Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýsüz-öwzarsyz pişikleri zäherlemek işleri ýene güýçlendi


Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň birindäki pişikler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň birindäki pişikler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Şu günler paýtagt Aşgabatda öýsüz-öwzarsyz pişikleri zäherlemek we olary ýok etmek işleri gaýtadan güýçlendi. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy munuň şäheriň ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlary müdirliginiň täze ýolbaşçysynyň wezipä girişmeginiň yzýany güýçlenip başlandygyny aýdýar.

Ýatlatsak, şäheriň ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlarynyň başlygynyň tussag edilendigi we onuň sürüjisiniň sorag edilenden soňra ölendigi barada Azatlyk we garaşsyz neşirler geçen aýyň ahyrynda habar beripdiler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, pişikleri zäherlemek işleri geçen hepde paýtagtyň merkezi etrapçalarynyň tas ählisinde, hususan-da Parahat we Howdan "A", "B", "W" etrapçalarynda, Görogly köçesiniň ugrunda güýçlenip başlandy.

Bu işleri esasan jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler amal edýärler. Olar zäherlenen et önümlerine, kolbasalara awy sepip, olary pişikleriň barýan ýerlerine, suw goýberilmeýän aryklara zyňýarlar.

"Şäherde itler tas ýok diýen ýaly. Sebäbi olaryň tas ählisini zäherläp, ýok etdiler. Pişikler gaty az. Muňa garamazdan, häzir olary zäherläp tutmak, soňra-da ýok etmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran haýwanlary goraýjy aşgabatly aktiwist habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, haýwanlary goraýjy aktiwistleriň käbiri jemagat hojalygy edaralarynyň işgärlerine, şol sanda köçe süpürijilere para berip, pişikleri zäherlemezligi haýyş edýärler.

"Olar parany aldylar we "bolýar" diýip gitdiler. Ýöne aradan birnäçe gün geçensoň gaýtadan gelip, pişikleri köpçülikleýin zäherläp, bogup başladylar. Şonda haýwanlary goraýjy başga bir aktiwist bogulyp duran pişigi köçe süpürijileriň elinden aldy. Pişik gaçyp gitdi. Ýöne köçe süpürijileri aktiwisti sübse bilen urdular" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Habarçymyz Aşgabadyň çetki etraplarynda bolsa, eýeli we eýesiz itleriň zäherlenip ýa-da tutulyp öldürilýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, tutulan itleriň käbiri jemagat hojalygy edaralarynyň mämişe reňkdäki ulaglaryna ýüklenýär we şonuň içinde suwsuz we iýmsiz, birnäçe günläp saklanýar. Netijede, itler açlykdan, suwsuzlykdan we howasyzlykdan ölýär.

"Arassa tohumly itler angara alnyp gidilýär. Bu ýerde itleri haýwanlary goraýjy aktiwistlere bikanun satýarlar. Bu ýerdäki işgärler itleriň her biri üçin 350 manat talap edýärler" diýip, haýwanlary goraýjy aktiwist aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlary müdirliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda eýeli we eýesiz it-pişikleri zäherläp, tutup ýok etmek işleri azyndan bäş ýyl bäri dowam edýär. Bu çäre wagtal-wagtal, hususan-da ýurtda geçirilýän halkara çäreleriniň we baýramçylyklaryň öňüsyrasynda has-da güýçlendirilýär.

Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat bu çäre barada kelam agyz söz sözlemeýär.

Bu çäräniň arasynda, türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň käbir maşgala agzalaryny öý haýwanlarynyň howandary hökmünde görkezýär. Şeýle-de, döwlet baştutany alabaý itleri hakda kitap ýazýar, olara goşgy bagyşlaýar we aýdym aýdýar. Ýurduň metbugaty prezidentiň "Türkmen alabaýy" atly kitabynyň "halkyň durmuşynda we ykbalynda" möhüm rol oýnaýandygyny öňe sürýär.

Soňky bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda paýtagtda alabaý itine ýadygärlik açyldy, itleriň gözellik bäsleşigi, Türkmen alabaýynyň baýramçylygy, şeýle hem itler üçin medal we "Türkmen edermen alabaýy" ady döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň mejlisi it ösdürip ýetişdirýänler üçin “Halk itşynasy” we “At gazanan itşynasy” ýaly atlaryň döredilmegini tassyklady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG