Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Saglyk ministrligi rus neşirinde ýurtdaky poliomiýelit bilen bagly ýagdaýlaryň “ýoýulyp görkezilýändigini” aýdýar


Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi
Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi ýurtdaky medisina ýagdaýy bilen bagly daşary ýurt habar serişdelerinde çykýan maglumatlara seýrek reaksiýa bildirip, beýanat ýaýratdy. 13-nji iýulda ministrligiň resmi websaýtynda rus dilinde çap edilen beýanatda soňky döwür käbir rus köpçülikleýin habar serişdelerinde ýurtdaky ýokanç keseller, hususan-da poliomiýelit bilen bagly ýagdaýlaryň “ýoýulyp görkezilýändigi” aýdylýar we muňa alada bildirilýär.

Ministrligiň sanitar-epidemiologiýa döwlet gullugy hususan-da RBK telekanalynda 12-nji iýulda efire giden gepleşikleriň birinde Russiýanyň Saglyk ministrliginiň ýokanç keseller boýunça ştatdan daşary baş bilermeni, medisina ylymlarynyň doktory Ýelena Malinnikowanyň Türkmenistandaky poliomiýelit bilen bagly aýdanlarynyň “hakykata gabat gelmeýändigini” belleýär.

Gepiň gerdişine bellesek, Malinnikowanyň anyk aýdanlaryny rus habar serişdesiniň YouTube kanalynda we saýtynda çap görnüşinde çykarylan maglumatlarynda tapmak başartmady. Bu mesele boýunça Azatlygyň rus saglyk bilermeninden we Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Beýanatda ýokanç keselleriň, şol sanda poliomiýelitiň öňüni almak üçin köpugurly çäreleriň görülýändigi aýdylyp, 2002-nji ýylda BSG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana poliomiýelit keseliniň ýabany wirusynyň aýlanyşygyndan azatlygy hakynda halkara güwanamanyň gowşurylandygy hem nygtalýar. Mundan öň, türkmen saglyk resmileri 1997-nji ýyldan bäri, ýurduň çäginde ýiti ysmaz poliomiýelitiň bellige alynmaýandygyny hem nygtapdylar.

Maglumat üçin aýtsak, poliomiýelit (polio) örän ýokanç kesel bolup, ol esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara täsir edýär. Poliomiýelit wirusy adamdan adama nejesat-agyz ýoly arkaly, käbir ýagdaýlarda hem, zäherlenen suw ýa iýmit arkaly ýokuşýar. Wirus içegede köpelýär we nerw ulgamyna hüjüm edip, adamy ysmaz edýär diýip, jemgyýetçilik saglygy barada türkmen dilinde maglumatlary çykarýan saglyk.org websaýty ünsi çekýär.

Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň poliomiýelit bilen bagly habara dessine reaksiýa görkezmegine garamazdan, türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň arasynda ýurtda koronawirusa ýolugýanlar we ondan heläk bolýanlar baradaky garaşsyz habar serişdelerinde, şol sanda Azatlykda türkmen häkimiýetleriniň öňe sürmelerinden tapawutlylykda çykýan maglumatlara hiç hili reaksiýa görkezmeýärler.

Türkmen hökümeti global pandemiýa başlanaly bäri ýurtda ölüm howply wirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadylar. Emma Azatlygyň habarçylary ýurduň iň azyndan Lebap we Mary welaýatlarynda koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň hem eýýäm ýüze çykarylandygyny belleýärler.

Galyberse-de, geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem RBK neşiriniň ýurduň Owganystan bilen serhedine agyr tehnikalaryň geçirilendigi barada türkmen garaşsyz neşirlerine salgylanyp çykaran maglumatyna nägilelik bildiripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG