Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM ulag satyn alan raýatlardan aýlyk girdejisiniň deklarasiýasyny talap edýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM)Lebap welaýatyndaky müdirligi bahasy azyndan 200 müň manada barabar bolan awtoulagy satyn alan raýatlardan aýlyk girdejisiniň deklarasiýasyny talap edýär. Deklarasiýany dolduryp bilmedik raýatlara garşy sud işi gozgalýar ýa-da olaryň ulaglary elinden alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan maglumat berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Türkmenabat we Farap şäherlerinde MHM-niň işgärleri soňky üç aýyň dowamynda azyndan 200 müň manada barabar bolan awtoulagy satyn alan raýatlaryň öýlerine aýlanýar.

Olar raýatlara bu awtoulagyň bahasynyň resmi kursda tas $60000-e barabardygyny aýdyp, olardan aýlyk girdejisiniň deklarasiýasyny, ýagny ulagy satyn alyp biljek mukdarda girdejisiniň bardygyny subut etmegi talap edýärler. Ýöne olar bu talap baradaky resmi kagyzy görkezip, onuň sebäplerini düşündirmeýärler.

"Soňky ýyllarda manadyň hümmetsizlenmegi netijesinde 2013-2015-nji ýyllarda öndürilen, könelişen awtoulaglar 200 müň we 300 müň manatdan bahalanýar. Ulag 300 müň manat bolanda-da, onuň bahasy gara bazaryň nyrhynda 10 müň dollara ýetmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ýaşaýjy 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Merkezi Banky bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Şeýle-de, 2016-njy ýylyň başynda häkimiýetler dollaryň resmi söwdasyny gadagan edensoň, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi.

Ilatyň arasynda daşary ýurt walýutasyna bolan talap, dollaryň gara bazardaky bahasynyň onuň resmi kursundan 10 esse ýokarlanmagyna getirdi. Netijede, ýurtda azyk we senagat harytlarynyň nyrhlary tapgyrlaýyn esasda gymmatlap, olar dollaryň gara bazardaky nyrhy bilen utgaşdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaplylaryň ençemesi bu ulaglary döwletiň berýän aýlygyna satyn almagyň düýbünden mümkin däldigini aýdýar. Olaryň sözlerine görä, ýaşaýjylaryň aglabasy bu ulaglary daşary ýurtlarda işleýän dogan-garyndaşlarynyň iberen dollarynyň hasabyna satyn alýarlar.

"Ýurduň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlaryň ortaça aýlyk haky 1200 manada barabar. Bu resmi kursda $350-a, gara bazaryň nyrhynda $35-a deňdir. Bu aýlyga güzeran ekläp, ulag almak mümkin däl. Köp adam daşary ýurtlarda işleýän dogan-garyndaşlarynyň iberen dollaryny gara bazarda çalşyp, şonuň hasabyna ulag satyn alýar" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary öz ýurt içindäki dogan-garyndaşlaryna tanyş-bilişleri arkaly dollar ýollaýarlar. Olaryň iberen daşary ýurt walýutasynyň möçberi tas hiç bir ýerde resmi taýdan hasaba alynmaýar.

"Hut şu sebäpden MHM-niň soraýan deklarasiýasyny doldurmak kyn, hatda mümkin däl. Şol sebäpli adamlar MHM-niň işgärlerine, ulagyň hiline görä, 20 müň ýa-da 30 müň manat para berip, olaryň bu talabyndan çykalga tapmaga mejbur bolýarlar" diýip, ýaşaýjy belledi.

Deklarasiýany dolduryp bilmedik raýatlar para bermese, ýaşaýjylaryň sözlerine görä, onda olara garşy sud işi gozgalýar ýa-da olaryň ulaglary elinden alynýar.

"Bu MHM-niň işgärleriniň ilaty talap, bikanun gazanç etmeginden başga zat däl. Sebäbi raýatlaryň daşary ýurtlardaky dogan-garyndaşlarynyň iberen dollaryny we onuň möçberini subut etmegiň tas mümkin däldigini hemmeler bilýär" diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Şol bir wagtda, ýaşaýjy MHM-niň ýokary döwlet edaralarynda tanyşy bolan raýatlara "azar bermeýändigini", ýagny olardan deklarasiýa talap etmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Milli howpsuzlyk ministrliginden we onuň Lebap welaýatyndaky müdirliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri awtoulag eýelerine degişli dürli talaplaryň, çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň ençemesini güýje girizdi. Ulaglaryň ak ýa-da açyk reňkde bolmagy, olaryň daşky detallarynyň ähli bölekleriniň, şol sanda öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan şaýlarynyň ak reňkde bolmagy ýaly talaplar olaryň diňe käbiridir.

Türkmenistanda häkimiýetler öz girizýän talaplaryny, gadagançylyklaryny ýa-da çäklendirmelerini köplenç dilden görkezme esasynda amal edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG