Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Olimpiýa medalyny gazanan Polina Gurýewa Türkmenistana dolanýar


Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny Türkmenistandan Polina Gurýewa aldy. Tokio, 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa watanyna dolanýar. Bu habar 12-nji awgustda irden sportçynyň Instagram sahypasynda peýda boldy.​

Olimpiýa medalyny gazanan Polina Gurýewa Türkmenistana dolanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:05 0:00

Bu wideo we "Türkmenbaşa uçmakcy" we "Türkiýe hoş" ýazgyly suratly habarlar Polina Gurýewanyň Instagram sahypasynda 12-nji awgustda irden peýda boldy.

Polina Gurýewanyň Instagram sahypasyndan surat
Polina Gurýewanyň Instagram sahypasyndan surat

27-nji iýunda 59 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen agyr atletika ýaryşlarynda Gurýewa 217 kg (96 + 121) agram göterip, üstünlik gazandy.

Bu, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk taryhynda türkmen türgenleri Olimpiýa oýunlarynda medal gazanyp bilmediler. Geçmişde türkmen sportçylary Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazananda, Türkmenistan Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolup, SSSR üçin bäsleşipdi.

Döwlet metbugaty Türkmenistanyň häzirki sport üstünlikleriniň taryhynda ilkinji olimpiýa medalynyň gazanylmagyny giňişleýin beýan etmedi.

Döwlet telewideniýesi ýurt üçin gazanylan medal barada beren habarynda Olimpiýa medalynyň eýesini "biziň türgenimiz" diýlip atlandyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde berlen bu habarda Polina Guryýewanyň ady agzalmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň we sport janköýerleriniň ýurdy üçin Olimpiýa medalyny gazanan sportçyny nähili garşy almak isleýändikleri entek belli däl.

Polina Gurýewanyň Instagram sahypasyndan surat
Polina Gurýewanyň Instagram sahypasyndan surat

Tokioda 23-nji iýul we 8-nji awgust aralygynda geçen Olimpiýa oýunlaryna 9 türkmen türgeni gatnaşdy. Olar dört sport görnüşi - ýüzmek, dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika boýunça bäsleşdiler.

Olimpiýa oýunlaryna baran türkmen delegasiýasyna Türkmenistanyň prezidentiniň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG