Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda yssyda ençeme jaýyň ýaşaýjylary suwsuz galdy


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

7-nji iýulda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlara suw akdyrýan turbalaryň biriniň ýarylmagynyň netijesinde ençeme jaýyň ýaşaýjylary günüň dowamynda suwsyz galypdyr.

- Kemine köçesindäki öňki 'stekolka' [aýna zawodynyň] golaýynda irden agyz suwuny akdyrýan turba ýaryldy we häzire çenli sagat 18:00 çenli bejermediler, tutuş etrap suwsuz - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji iýulda öýlän habar berdi. Mundan iki sagat geçen soň turba bejerilipdir we jaýlaryň suw üpjünçiligi ýola goýlupdyr.

- Turba irden ýaryldy, suwy 20:00-dan soň berdiler. Tutuş günläp bejerdiler, könelişen sistemany barlap, sazladylar - diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, günüň dowamynda suwsuz galan ýaşaýjylar, häkimiýetler tarapyndan suw bilen üpjün edilmändir. Ozaky ýyllaryň tejribelerine görä, ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiliginiň kesilen ýagdaýynda agyz suwy ýörite awtoulaglar bilen getirilip, ýaşaýjylara paýlanýardy.

7-nji iýulda Aşgabatda howa 40 gradusa çenli gyzypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar çeşmeleri Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda suwuň yzygiderli kesilýändigini, käbir ýagdaýlarda infrastrukturanyň könelmeginiň muňa sebäp bolýandygyny habar berýärler. ​

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, suw üpjünçiligindäki problemalar bilen bir wagtda, kanalizasiýanyň näsazlygy meselesi hem şu günler köpçüligi bimaza edýär.

- Köp ýerde, hem köne, hem-de täze etraplarda kanalizasiýanyň ysy duýulýar. Barysy çüýräp, ýarylýar, akyp durýar, şol sanda ýerzeminlerde. Köne kanalizasiýanyň ýakymsyz ysy tutuş şäherde duýulýar, şol sanda Parahat 7/2 ýaly täze etraplarda - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri aýdýar.

Türkmenistanda täze we gymmatbaha gurluşyklaryň alnyp barylýan wagtynda şäheriň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlaryň infrastrukturasynda ýüze çykýan kemçilikler bilen bagly dürli oňaýsyzlyklary başdan geçirýärler.

Ýyllar boýy paýtagtyň ýaşaýjylary tomus suwsuz we toksuz kösenýärler, gyşda ýyladyş sistemasynyň, gazyň we elektrik togunyň öçüp durmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýagyşlardan soň köçelerde, binalaryň ýerzeminlerinde we jaýlaryň birinji gatlarynda suw jemlenýär.

Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistanda öý hojalyk hyzmatlarynyň hiliniň gowşaklygyna garamazdan, soňky dört ýylyň dowamynda olaryň nyrhy 60 esse göterildi.

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary häkimiýetler tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdelerinde gozgalmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG