Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguzda bir student gyzyň goňşusy tarapyndan öldürilendigi güman edilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýraýan işsizligiň we bazarlardaky gymmatçylygyň fonunda, ýurtda ogurlyk we adamlaryň öldürilmegi bilen bagly hadysalar barada barha köp maglumatlar gelip gowuşýar. Bular barada Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler habar berýärler.

Daşoguz şäherindäki "Baý oba" diýlip atlandyrylýan etrapçada 19 ýaşly student gyzyň goňşusy tarapyndan öldürilendigi güman edilýär. Bu barada garaşsyz türkmen.news neşiri 12-nji iýulda habar berdi.

Bu wakany Azatlygyň sebitdäki habarçysy hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, Daşoguzyň 6-njy mekdebiniň bedenterbiýe mugallymydygy aýdylýan raýat ogurlyk etmek üçin goňşusynyň öýüne girýär.

Öýde hiç kim ýokdur öýden mugallymyň öňünden jaý eýesiniň Medisina uniwersitetinde birinji kursy tamamlap, dynç alyşda öýüne dolanyp gelen gyzy çykýar. Şonda jenaýaty amala aşyrandygy güman edilýän mugallymyň goňşusynyň gyzyny paltalap öldürendigi aýdylýar.

türkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, bu waka gyzyň ejesi we uýasy beýleki bir goňşularyna sadaka giden mahaly bolýar. Mugallym sadakadan birnäçe gün öň ogurlyga baran öýünden karzyna palta alýar.

"Sadakany gurnan goňşulary gyzyň uýasyndan uly gyz doganyna nahar iberýär. Gyzjagaz öýüne gelende, jaýyň howlusynda gyz doganynyň gan içinde ýerde ýatandygyny görýär. Gyz gygyryp başlaýar we wakanyň bolan ýerine adamlar üýşýär. Ejesi öldürilen gyzynyň gapdalynda goňşularyna karz beren paltasyny görýär" diýip, neşir özüniň sebitdäki çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.

Habara görä, şonda adamlar paltany karzyna alan goňşa we onuň ogluna tas özleri temmi berjek bolýarlar. Ýöne ata we ogul polisiýa tarapyndan tussag edilýär.

"Olar maşgalanyň öýündäki seýfini ogurlamak isländiklerini boýun alýarlar. Olar özlerini gören gyzyň gaçmaga synanyşandygyny, ýöne ony howly jaýyň derwezesiniň golaýynda tutandyklaryny we öldürendiklerini aýdypdyrlar" diýip, neşir çeşmesiniň sözlerini getirýär.

Ýurt raýatlarynyň öýleriniň talanmagy we şol döwürde olaryň öldürilmegi ýa-da ýaralanmagy bilen bagly hadysalar barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem habar berýär.

Habarçymyz geçen hepde paýtagtyň Magtymguly şaýoly we Kemine köçeleriniň golaýyndaky bir jaýyň talanandygyny we ondaky är-aýalyň pyçaklanandygyny, olaryň gyzynyň zorlanandygyny aýdýar.

"Ogrular gündiz wagty är-aýalyň we olaryň 20 ýaşly gyzynyň ýaşaýan jaýyna gelipdirler. Olar özlerini Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri diýip tanyşdyrypdyrlar. Ogrular är-aýaly pyçaklap, 20 ýaşly gyzy zorlapdyrlar we olaryň öýlerini talapdyrlar. Häzirki wagt är-aýal keselhananyň reanimasiýa bölüminde saglyk bejergisini alýar" diýip, wakadan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň bu aýdylanlar dogrusynda Daşoguz welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliklerinden, şeýle-de 6-njy mekdepden kommentariý almak boýunça yzygiderli eden synanyşyklary netije bermedi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, has giň ýaýraýan işsizligiň, bazarlardaky gymmatçylygyň arasynda sosial problemalaryň güýçlenýändigi, ogurlyk we jenaýat hadysalarynyň köpelýändigi barada soňky aýlarda birnäçe gezek habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ogurlyk we jenaýat hadysalaryna ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, gün-güzeran aladalarynyň barha kynlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ýiti ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýär. Türkmen hökümeti hem-de media serişdeleri ykdysady problemalary boýun almaýarlar we ýurt raýatlarynyň durmuş kynçylyklary, köpelýän ogurlyk, jenaýat hadysalaryny hem agzamaýarlar.

Ýurduň Içeri işler ministrligi hem, ýurtda ýokarlanýan ogurlyk we adam öldürmek hadysalary barada hasabat bermeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň soňky mejlisinde "amala aşyran işlerimiziň netijesinde, raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi" diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG