Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwist Stambuldaky türkmen konulhanasynda başdan geçirenlerini gürrüň berdi


Farhad Durdyýew

1-nji awgusta Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen raýatlarynyň geçiren protest aksiýasyna baranlaryň biri Farhad Durdyýew birnäçe sagatlap konsulhananyň içinde saklandy. Aktiwist bu ýagdaýa sezewar bolup, urlup-ýenjilenden soň türk resmilerinden hemaýat sorady. Azatlyk Radiosy Farhad Durdyýew bilen söhbetdeş boldy we onuň başdan geçirenleri barada jikme-jik gürrüň bermegi sorady. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan maglumat alyp bolmady.

Azatlyk Radiosy: Farhad, gürrüňdeşlik üçin sag boluň? Ýagdaýyňyz nähili, özüňizi nähili duýýarsyňyz?

Farhad Durdyýew: Bu wagt gaty bir gowy däl ýagdaýym. Içime urlandan soň dem almam kyn. Dogry, biraz daýanýarys isler çözülýänça. Ine, şu gün prokuratura barmaly, baransoň, işler biraz çözülensoň keselhana ýatjak bolýarys. Şoňa çenli şu mahala çenli biz çykmaly däl.

Şu wagt üç sany oglan bolup, hemmämiz hem goragly ýerde oturýarys.

Azatlyk Radiosy: Birinji awgustda bolan ýagdaýlar barada jikme-jik gürrüň etsek, garaşsyz maglumatlara görä, siz konsulhana proteste gatnaşmak üçin barýan wagtyňyz, sizi saklapdyrlar we ilçihana alyp barypdyrlar, kim sizi saklady we ilçihana nädip düşdüňiz? Özüňiz gürrüň beräýseňiz?

Farhad Durdyýew: Biz şol proteste barýardyk. Ilçihana 400 metr galanda iki sany türkmen oglan çilim çekip duran eken, ýoluň gyrasynda. Men olary ýüzünden tanaýan, salamlaşdyk.

Soň olar: “Farhat näme işläp ýörsüň bärde”, diýdiler, men “hak-hukuklarymyzy soramak üçin, biziň elimizde proteste resmi rugsadymyz bar, hemme zadymyz bar, şoňa geldik welin, adamlary polisiýa alýarmyş, şony bir soraýyn diýip gelýän”, - diýsem, - “Bizem şoňa geldik, Farhat”, diýdi, – “Gel, isleseň maşynly gideli”, diýdi. Şonda ikisi meni LB [Lebap] nomerli “Hundai Elantra” maşynyna mündürdi. Eýýäm maşyna münemde bu oglanlaryň arzy üýtgedi. Ikisiniň hem ýanynda pistolet, pyçak bar. Meni arka [tarapyna] mündürdiler. Eýýäm bidim, tutulanymy, emma düşünmedin.

Ilçihananyň arka gapysyndan alyp girdiler. Içeri gerenden soň dört bolup [awtoulagdan] düşdük. Ilçihananyň diplomatlary gapynyň agzynda dur. Bäş adam töweregi. Getirdiler-de ine size gerek adam, ine bunt turuzjak adamlaryň ýene birini tutduk, ine näme etseňiz ediberiň diýip olar gaýdyp, yzyna çykyp gitdiler.

Şonda meniň eden işim boldy, 30 sekinda ýeter-ýetmez, men oglan dostuma telefon edip ýetişdim. “Meni ilçihana aldylar”, diýdim. Olar telefonumy elimden çekip aldylar, içerik saldylar we kameralaryň öçürilmegini gygyrdy.

Azatlyk Radiosy: Soň konsulhananyň içinde näme boldy? Jikme-jik gürrüň beräýseňiz.

Farhad Durdyýew: Içihananyň içine girenimizden soň bular meni urup başladylar. Ýerli ýerden urup başladylar. “Sen näme üçin geldiň” diýdiler. Hapa paýyş sözler bilen sögdüler.

Men diýdim: “Men hak-hukugymy goramak üçin geldim, men pasport üçin geldim” diýdim.

Onda olar “Sen kim, sen hemme zady bilip, ýurduň problemasyny çözer ýaly, sen kim?” diýip, bir topar ýok günäleri üstüme ýükläp, urup başlarylar.

Soň meniň TikTok efirinde 16 sany wideom bardy, ýurtda bolup geçýän diktatura režiminiň ýagdaýlary, ykdysady çökgünliligi hakda. Her wideomy goýup, urmaga başladylar.

Soň ýene urdular, men tapdan düşenimden soň, telefon etdiler. Görsem, Aşgabada jaň edipdirler, MHM-niň işgärlerine jaň edipdirler. Olaram hapa paýyş sözler bilen: “Sen Arkadagymyzdan ötünç soramaly” diýip, meni mejbur [ötünç] soratjak boldular. Menem boýun gaçyrdym. Soň ýene urdular.

Azatlyk Radiosy: Farhat, sizi uran adamlar kim? Olar size özlerini tanatdymy ýa-da siziň özüňiz olary tanadyňyzmy?

Farhad Durdyýew: Men olary ýüzüni görsem tanaýaryn, ýöne takyk atlaryny bilemok.

Azatlyk Radiosy: Olar ilçihananyň işgärlerimi?

Farhad Durdyýew: Hawa, olaryň hemmesi ilçihananyň işgärleri.

Azatlyk Radiosy: Muny nireden bilýärsiňiz? Öň baranyňyzda gördüňizmi?

Farhad Durdyýew: Hawa, men bilýarin. Sebäbi, men ozal bir gezek baranymda olaryň dördüsini hem şol ýerde gördüm. Dört sanysy ilçihananyň işgärleri, galanlary şol hakyna tutulan kargo [firmasynyň] adamlary.

Azatlyk Radiosy: Soň sizi wekilhanadan nädip çykardylar, nädip boşadyňyz?

Farhad Durdyýew: Meniň wekilhanadan çykmagym [şeýleräk bolup geçdi]: Şol taýda meni ikinji sapar uranlarynda, men özümden gidýärin, huşumy ýitirýärin. Soň ‘bu öldi’ diýip, gorkup, meni kondisionerli jaýa geçirip goýýarlar; bir gara diwanyň üstüne geçirip ýatyrýarlar. Soň suw zat sepişdirýärler, ýüzüme ‘özüne gelsin’ diýip.

Soň bir gözümi açdym, daşardan bir ‘neýtralnyý polis’ gelipdir. Ýagny, meni eýýäm daşardaky aktiwistler gözlege beripdirler, ‘şu adamymyz alyndy, üç sagatdan bäri hem ýok, wekilhananyň içinde’ diýip. Bu ýerde polisiýanyň bir ýörite gullugy bar, olara “sobstwennyý ohrana” diýilýär, şonuň başlygy diýip pikir etdim men. Şol geldi.

Gözüm açylan wagty meniň gözüm şoňa düşdi, özüme gelenimde. “Näme boldy?” diýip, sorady. Meni uran adamlaryň ählisi ylgaşyp, munuň öňünden çykdylar: “Bu watan dönügi, watan duşmany, bize-de el galdyrdy. Bize bir topar hapa-paýyş sögdi” diýip, [meniň üstümden arz edip], onuň öňünden çykdylar.

Soňra, ol geldi, oturdy. Men ofisere diýdim: “Ýaşuly, seret, meniň ýagdaýyma! Men ýerimden galyp bilemok” diýdim. “Seniň özüň pikirlenip gör!” diýdim. Ol ýerde tas sekiz töweregi adam bardy. “Munça adamy meniň ýeke özüm nädip uraýyn!?” diýdim. “Meniň ýagdaýyma-da seret!” diýdim, “ýerimden galyp bilmän, şu wagt huşuma geldim” diýdim.

Soňra bu [howpsuzlyk işgäri] diýdi: “Terrorçymysyňyz? Bize habar berlende ‘terrorçylar’ gelýär diýip, habar berdiler” diýdi.

Men hem oňa diýdim: “Ýok, biz terrorçy däl. Biz ýollaryň açylmagy üçin, öz hak-hukuklarymyz üçin, pasportlarymyzyň uzaldylmagy üçin, soňra-da, köne pasportly ýa-da zagran pasportlaryny ýitiren watandaşlarymyz bar, şol watandaşlarymyza täzeden pasport berilmegi üçin [bu ýere] geldik” diýdim.

“Men haçan terrorçy bolýaryn!? Haçan-da men Türkmenistanyň raýaty bolup, Özbegistanyň ilçihanasyna barsam, terrorçy bolup bilerin. Ýöne men Türkmenistanyň raýaty bolup, Türkmenistanyň ilçihanasyna gelsem, meniň hiç hili terrorçy bolmaga hakym ýok. Elimde ýaragym ýok, sowuk ýaragym ýok, nädip men terrorçy bolýaryn!?” diýdim.

“Birem, biziň elimizde rugsatnamamyz hem bar. Ýa goh edemizok” diýdim.

Bular öňünden taýýarlanypdyrlar şol taýda.

Men şeýle zatlary diýenimden soňra ýaňky ofiser: “Seniňki dogry!” diýdi.

Soňra meni daşary çykardylar.

Şeýdip, bu ofiser meni çykaryp ugratdy. Çykyp barýan wagtym hem bu ofiser şol wekilhananyň işgärlerine-de sögdi:

“Siz nähili samsyk?” diýdi. “Näme üçin muny urduňyz? Üstesine-de edaranyň içinde, döwlet edarasynyň içine, jaýyň içine salyp urduňyz?” diýdi. “Siz gaty günä galdyňyz şu wagt. Häzir biz öz başymyza-da iş açarys” diýdi.

Olar “hususy ohrana” bolandyklary sebäpli, pul tölense gelýärler.

“Biz beýle ýagdaýyň bolandygyny bilen bolsadyk, biz gelmezdik” diýdi.

Azatlyk Radiosy: Farhad, indi siz näme etmekçi, şol ýagdaý bilen bagly?

Farhad Durdyýew: Indi, bu ýagdaýa men seredip durjak däl. Muny hemme ýere-de ýetirdim. Hatda içeri işler ministrine çenli ýetirdim.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň Içeri işler ministrliginemi?

Farhad Durdyýew: Hawa, Türkiýäniň. Sag bolsunlar, [tussag edilenleri] iki-üç günüň içinde çykaryp berjek diýdiler, adwokatlar. Şu gün hem häzir adwokatlary özümiz ugradyp otyrys. Sag bolsun, taňry ýalkasyn! Adwokatlar iki-üç günüň içinde, içeri alnan oglanlarymyzyň hemmesini, 10 adamyň hemmesini, iki-üç günüň içinde çykaryp berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG