Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşdi


Aşgabatda bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran raýatlar. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran raýatlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň arasynda, Aşgabadyň bankomatlarynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Nobatlarda duran raýatlar, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi sebäpli, pensiýa we zähmet haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýän "Halkbankyň" arka tarapyndaky gapysynyň öňünde ilat irden sagat 5-de nobata durup başlaýar. Bu ýerdäki bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duranlaryň sany ýüzlerçe adama ýetýär.

"Raýatlary diňe bankyň arka tarapyndaky gapysyndan salýarlar. Her gezekde diňe 5 adam pul nagtlaşdyryp bilýär. Nobatlary gizlemek üçin bu usuldan peýdalanýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Ogulsapar diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz Aba Annaýew köçesinde ýerleşýän bankomatdan pul nagtlaşdyrmaga baran raýatlaryň nobatyny "Leniniň mawzoleýine" zyýarata baran adamlaryň nobatyna meňzedýär.

Ol ilatyň pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklarynyň eýýäm köp wagt bäri dowam edýändigini, ýöne şu aý has-da ýitileşendigini hem belleýär.

"Şu wagt aýyň ortasy bolsa-da, aýyň başynda pensiýa haklaryny alyp, heniz hem nagtlaşdyryp bilmeýän pensionerler bar. Şeýle-de, geçen aý zähmet hakyny alan býujet işgärleriniň hem köpüsi aýlyklaryny heniz nagtlaşdyryp bilmeýär" diýip, Ogulsapar gürrüň berdi.

Habarçymyz pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň has-da ýaramazlaşmagynyň sebäplerini birinjiden, bankomatlarda nagt puluň azlygy, ikinjiden, şäherdäki bankomatlaryň sanynyň barha azaldylmagy bilen düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, il içinde rus bazar diýlip atlandyrylýan "Gülüstan" söwda merkezindäki bankomatlaryň tas ählisi aýryldy. Häzirki wagtda bazaryň içinde diňe bir bankomat bar.

"Şeýle-de, bankomatlary söwda merkezleriniň törüne geçirýärler. Häkimiýetler muny ýüzlerçe adamdan ybarat pul nobatlaryny ýaşyrmak üçin edýärler" diýip, Ogulsapar aýtdy.

Habarçymyz bankomatlaryň her birine günde näçe möçberde manat goýulýandygy barada maglumatyň ýokdugyny, ýöne olardaky serişdäniň köplenç bir sagada galman gutarýandygyny belleýär.

"Pul gutarsa, nobatdaky adamlar hem dessine dargaýar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Merjen diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistan soňky ýedi ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda, adamlaryň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň nagt däl görnüşde tölenmegini ýola goýdy. Muňa laýykda, raýatlar pullaryny öz plastik bank kartlary esasynda diňe bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler.

2016-njy ýyldan bäri Türkmenistan agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Şondan bäri Azatlygyň habarçylary türkmen raýatlarynyň manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada yzygiderli habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýarlar we nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş hem bermeýärler. Muňa derek häkimiýetler bankomat nobatlaryny ýaşyryp, bu baradaky habarlara garşy göreşýärler.

Bu aralykda, pensiýa haklary nagt görnüşinde öýlere eltilip berilýän aşgabatly pensionerleriň ençemesi özlerine getirilýän kagyz pullaryň gaty köne we ýyrtykdygyny aýdyp, şikaýat edýärler.

"Köne we ýyrtylan pullary köplenç dükanlarda-da almak islemeýärler" diýip, aşgabatly bir pensioner anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi. Azatlyga mundan ozal mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistanda ýaşy 70-den geçen raýatlar pensiýa haklarynyň nagt görnüşinde öýlerine getirilmek mümkinçiligine eýedir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG