Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýaşaýyş jaýlar suw ýetmezçiliginden kösenýär


Bejeriş işleri, Aşgabat, iýul, 2021.

Paýtagtyň birnäçe etraplarynda, şeýle hem Çoganlyda birnäçe günläp ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiligi gaty gowşady. Suw adatça irden gysga wagtlap berildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň tomsuň yssysynda suwsyz nädip çykalga tapýandyklary barada habar berýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary 29-njy iýulda şäheriň birnäçe etraplarynda suwuň uzak wagtlap bolmandygyny habar berdiler. Aşgabadyň köp gatly binalarynyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, üç günläp kwartiralarda diňe irden we agşam suw bolýär, galan wagtda suw ýok.

Tomus möwsüminde suw ýetmezçiligi şertlerinde ýaşaýjylar bu ýagdaýdan özbaşdak çykalga tapmaly bolýarlar. Köpüsi suwuň berilmegine garaşýarlar we gysga wagtyň içinde peýda bolýan suwy gaplara guýup almaga synanyşýarlar.

Suw ýetmezçiligi meselesi Çoganlyda we Aşgabadyň eteginde-de hasam güýçlendi. Käbir jaýlarda suw turbalarda bar hem bolsa, ýöne onuň basyşy gaty gowşak bolýar we hojalyk tehnikasyny ulanmaga mümkinçilik bermeýär. Ýerli ýaşaýjylar gijelerine kir ýuwýarlar.

"Kir ýuwýan maşynda eşik ýuwmak üçin aýalym gije turýar. Gündiz kir ýuwýan maşyn işlemeýär, suw basyşy ýeterlik däl" diýip, Çoganlynyň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Türkmenistanyň şäher we oba ýaşaýjylarynyň suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary uzaga çeken problema bolmagynda galýar. Şäher ilaty ençeme ýyl bäri jaýlaryna barýan suwuň kesilmegi, şeýle hem suwuň hiliniň erbetligi bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýär. Wagtal-wagtal suw posly we hlorly gelýär. Bu aralykda, oba ýerlerinde köplenç suw üpjünçiligi ulgamy göz öňünde tutulmaýar ýok we ýerli ilat suwy satyn almaga mejbur bolýar.

Soňky aýlarda Aşgabatda suw üpjünçiliginiň kesilmegi ýygy-ýygydan ýüze çykdy. Suw üpjünçiliginiň ozal bökdençsiz işleýän jaýlarynyň ýaşaýjylary hem indi suw ýetmezçiligini başdan geçirýärler.

"Tomsuň başyndan bäri suw basyşy gowşasa-da, öýümizde birinji gatda henişe suw bardy. Suw problemalary diňe köp gatly binalara degişlidir öýdýärdim, beýik binalarda suw ýokarky gatlara çykmaýandyr diýip pikir edipdim. Emma indi iki gatly özbaşdak jaýlarda hem kynçylyklar bar"- diýip, Aşgabadyň başga bir ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlygyň habarçylary tomus aýlarynyň başyndan bäri Aşgabatda suwuň yzygiderli kesilendigini habar berdiler. Iýun aýynda Aşgabadyň etraplary we paýtagtyň bir bölegine öwrülen öňki obalar suw üpjünçiliginiň köpçülikleýin kesilmegine sezewar boldy.

Bu aralykda, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary kwartiralara girýän suwuň hiliniň şeýle pesdigini, ýörite oturdylan filtrleri her hepdede çalyşmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Suw bar wagty gaty hapa bolýar.

Şäher häkimligi suwuň kesilip-durmagynyň sebäbini düşündirmedi.

Käbir çeşmelere görä, suwuň ýiti ýetmezçiligi paýtagtyň ilatyny üpjün etmek üçin niýetlenen suw üpjünçilik ulgamynyň täze gurulýan "Aşgabat-siti" toplumynyň zerurlyklary üçin ulanylýan bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy Aşgabat şäheriniň administrasiýasynyň we paýtagtyň şäher hyzmatlarynyň wekillerinden resmi taýdan maglumat alyp bilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG