Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda COVID-a garşy waksinany tölegli etmek barada welaýat derejesinde maslahat edilýär


Türkmenistanda jemgyýetçilik awtobusynda sapar edýän ýüzi maskaly ýolagçylar. Illýustrasiýa suraty

Lebapda COVID-a garşy waksinanyň döwlet býujetine agram salýandygy aýdylyp, ilata edilýän sanjymy tölegli etmek plany barada welaýatyň saglyk müdirligi derejesinde maslahat edilýär. Bu barada müdirligiň birnäçe saglyk işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Saglyk işgärleriniň aýtmagyna görä, geçirilýän maslahatlarda bir sanjymyň umumy bahasynyň, ony import etmek we sowadyjyda saklamak işleri nazara alnanda, $28-a düşýändigi bellenilýär.

"Maslahatlarda 2 million waksina ilata mugt berlende, onuň döwlet býujetine $60 million zyýan ýetirýändigi aýdylýar. Şol sebäpli bu zyýanyň hiç bolmanda bir bölegini halkyň hasabyna maliýeleşdirmegiň ýollary öwrenilýär" diýip, saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Ol eger bu plan durmuşa geçirilse, onda 15-nji awgustdan başlap waksinanyň tölegli ediljekdigini, ýöne onuň näçe göteriminiň raýatlara tölediljekdigi barada anyk maglumatyň ýokdugyny hem belledi.

Bellesek, häzirki wagt Türkmenistan öz ilatyna COVID-19-a garşy sanjymy mugt amal edýär.

Şeýle-de, saglyk işgärleri häzirki wagtda hytaý waksinalarynyň importynyň gijikdirilýändigini we munuň sebäbiniň ýurtdaky "hut şu maliýe problemasy bilen baglanyşyklydygyny" hem aýtdylar.

"Welaýatyň käbir sebitlerinde, şol sanda Farabyň 1-nji Saglyk öýünde hem-de sanitariýa we epidemiologiýa merkezinde waksina gutardy. Şol sebäpli sanjym etmek işleri hem togtadyldy. Edil şeýle ýagdaý Darganata we Seýdi şäherlerinde hem gaýtalanýar. Sebäbi Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebapdaky edarasyna waksina gelmändir" diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Ýatlatsak, Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýünde hem waksinanyň ýokdugy sebäpli raýatlaryň sanjym etdirmek talabynyň ret edilýändigini paýtagtdaky habarçymyz geçen hepde habar beripdi.

Beýleki tarapdan, geçen hepdäniň ahyrynda Lebapdaky habarçymyz welaýatyň käbir sebitlerinde koronawirusa garşy öz wagtynda waksina etdirmedik raýatlara 113 manat jerime salnyp, 300 manat möçberinde sanjym bahasynyň töledilýändigini habar berdi. Şonda býujet işgäri öz wagtynda waksina etdirmedik raýatlaryň sanynyň gaty köpdügini aýdyp, olara jerime salmak esasynda "döwlete uly girdeji gelýändigini" aýdypdy.

Azatlyga ýokarda aýdylanlar dogrusynda Lebap welaýat saglyk müdirliginden we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebapdaky edarasyndan kommentariý almak başartmady.

Ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri 7-nji iýulda koronawirusa garşy waksinany hökmany diýip yglan etdi. Şeýlelik bilen Türkmenistan dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi.

Bu karar, ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýän, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň wirusa garşy ätiýaçlyk çärelerini we waksina etmek işlerini günsaýyn güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.

Karardan sanlyja gün soň, 9-njy iýulda Türkmenistanyň Bütindünýä bankyndan COVID-19-a garşy alyp barýan çärelerini güýçlendirmek üçin $20 million möçberinde karz pul alýandygy mälim boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara 16-njy iýulda gol çekdi we ýene bir gezek döwletiň “COVID-19-a garşy durmak, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak” üçin ähli çäräni görjekdigini nygtady.

Şeýle-de, döwlet baştutany alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini aýdypdy.

Bu aralykda, "The Diplomat" neşiri Türkmenistanda pandemiýa barada maglumat berýän žurnalistleriň türmä basylýandygyna garamazdan, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan üçin COVID-19 karzyny bermegi tassyklandygy barada makala çap etdi.

Neşiriň habarynda 26 ýaşly Nurgeldi Halykowyň Bütindünýä saglyk guramasynyň Aşgabada gelen toparynyň wekilleriniň sosial mediada çykan fotosuratyny alyp, düýbi Gollandiýada ýerleşýän “Turkmen.news” habar saýtyna iberenden soň tussag edilendigini we onuň indi bir ýyl bäri türmede oturandygyny ýatladylýar.

"Halykow galp aýyplamalar bilen tussag edilenden gysga wagt soň, Bütindünýä banky türkmen hökümeti bilen karz barada gepleşik geçirip başlady... COVID-19 bilen baglanyşykly suraty paýlaşandygy üçin bir žurnalist gözenegiň aňyrsynda saklanýarka, Bütindünýä bankynyň wekilleri COVID-19-a garşy göreşini goldamak üçin şol žurnalisti türmä basan hökümete näçe million dollar karz bermelidigi barada karar berdiler" diýlip, 12-nji awgustda çap edilen habarda belleýär.

Şeýle-de, neşir Türkmenistanda söz azatlygynyň we maglumat almak hukugynyň düýbünden inkär edilýändigini ýatladyp, COVID-19 döwründe ýagdaýyň hasam erbetleşendigini belleýär.

"Häkimiýetler pandemiýany adam hukuklaryny has-da çäklendirmek we esasy azatlyklary basyp ýatyrmak üçin bahana hökmünde ulandylar" diýlip, habarda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG