Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol polisiýasy aýal sürüjilere böwet bolýar


Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan: Altyn asyr" habar saýtynda çap edilen karikaturada ýol belgilerinden gulakhalka we gülýaka dakynan zenan sürüji görkezilýär
Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan: Altyn asyr" habar saýtynda çap edilen karikaturada ýol belgilerinden gulakhalka we gülýaka dakynan zenan sürüji görkezilýär

Türkmen häkimiýetleri ynsan hukuklaryna bagyşlanyp geçirilýän halkara forumlarda Türkmenistanda zenan hukuklarynyň goralýandygyny gaýtalasalar-da, şu günler Lebap welaýatynda aýal sürüjileriň awtoulag hereketini çäklendirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Şu hepdäniň başlaryndan bäri, welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda, Çärjew şäherçesinde we Farap şäherinde ýol polisiýasy hiç hili düşündiriş bermezden aýal sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar.

Sürüji zenanlaryň sözlerine görä, ýol polisiýasy sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alnan aýallaryň awtoulaglaryny jerime duralgasyna alyp gidýär.

Jemal (ady üýtgedildi) atly bir aýal sürüji Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň öz sürüjilik şahadatnamasyny elinden alandygy, hususy ulagynyň bolsa jerime duralgasyna äkidilendigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ähli resminamalarym düzüwdi” diýip, aýal sürüji aýtdy.

Sürüjiniň sözlerine görä, 50-den gowrak aýalyň awtoulagy jerime duralgasyna eltilen ekeni.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, aýallar öz ýagdaýlary boýunça ýolbaşçylara arz-şikaýat bilen ýüz tutjakdyklaryny aýdýarlar. Ýöne ýerli polisiýa olaryň arz-şikaýatlarynyň netije bermejekdigini, gaýtam, ýagdaýy has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýar.

“Günüňizi has-da kynlaşdyrarsyňyz! Bu ýokardan gelen buýruk. Erkekleriňizi getirip, 600 manat jerimäňizi töläň, gaýdyp maşyn sürmejekdigiňiz barada dilhaty ýazyň we erkek sürüji tapyp, ulaglaryňyzy alyp gidiň!” diýip, ýol polisiýasynyň ýerli işgäri aýallara aýdypdyr.

Häkimiýetler aýal sürüjilere garşy gaýtadan güýçlenýän gadagançylygyň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçysynyň anyklamagy başaran maglumatlaryna görä, aýal sürüjilere garşy güýçlendirilýän çäklendirme çäreleri golaýda bolup geçen iki ýol hadysasy bilen ilteşdirilýär.

Habarçynyň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda aýal sürüjileriň gatnaşmagynda Maryda we Aşgabatda iki sany ýol hadysasy bolupdyr.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda ýol hadysalary barada maglumat bermeýär. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň çäginde bolup geçýän ýol hadysalary barada asla dil ýarmaýar. Muňa derek, ýurt raýatlarynyň “berkarar we bagtyýar” durmuşda ýaşaýandyklaryny günuzyn gaýtalaýar.

Lebapdaky çäklendirmeler türkmen häkimiýetleriniň aýal sürüjileriň ulag hereketine girizen ilkinji çäklendirmesi däl.

Azatlyk Radiosy mundan ozal, ýurduň çäginde zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, aýallaryň ulaglarynyň jerime duralgalaryna alnyp gidilmegi, zenanlaryň dolandyrýan ulaglarynyň guratlyk hatynyň häkimiýetler tarapyndan “ýörite” uzaldylmazlygy ýaly ýagdaýlar barada habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň awtoulag sürmegi bilen bagly başga-da dürli-dürli çäklendirmeleri durmuşa geçirýärler.

Türkmenistanda awtoulag eýelerinden öz ulaglaryny ak ýa-da açyk reňke boýamak talap edilýär. Ak reňk döwlet baştutanyň söýgüli reňki hasaplanýar.

Galyberse-de, Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni köçeden geçende, bu köçelerde awtoulag hereketi düýbünden çäklendirilýär.

2018-nji ýylyň iýunyna çenli Saud Arabystany dünýäde aýallara awtoulag sürmegi gadagan edýän ýeke-täk döwlet boldy. Ýöne bu gadagançylyk üç ýyl mundan ozal resmi taýdan ýatyryldy.

Türkmenistanda häkimiýetler öz girizýän gadagançylyklaryny ýa-da çäklendirmelerini köplenç dilden görkezme esasynda amal edýärler.

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG