Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel ýokarlanan dartgynlylygyň arasynda Moskwa hoşlaşyk saparyny amala aşyrýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. Arhiw suraty.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça ýokarlanan dartgynlylygyň arasynda prezident Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa sapar edýär. Bu onuň öňümizdäki aý Germaniýada geçiriljek saýlawlardan soň syýasatdan dynç alyşa çykmagynyň öň ýany Russiýa amala aşyrýan iň soňky resmi sapary bolar.

Merkel we Putin ikitaraplaýyn gatnaşyklar, COVID-19 pandemiýasy, Owganystandaky ýagdaýlar we Ukrainadaky togtadylan parahatçylyk gepleşikleri ýaly halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar diýip, kansleriň edarasy 18-nji awgustda aýtdy.

Iki lideriň Baltik deňziniň asty bilen rus gazyny Germaniýa iberjek “Demirgazyk akymy 2” gaz geçirijisini hem maslahatlaşmagyna garaşylýar. Bu gaz geçirijiniň gurluşygy tas doly tamamlandy diýen ýaly. Belarus, migrant meseleleri, Siriýa, şeýle-de, rus kiber-hüjümleri we beýleki maglumat operasiýalary ýaly meseleleriň hem maslahatlaşylmagy ahmal. Germaniýada sentýabrda saýlawlar geçirilýär.

Germaniýa we ABŞ iýulda “Demirgazyk akymy 2” babatynda ylalaşyk gazanyp, iki ýaranyň arasynda ençeme ýyl bäri dowam eden dawa-jenjeli soňlady we Ukraina goldaw bermek hem-de Russiýa, eger ol energiýany syýasy basyş üçin ulanjak bolsa, garşy çykmak babatynda bilelikde wada berdi.

Merkel Russiýadan soň 22-nji awgustda prezident Wolodymyr Zelenskiý bilen gepleşik geçirmek üçin Ukraina sapar eder.

Fransiýa bilen bir hatarda Germaniýa Ukrainada Kreml goldawly separatistler bilen Kiýew hökümetiniň arasyndaky çaknyşyklarda araçy bolmaga synanyşýar.

Merkeliň Moskwa amala aşyrýan sapary oppozisiýaçy Alekseý Nawalnynyň Sibirde nerw agenti bilen zäherlenmeginiň birinji ýyldönümine gabat gelýär. Putiniň tankytçylary Nawalnynyň zäherlenmegi babatynda Kremli aýyplaýar. Korrupsiýa garşy göreşiji Germaniýada ömrüni halas eden bejergi alyp, ýanwar aýynda Moskwa dolananda tussag edildi.

“Bir ýyl mundan ozal tas öldürilen oppozisiýa aktiwistiniň işi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara agram saljak birnäçe gapma-garşylykly meseläniň bir bölegidir” diýip, Germaniýanyň “Sueddeutsche Zeitung” gazeti saparyň öň ýany çap eden analizinde aýtdy.

Kreml özüniň Nawalnyny zäherländigini ret edýär we onuň türme tussaglygynyň syýasy däldigini aýdýar. Ýöne häkimiýetler Russiýada sentýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öň ýany Nawalnynyň syýasy edarasyny we korrupsiýa garşy gaznasyny gadagan etdi.

German we Günbatar barlaghanalary Nawalnynyň sowetleriňki ýaly harby nerw agenti bolan “Nowiçok” bilen zäherlenendigini anyklady. Muňa jogap edip, Germaniýa we ÝB Russiýany “jana kast edişlik” synanyşygyny derňemäge çagyrdy hem-de birnäçe adama garşy sanksiýa girizdi.

“Biz jenap Nawalnynyň syýasy matlaplar bilen tussag edilmegi, şeýle-de sentýabrda geçiriljek Döwlet Dumasynyň saýlawlarynyň öň ýany jenap Nawalnynyň guramasynyň we sebitlerdäki edaralarynyň ýapylmagy barada çuňňur aladalanýarys” diýip, Ýewropa Bileleşigi tussaglykdaky oppozisiýa lideriniň zäherlenmeginiň ýyldönüminiň öň ýany, 19-njy awgustda beýanat berdi.

“Ýewropa Bileleşigi jenap Nawalnynyň derhal we şertsiz boşadylmagy boýunça Russiýa eden çagyryşlaryny gaýtalaýar” diýip, beýanat aýtdy.

Merkel Nawalnynyň azat edilmegi üçin gaýta-gaýta çagyryş etdi. Ol Putin bilen geçirjek gepleşiklerinde bu meseläni, şeýle-de raýat jemgyýetine edilýän basyşlary gün tertibine getirmegi mümkin.

Moskwadaky Daşary işler ministrligi 19-njy awgustda beýanat çap edip, Germaniýany we onuň ýaranlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň gözünde Russiýanyň abraýyny pese gaçyrmak üçin prowakasiýa bilen meşgullanmakda aýyplady we Nawalnynyň “Nowiçok” bilen zäherlenendigi barasynda ýene bir gezek subutnama talap etdi.

Ýewropa syýasatynyň belentliklerinde 16 ýyl geçiren Merkel 26-njy sentýabrda Germaniýada geçiriljek saýlawlaryň yz ýany, dört möhleti tamamlap, işden çekilýär.

Ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe Merkel ähli günbatar liderlerinden has köp gezek Putin bilen duşuşdy, telefonda gürleşdi. Uly ýaşly iki döwlet adamsy Ukraina meselesinden Eýranyň ýadro şertnamasyna, ondan Siriýadaky çaknyşyklara çenli global diplomatiýanyň käbir iň agyr meseleleri boýunça iş salyşdylar.

“Ol tejribeli syýasatçy we örän gönümel adam. Ol biziň ylalaşan ähli zatlarymyzda örän ygtybarly. Ol öz pozisiýasyny goraýan örän durnukly adam” diýip, Dresdende işlän we nemesçe gürleýän öňki KGB ofiseri Putin birwagtlar Merkel barada gürrüň beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG