdylmagyna görä, şäher häkimligi SSSR döwründe döredilen şertlerden peýdalanyp, ozal Türkmenabatda gurlan köp gatly jaýlaryň arasyndaky çagalar meýdançalaryny söküp, olaryň ornunda gurulýan köp gatly jaýlar bilen jaý meselesini çözmäge çalyşýar.

Mundan öň häkimlik SSSR döwründe tutuş Çärjew oblastyny kerpiç bilen üpjün eden ýeke-täk kerpiç zawodyny ýykyp, onuň ornundan hukuk goraýan edaralaryň işgärleri üçin 70 çemesi "ipoteka jaýlarynyň" salynmagyna "gatnaşdy" diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Polisiýa işgärlerinden tapawutlylykda, häkimiýetleriň mellek, jaý wadalaryna ynanyp, uly zyýana galaýn raýatlar hem bar. Mysal üçin, Azatlygyň daşary ýurtlardaky diňleýjileriniň biri golaýda redaksiýa hat ýazyp, Lebapda, ýokarda gürrüňi edilen ýerde "iň gysga wagtlarda guruljak jaýlardan" birini almak üçin "sözleşme edendigini" aýtdy.

"Bu jaý wagty bilen gurulmady, soňra 2020-nji yylyň noýabr aýynda gurlup tabşyryljakdygyny aýtdylar, biz ol diýlen wagta çenli sözleşmede aýdyşylan puluň hemmesini berdik, emma ýene jaý bermediler" diýip, Türkiýede tämizleýji bolup işleýän türkmen raýaty ýazýar.

Soň oňa jaýyň 2021-nji ýylyň mart aýynda ýetişjekdigini aýdýarlar we "zatlar gymmatlady, 600 milýon üstine pul bermeli" diýýärler.

"Bu puly hem berdik. Indi iýun aýynda açar berjek diýýärler we ýene-de 600 milýon pul soraýarlar" diýip, diňleýjimiz indi özünde bu berilýän wadalara hiç bir ynamyň galmandygyny aýdýar.

"Türkde öý tämizliginde işleýän... menden başga-da ýüzlerçe adam şeýle ýagdaýda, indi pulumy yzyna alsam, beren pulumyň ýarysy hem bolanok" diýip, radionyň diňleýjisi, öz sözleri bilen aýdylsa, "şul bikanun zatlary gaýrat edip, gyssagly" ile ýetirmegi soraýar.

Şu aralykda Aşgabatdan gowşan maglumata görä, paýtagtlylar hökümet jaýlarynyň tölegleriniň ýyl-ýyldan köpeldilmeginden nägile bolýarlar.

"Aşgabatda hökümet jaýlarynyň tölegleri 2017-nji ýyldan bäri 450% ýokary galdy, 5 otagly hökümet jaýy üçin 2017-nji ýylda 200 manada golaý töleg tölän bolsam, häzir ýylyna 900 manatdan gowrak pul tölemeli. Elektrik togy, suw, tebigy gaz, kabel TW-si, telefon tölegleri hem üstesine" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy we "1000 manat aýlyk bilen nädip ýaşamaly?" diýip sorady.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda girizilen durmuş ýeňillikleri ilki ýatyryljak bolýarka hökümetiň gurnan mejlislerinde çykyş eden ýaşulular indi adamlaryň durmuş şertleriniň has gowulanandygyny, bu ýeňilliklere zerurlygyň galmandygyny aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG