Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sementiň haltasy 100 manada çykdy; 4-5 gelinli maşgalalar jaý ýetmezçiligi sebäpli bir öýde ýaşaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Demirgazyk Türkmenistanda bir halta sementiň hususy söwdadaky bahasy 100 manada çykyp, ol örän gyt gurluşyk harydyna öwrüldi. Bu ýagdaý köp adamly maşgalalaryň täze jaýlary gurmak mümkinçiliklerine zarba urup, 4-5 gelinli maşgalalaryň bir öýe gabalyp galmaklaryna getirýär.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 26-njy iýunda habar berdi.

“Daşoguz şäherinde we onuň golaýyndaky obalardan “emel edip”, mellek satyn alan raýatlar indi jaý salmaga sement tapman kösenýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, döwlet bahasy 10 manat töweregi bolan 50 kilogramlyk sementiň bahasy häzirki wagtda hususyýetçilerde 100 manada çykdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri sementiň hususan-da soňky üç aýyň dowamynda gyt haryda öwrülendigini aýdýarlar.

“Soňky 3 aýyň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde sement gytalyp, raýatlaryň jaý gurmak, gurluşyk etmek işleri uly meselä öwrüldi” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 26-njy iýunda aýty.

Bu ýagdaý köp adamly maşgalalaryň bir öýde mejbury ýaşamaklaryna getirýär.

“4-5 gelinli maşgalalar bir öýde ýaşaýarlar. Köp çagaly maşgalalara we [durmuş gurandan soň, ene-atasynyň öýünden] bölek çykmak isleýän raýatlara agyr bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň, hususan-da oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdelerinde maglumat berilmeýär. Ýöne paýtagt Aşgabatda we welaýatlaryň administratiw merkezlerinde gurlup ulanylmaga berilýän köp gatly ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, maslahat köşkleri we ministrlikleriň hem-de döwlet edara-kärhanalarynyň täze edara jaýlary barada yzygiderli habarlar berilýär.

Galyberse-de, Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gorlaryny anyklamaga hyzmat etjek ilat ýazuwynyň netijeleri hem mälim däl.

Resmiler paýtagt Aşgabadyň we ýurduň beýleki künjekleriniň ýaşaýyş jaý gorlary barada anyk statistiki sanlary köpçülige mälim etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda yerli ýaşaýjylara jaý gurluşygy üçin zerur bolan sement Daşoguz şäherindäki gurluşyk harytlary satylýan döwlet dükanlaryna gelmegi doly ýatyryldy.

“Geçen aýlarda welaýat häkimligi döwlet bahasyndan nobat bilen aýda bir sapar her ele bir halta sementiň satylmagyna rugsat berýärdi. Ýöne sementiň nobatlarynda döreýän dawa-jenjeller bahana edilip, ol hem bes edildi. Her ele satylýan bir halta sement meseläni çözerden bärden gaýdýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Ýatlasak, 11-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň bir çeşmesi Daşoguz welaýatynda döwlet bahasyndan sement satyn almak üçin döreýän uzyn nobatlar barada maglumat beripdi.

“Sement gelýän ýerde uruş, dawa, jenjel köp. Ýöne hemmäniň bagty çüwüp, sement alyp bilenok. Üç gün garaşyp hem boş gaýdýanlar bar” diýip, çeşme aýdypdy.

26-njy iýunda ýetiren maglumatynda Azatlygyň habarçysy Eýrandan import edilen sementiň satuwa çykrylýandygyny, ýöne onuň bahasynyň juda gymmatdygyny habar berdi.

“Eýrandan getirilen sementiň bir haltasy 120 manatdan bahalanýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

12-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän merkezi maddy üpjünçilik angarlarynda Eýrandan getirilen sementiň saklanýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň özünde sement öndürýän esasy 4 sany uly zawod bar. Olardan "Lebap" sement zawody Köýtendag etrabynda, “Baharly” we “Kelete” zawodlary Ahal welaýatynyň çäginde, “Jebel” zawody bolsa Balkan welaýatynda ýerleşýär.

Türkmen hökümeti daşary ýurtdan import edilýän sement üçin 2013-nji ýylda 100 % gümrük salgydyny girizipdi.

Iýunyň başynda 1 halta sement Daşoguzda 60-70 manatdan, Maryda 50 manatdan bahalanýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG