Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta mekdeplerde okuwlar duýdansyz gaýtadan başlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda COVID-19 hadysalary ozal görlüp-eşidilmedik derejede gürelýän mahaly, ýurduň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylar üçin yza süýşürilen sapaklar 6-njy sentýabrda, garaşylmadyk ýagdaýda, gaýtadan başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Marydan maglumat berýärler.

Ýatlatsak, geçen hepdäniň başynda orta mekdepleriň 1-6-njy synp okuwçylary mekdeplerde sapak geçip başlan mahaly, 7-11-nji synp okuwçylaryň dynç alyş möhleti 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Adatça mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary iýun aýynyň başyndan 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.

"Ýekşenbe güni, 5-nji sentýabrda agşam oglumyň synp ýolbaşçysy jaň edip, mekdeplerde dynç alşyň dowam edýändigini we mümkin boldugyndan öýden çykmaly däldigini aýtdy. Ýöne ol şu gün irden sagat 8-den soň ýene jaň edip, häkimiýetleriň ýokary synp okuwçylar üçin sapaklaryň 6-njy sentýabrda başlamalydygy barada karar çykarandygyny aýtdy. Şonuň üçin oglumyň gyssagly mekdebe barmalydygyny hem duýdurdy. Häzir oglum mekdepden geldi. Olar diňe iki sapak okapdyrlar" diýip, aşgabatly bir ene anonimlik şertinde 6-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şular ýaly garaşylmadyk ýagdaý bilen maryly ene-atalar we okuwçylar hem ýüzbe-ýüz boldular. Sebitdäki habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 6-njy sentýabrda irden sagat 7:30 töweregi mekdep mugallymlary ene-atalara jaň edip, ýokary synp okuwçylaryň gyssagly okuwa gelmelidigini we sapaklaryna başlamalydygyny aýtdylar.

"Bu täzelige ene-atalaryň hiç biri taýyn däldi. Şol sebäpli bu gün köp ene-ata öz çagasyny mekdebe ugratmady. Synp ýolbaşçylar mekdebiň golaýynda ýaşaýan okuwçylaryň ene-atalaryndan çagalaryny mekdebe ugratmagy haýyş etdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ene 6-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mugallymlar ýokary synp okuwçylaryň yza süýşürilen dynç alyşlarynyň goýbolsun edilip, olaryň dessine okuwa başlamalydygy barada 6-njy sentýabrda ir bilen Bilim ministrliginden ýörite buýrugyň gelendigini aýtdylar.

"Bu buýruga biz hem taýyn däldik. Ýöne şonda-da sapaklary talaba laýyk geçmek talap edildi. Her synpda näçe okuwçynyň sapak geçmelidigi we okuw tertibiniň nähili bolmalydygy barada heniz hiç hili buýruk ýa görkezme ýok. Mugallymlar sapaklaryň 1-nji oktýabrda başlajakdygyny nazara alyp, özleriniň taýýarlyklaryny yza süýşüripdiler" diýip, maryly mugallym anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri okuwlaryň başlaýan möhletiniň ilkibada bir aý yza süýşürilendigi, soňra-da 6-njy sentýabrda garaşylmadyk ýagdaýda gaýtadan başlamaly edilendigi barada resmi maglumat ýa-da düşündiriş bermediler.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bilim işgärleriniň we ene-atalaryň ençemesi ýokary synp okuwçylaryň gyssagly mekdebe çagyrylmagynyň sebäbini häkimiýetleriň olary Garaşsyzlyk gününe görülýän köpçülikleýin çärelere çekmek tagallasy diýip düşündirýärler. Türkmenistan şu ýyl 27-nji sentýabrda özüniň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Bilim pudagyndaky bu üýtgetmeler ýurtda koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň wirusyň birinji we ikinji tolkunlaryndakydan-da köpdügi barada habarçylarymyzyň yzygiderli maglumat berýän mahalyna gabat gelýär.

Ýurduň dürli sebitinde hassahanalar wirus näsaglaryndan dolup, olara kislorod haltalary ýetmeýär. Şeýle-de, ýurtda azyk harytlaryny satýan dükanlardan başga, ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi, şol sanda barlar, kafeler we restoranlar işini togtatdy, käbir sebitlerde çagalar baglary ýapyldy. Ýokary okuw jaýlarynda bölekleýin onlaýn okuw tertibine geçildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýurtda çalt ýaýramagyna garşylyk hökmünde has berk çäklendirmeleri girizse-de, ýurtda bolup geçýän ýagdaýlary we COVID-19-yň hasaba alnandygyny henizem resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleri şu günler welaýatda wirusyň ýaýramagynyň özüniň iň ýokary derejesine ýetendigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar ilata öýden çykmazlygy ündeýändiklerini, ýöne okuw möwsüminiň başlamagy bilen, wirus hadysalarynyň has-da köpeljekdigini duýdurýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG