Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda geçiriljek saýlawlar: Mirziýoýew öz ýeňiş ýoluny nähili arassalaýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda Özbegistanda prezidentlik saýlawlary geçiriler. Häzirki döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýewiň gaýtadan saýlanmagy üçin şertler taýynlanýar. Onuň ýeňiş ýoly eýýäm arassalanan wagtynda, alada eder ýaly zadyň ýokdugy baradaky pikir döreýär.

Özbegistanyň prezidentiniň metbugat sekretary ýakynda žurnalistlere öz lideri Şawkat Mirziýoýewiň oktýabr aýynda prezidentlige dalaş etjekdigini ýa-da ýokdugyny anyk bilmeýändigini aýtdy, ýöne muňa hiç kim ynanmady.

— Biz [kimiň ilkinji bolup teklip ediljegini] bilmek üçin, şol wagta çenli garaşmaly bolarys – diýip, Şerzod Asadow Daşkentde geçirilen brifingde metbugat wekillerine mälim etdi hem-de dalaşgärleriň iýul aýynyň ahyryndan ozal hödürlenjekdigini ýatlatdy.

Asadowyň synanyşygy häzirki prezidentiň saýlawlara diňe bir gatnaşmaly bolman, eýsem ýeňiş gazanjakdygy äşgär wagtynda, prezidentlik saýlawlarynyň töwereginde haýsydyr bir duman döretmek synanyşygynyň manysynyň ýokdugyny görkezýär. Hemmeler Mirziýoýewiň örän ýeňil ýeňiş gazanjagyna we ikinji möhlete saýlanmagyna garaşýarlar.

Özbegistanyň Senatyň başlygynyň orunbasary Sadyk Safaýew mart aýynda beren interwýusynda: "Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewden başga hiç bir [ýeňiji] kandidaty göremok" diýdi.

Başga-da dalaşgärler bolar. Emma olar özbek häkimiýetleri tarapyndan seresaplylyk bilen dolandyrylýan saýlaw diýip atlandyryljak teatrynda reklama bolup hyzmat edýärler.

Hatda Safaýew hakyky alternatiw programmalar we dalaşgärler bolmasa "saýlawlara doly, adalatly we dogruçyl baha berip bolmaz" diýdi.

«Adalatly we dogruçyl» – 24-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlardan has öň häkimiýetler tarapyndan geçiriljek çykyşlarda köp gaýtalanjak täsirli söz bolup, bu Mirziýoýewiň gaýtadan saýlanmagyny üpjün etmek üçin hiç bahananyň galmajakdygyny görkezýär.

Döwlet propagandasyna milliardlarça sum harç edilýär diýip, özbek hökümetindäki çeşme Azatlyk Radiosyna aýdýar. Baş wagyzçy premýer-ministriň orunbasary Aziz Abduhakimow bolup durýar. Bu suratda ol prezidentiň gyzy Saida Mirziýoýewanyň arkasynda otyr.
Döwlet propagandasyna milliardlarça sum harç edilýär diýip, özbek hökümetindäki çeşme Azatlyk Radiosyna aýdýar. Baş wagyzçy premýer-ministriň orunbasary Aziz Abduhakimow bolup durýar. Bu suratda ol prezidentiň gyzy Saida Mirziýoýewanyň arkasynda otyr.

ALTERNATIWADAKY KANDIDATLAR

«Alternatiw dalaşgärler» – bu örän geň kesgitleme. Özbegistanda geçen prezidentlik saýlawlaryna elmydama alternatiw dalaşgärler gatnaşdy, emma diňe 1991-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilkinji prezidentlik saýlawlarynda hakyky bäsdeş bolup, ol «Erk» demokratik partiýasynyň lideri Muhammet Salyh bardy. Ol Özbegistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň başlygy Yslam Kerimowa garşy öz kandidaturasyny öňe sürdi.

Resmi maglumatlara görä, Muhammet Salyh şol döwürde 12,7% ses alyp, Özbegistanda geçirilen prezidentlik saýlawyny şu güne çenli iň dartgynly edipdi. Soňra şol saýlawyň galplaşdyrylandygy barada köp aýdyldy, şonuň üçin maglumatlar dogruçyl jemlenen halatynda, Salyh üçin berlen sesleriň umumy sany ep-esli artyk bolup bilerdi.

2000-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawynda hem iki kandidat bardy – Yslam Kerimow we Özbegistan Halk Demokratik Partiýasynyň başlygy Abdulhafiz Jalalow.

Bu saýlaw Jalalowyň ses beriş otagyndan çykanynda, metbugat wekillerine özüniň Kerimowyň peýdasyna ses berendigini aýtmagy bilen ýatda galdy.

2007-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryndan bäri hökümet tarapyndan hasaba alnan syýasy partiýalar – hökümete tarapdarlaryň ählisi dalaşgärleri hödürläp bildiler.

Soňky "garaşsyz" kandidat – Akmal Saýidow bolup, ol saýlaw 2007-nji ýylda geçirildi. 2015-nji ýylda hökümete tarapdar «Milliý Tiklaniş» partiýasynyň başlygy Saýidow 3,12% ses alyp, Kerimowa garşy bäsleşikde, örän tapawutly ikinji orny aldy.

Häzirki wagtda Saýidow Özbegistanyň mejlisiniň aşaky palatasynyň başlygynyň birinji orunbasary, şonuň bilen birlikde hem Özbegistanyň Adam hukuklary milli merkeziniň müdiri. Ol prezidentlige dalaş eden iň soňky garaşsyz kandidat hasap edilýär.

«Ҳақиқат ва Тараққиёт» («Hakykat we Ösüş») partiýasynyň lideri, Termez şäheriniň döwlet uniwersitetiniň öňki rektory Hidirnazar Allakulow
«Ҳақиқат ва Тараққиёт» («Hakykat we Ösüş») partiýasynyň lideri, Termez şäheriniň döwlet uniwersitetiniň öňki rektory Hidirnazar Allakulow

Hakyky oppozisiýa wekili Sanjar Umarow 2007-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşmaga synanyşdy, ýöne ol 2005-nji ýylda öz niýetini yglan eden badyna maliýe jenaýatlarynda aýyplanyp, kazyýete çekildi. Ol şübheli aýyplamalar – ogurlamakda, salgyt tölemekden gaçmakda we beýleki maliýe düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, 2006-njy ýylyň fewralynda türmä basyldy.

2007-nji ýyldaky saýlawlardan gysga wagt soň garaşsyz kandidat hökmünde dalaş etmek mümkinçiligini aradan aýyrmak üçin, kanuna üýtgetmeler girizildi.

Özbegistanda parlament ýa-da prezidentlik saýlawlaryna diňe hasaba alnan syýasy partiýalar: «Milliý Tiklaniş», Özbegistanyň Halk Demokratik Partiýasy, «Adolat», Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy we 2019-njy ýyldaky parlament saýlawlaryndan öň diňe hereket diýlip hasaplanan Ekologiýa partiýalary gatnaşyp bilýärler.

Mart aýynda beren interwýusynda Safaýew şeýle diýdi:

— Biziň syýasy partiýalarymyz häzirki wagtda ýeterlikli iş alyp barmaýarlar. Mundan-da ötri, işlemeýär diýseň-de boljak.

Iki partiýa – ozal Muhammet Salyhyň ýolbaşçylygyndaky «Erk» we Hidirnazar Allakulowyň ýolbaşçylygyndaky täze döredilen «Hakikat we Tarakkiýot» partiýalary öz wagtynda nobatdaky geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin, hasaba alynmaga synanyşdylar. Ýöne olaryň teklibi Adalat ministrligi tarapyndan birnäçe gezek yzyna gaýtaryldy hem olar yzarlanmalara duçar boldular.

Indi «Erk» partiýasyna 12-nji maýda Türkiýeden Özbegistana gaýdyp gelen öňki aýdymçy Jahongir Atajanow ýolbaşçylyk edýär. 26-njy maýda «Erk» partiýasy Atajanowyň Daşkendäki öýünde ýygnak geçirdi we ony öz kandidaty hökmünde prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hödürledi.

Şol agşam partiýanyň wekilleri meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşýarka, 20 çemesi adamdan ybarat topar Atajanowyň öýüne kürsäp girip, sögünçli gygyryşyp, ýumurtga zyňyp, ýygnagy dargatdylar.

Şondan soňra Atajanowyň öýünde geçirilen ýygnaga gatnaşan «Erk» partiýasynyň köp agzasy hukuk goraýjy edaralara soraga çagyryldy.

Olardan birnäçesi maslahat geçýän jaýa kürsäp girenler barada sorag ediljekdir diýip düşünipdir.

«Erk» partiýasynyň aktiwisti Abdusalom Ergaşew hem soraga çagyrylanlardan biri.

Onuň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, özi bilen gürleşen sülçüler ondan jaýa kürsäp girenler barada däl-de, Muhammet Salyhy we «Erk» partiýasynyň beýleki agzalaryny näçe wagtdan bäri tanaýandygy barada gürrüň geçiripdirler.

Şu ýylyň maý aýynda Daşkentde Jahongir Atajanowyň öýüne birnäçe näbelli aýal kürsäp girip, goh-galmagal turuzdylar hem ýumurtga zyňdylar.
Şu ýylyň maý aýynda Daşkentde Jahongir Atajanowyň öýüne birnäçe näbelli aýal kürsäp girip, goh-galmagal turuzdylar hem ýumurtga zyňdylar.

«Hakikat we Tarakkiýot» partiýasynyň geçirmekçi bolan ýygnagy hem edil şonuň ýaly ýagdaý gaýtalanyp bozulypdy. Partiýanyň lideri, Termez uniwersitetiniň öňki rektory Hidirnazar Allakulow saklanyp soraga çagyryldy, soň bolsa Daşkentdäki öýünde näbelli adamlar tarapyndan yzarlandy.

Olaryň hasaba alyş resminamalaryny birnäçe gezek tabşyrandyklaryna garamazdan, Adalat ministrligi partiýany hasaba almady. Inisiatiwa topary soňra resminamalar bukjasynyň doly däldigini ýa-da, adatça, hasaba almak üçin zerur bolan 20 müň goluň ählisiniň dogry däldigini anykladylar.

Täze döredilen oppozisiýadaky «Хакикат ва Тараккиёт» («Hakykat we Ösüş») partiýasynyň wekilleriniň hususy howluda geçirilen duşuşygyna bir toplum adam kürsäp girip, olara dürli soraglar berdiler.
Täze döredilen oppozisiýadaky «Хакикат ва Тараккиёт» («Hakykat we Ösüş») partiýasynyň wekilleriniň hususy howluda geçirilen duşuşygyna bir toplum adam kürsäp girip, olara dürli soraglar berdiler.

Hasaba alynmagy islenmeýän başga bir garaşsyz partiýa bolan «Halk bähbitleri» («Halk Manfaatlari») partiýasynyň liderlerinden biri Mahmud Ýuldaşew köp wagtdan bäri özleriniň hasaba alynmagyny gazanmaga çalyşýar. Indi ol näbelli adamlardan syýasy işlerini bes etmese, olaryň özi üçin bu işi bes etjekdikleri barada haýbat atandygyny aýdýar.

SAÝLAWÇYLARY ALDAWA SALMAK

Bu aralykda, Azatlygyň Özbek redaksiýasy hukuk goraýjy edaralaryň uniwersitet talyplaryna täze garaşsyz partiýalara goşulmazlyk barada duýduryş berýändigini habar berdi.

Buhara, Horezm we Surhanderýa uniwersitetleriniň talyplary Azatlygyň Özbek redaksiýasyna hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň “ilata ýalan maglumat beriji, nädogry pikirleri ýaýradýan” täze syýasy partiýalar barada duýduryş berýändiklerini hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaşlara ol partiýalaryň hiç biriniň ýygnaklaryna gatnaşmazlygy maslahat berýändigini aýtdylar.

Elbetde, mart aýynyň ahyrynda kabul edilen täze kanun Özbegistanyň prezidentiniň "telekommunikasiýa ulgamlarynda ýa-da internet maglumat ulgamynda" kemsidilmegi ýa-da töhmet atylmagy üçin "3 ýyla çenli zähmet- düzediş çäklendirmeleri ýa-da 2 ýyldan 5 ýyla çenli, ýa-da 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek" bilen jezalandyrmagy göz öňünde tutýar. Bu kanun özbek raýatlaryny sosial media ýa-da YouTube ulanyp, Mirziýoýew hakda, esasanam prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýazýan zatlaryndan ägä bolmagy duýdurýar.

Azatlygyň Özbek redaksiýasy ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we täjirçilik banklarynyň Özbegistanyň Milli Elektron Media Assosiasiýasy tarapyndan döredilen gaznasyna Mirziýoýewiň "dowam edýän reformalary" barada öwgüli habarlary ýaýratmak üçin, köp mukdarda pul geçirmelidigi baradaky maglumaty aýdypdy.

“Dowam edýän reformalar” barada aýdylanda, hakykatdanam Özbegistan ilkinji prezident Yslam Kerimowyň repressiw döwründen daşlaşmak üçin, birnäçe ädim ätdi. Ýöne 2019-njy ýylyň ahyrynda geçirilen parlament saýlawlarynda, aýratyn-da häzirki döwürde Özbegistandaky reformalaryň ýurduň syýasy prosesine gatnaşmak hukugyny üpjün etmeýändigi has aýdyň boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG