Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" Kabulyň alkymynda. Paýtagtyň uruşsyz tabşyrylmagy üçin gepleşik geçirilýär


15-nji awgust, talyban söweşijileri Jalalabatda.

"Talyban" hereketiniň söweşijileri 15-nji awgustda Owganystanyň paýtagty Kabuly çar tarapyndan gurşap, şähere zabt etmäge başlady. Emma olar birden şäherde gyrgynçylyk we repressiýa çärelerine ýol bermän, "şäheriň parahatçylykly tabşyrylmagy" we prezident Aşraf Ganiniň hökümetiniň tabyn bolmagy baradaky gepleşiklere gaýdyp gelmek isleýändiklerini aýtdylar. Soňky pursatlarda Mazar-e Şerif we Jelalabat ýaly uly şäherler, biraz öň bolsa Kandahar we Hyrat ele geçirilenden soň, ýurduň galan bölegi eýýäm olaryň gözegçiliginde geçdi. Doly dargan owgan goşuny söweşmän gaçýar, olaryň käbiri goňşy Täjigistana we Özbegistana aşdy diýen maglumatlar bar; ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky günbatar hökümetleri bolsa, mümkin bolan adamlaryň ählisini Kabuldan howa arkaly ewakuasiýa edýär.

15-nji awgustda öýlän Kabulyň köçelerinde bulam-bujarlyk we aljyraňňylyk höküm sürýär diýip, habarlarda aýdylýar.

Ýaşaýjylaryň bir bölegi şäheri terk etmäge synanyşsa, hökümet işgärleri aldygyna gaçýar, dolandyryş eadaralary, polisiýa bölümleri, goşun bölümleri ýapyldy, dükanlar we bazarlar işini bes etdi.

"Talyban" Owganystany doly gözegçiligine almaga ýakyn geldi, paýtagt Kabul hökümetiň gözegçiliginde galan ýeke-täk esasy sebit bolup galdy.

Prezident köşgi 15-nji awgustda sosial ulgamlarda Kabulyň töweregindäki birnäçe nokatda atyşyk sesleriniň eşidilendigini, ýöne howpsuzlyk güýçleriniň halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde şäheri öz gözegçiliginde saklaýandygyny aýtdy.

"Dowla düşmäň! Kabul howpsuz!" diýip, prezident Aşraf Ganiniň baş sekretary Matin Bek twitterde ýazdy.

Bu beýanat "Talybanyň" Owganystanyň paýtagtyny "zor bilen" almak planynyň ýokdugyny, emma ady aýdylmadyk owgan resmileriniň "Associated Press" habar gullugyna talyban söweşijileriniň eýýäm paýtagtyň Kalakan, Garabag we Pagman etraplaryna gelendigini aýdanyndan soň edildi.

"Talyban" şähere güýç we söweş bilen girmek niýetiniň ýokdugyny, ýöne Kabula parahatçylykly girmek üçin beýleki tarap bilen gepleşik geçirýändigini" aýtdy.

Pitneçi topar öz söweşijilerine owgan paýtagtynyň derwezesiniň agzynda durmagy, şäheriň içine girmezligi tabşyrandygyny aýtdy.

Içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Satar Mirzakwal wideoda Kabulyň geçiş hökümetine parahatçylykly ýagdaýda beriljekdigini aýtdy.

Owgan resmisi "Associated Press" habar gullugyna "Talyban" gepleşikçileriniň häkimiýet "geçişi" barada gepleşmek üçin prezident köşgüne barýandyklaryny aýtdy. Jezalandyrylmak gorkusy sebäpli adynyň aýdylmazlygy şerti bilen çykyş eden resmi 15-nji awgustda maksadyň hökümeti “Talybana” parahatçylykly tabşyrmakdan ybarat bolandygyny aýtdy.

"Talybanyň" metbugat sekretary Azadi radiosyna häkimiýeti parahatçylykly geçirmek üçin gepleşik geçirýändigini tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat bermedi.

Goranmak ministri Bismillah Han Mohammadi hem Facebookda çap edilen wideo ýüzlenmesinde, ýaragly güýçleriň wekili hökmünde, Kabulyň howpsuzlygyny kepillendirýändigini aýtdy.

Ol prezident Aşraf Ganiniň içerki syýasatçylar bilen duşuşandygyny we olara "Talyban" bilen ylalaşyk gazanmak maksady bilen 16-njy awgustda Doha iberiljek abraýly delegasiýany düzmek jogapkärçiligini berendigini hem mälim etdi.

"Tä ylalaşyk gazanylýança Kabulyň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigine men siziň öňüňizde kepillik berýärin" diýip, Mohammadi aýtdy.

Kabul şäheriniň ýaşaýjylary paýtagtyň etegindäki gyrak-bujak ýerleriň käbirinde gozgalaňçylary görendiklerini habar berdiler.

Gozgalaňçylar Mazare-Şerif synadan az wagt soň, 15-nji awgustda gündogardaky esasy şäher bolan Jalalabady ele geçirip, hökümet gözegçiliginde diňe Kabulyň galmagyny gazandylar.

Kabul, 9-njy awgust, 2021. Içerki bosgunlara azyk paýlanýar.
Kabul, 9-njy awgust, 2021. Içerki bosgunlara azyk paýlanýar.

Welaýat geňeşiniň agzasy Azadi radiosyna söweşijileriň 15-nji awgustda Maýdan Wardagyň paýtagty Maýdan Şary hem alandyklaryny aýtdy. Howpsuzlyk gullugyndaky çeşme bolsa Azadi radiosyna gozgalaňçylaryň merkezi Bamýan welaýatyny hiç hili söweşsiz ele geçirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň ýurtdan çykarylmagy bilen, Owganystanyň hökümetine edýän basyşlaryny güýçlendiren "Talyban" soňky bir hepdäniň dowamynda ýurduň uly bölegini ele geçirdi.

Hüjümler geçen hepde güýçlendi we owgan goşunlarynyň goranyşa düýpden ukypsyz ýaly bolup çykmagy günbatar hökümetlerini haýran galdyrdy. Şu aralykda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Angliýa öz raýatlaryny we özlerinde işleýän owganlary ewakuasiýa etmek üçin goşmaça goşun iberdiler.

Baýden goşamça goşun ibermek kararyny yglan edip, ABŞ güýçleriniň bu ýurtdan çalt çykarylmagy baradaky kararyny hem gorady we Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky missiýasynyň uzaldylmagyna garşy delillerini öňe sürdi.

"Owganystandaky 20 ýyllyk söweşinde Amerika iň gowy ýigitlerini we zenanlaryny iberdi, 1 trillion dollar töweregi maýa goýdy, 300,000-den gowrak owgan esgerine we polisiýasyna tälim berdi, olary iň häzirki zaman harby enjamlary bilen üpjün etdi we goldady, ABŞ-nyň taryhynda iň uzaga çeken urşuň çäginde ýurduň harby-howa güýçlerini kemala getirdi” diýip, Baýden aýtdy.

"Owgan goşuny öz ýurduny gorap saklap bilmese ýa-da gorap saklamak islemese, ABŞ-nyň harby güýçleriniň bu ýurtda ýene bir ýyl ýa-da ýene bäş ýyl artykmaç galmagy üýtgeşiklik döredip bilmez. Meniň üçin Amerikanyň başga bir ýurduň raýat konfliktiniň arasynda soňsuz saklanyp kabul ederliksiz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Laşkar Gäh, Helmand welaýatynyň paýtagty hem soňky iki günde synan şäherleriň biri boldy. 13-nji awgust, 2021.
Laşkar Gäh, Helmand welaýatynyň paýtagty hem soňky iki günde synan şäherleriň biri boldy. 13-nji awgust, 2021.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG