Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident planyň doljagyna 'berk ynanýar'; ýaşulularyň 'bismillasyndan' öň mugallymlar pagta ýygmaga çekildi


Pagta ýygymy resmi taýdan Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda başlanar.
Pagta ýygymy resmi taýdan Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda başlanar.

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda pagta ýygymynyň resmi taýdan başlanmagyna ak pata berdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň patasy Türkmenistanda “ak altyn” diýip wasp edilýän pagtanyň daşyndaky syýasylaşdyrylan çäreleriň sentýabr aýynda ýaşulular we din wekilleri tarapyndan berilýän “ak patalar” we “ak kerwenler” bilen dowam etdiriljekdigini aňladýar, emma synçylar başdan-aýak mejbury zähmete öwrülen pagtaçylygyň obalardaky bisowatlyk we garyplyk problemasynyň düýp özenini düzýändigini öňe sürýärler. Şu aralykda sebitlerden başlangyç klaslaryň okuwlarynyň doly ýapylandygy, ene-atalardan çagalarynyň öýlerinden çykmazlygy barada dilhaty alynýandygy habar berildi. Bu diňe keselçilik sebäpli görlen çäre däl, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda pagta planyny dolmak bilen bagly diýip, synçylar aýdýar.

Gowaça meýdanlarynda öňräk başlanan we eýýäm uly ogurlyk habarlary çykan pagta ýygymy, prezidentiň karary bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda resmi taýdan 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda başlanar.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýokardan berlen ýörite tabşyryk boýunça, pagta ýygymy ýene-de din bilen syýasatyň garyşdyrylmagy netijesinde, döwlet eýeçiligindäki mediada “hormatly ýaşulular” diýilýän adamlaryň “bismillasy” we döwlet baştutanyna onlarça ýyl bäri gaýtalanýan alkyş sözlerini ýene bir gezek aýtmaklary, önüm öndürijiler üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigi baradaky resmi beýanatlaryň ýene bir gezek tassyklanmagy bilen başlanar.

Emma daýhanlar, kärendeçiler, şol sanda pagta ýygymyna çekilýän býujet işgärleri döwlet eýeçiligindäki dokma kärhanalary we daşary ýurtlara çig mal görnüşinde satmak üçin öndürilýän pagtanyň soňky ýyllarda barha kän mejbury zähmete, syýasy çärä we ilaty bilkastdan garyp we sowatsyz saklamak guralyna öwrülendigini öňe sürýärler.

Döwlet baştutany bäşinji gün geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň nobatdaky “problemasyz” hasabatyny diňläp, daýhanlary ýene bir gezek “edermen” diýip atlandyrdy, oba hojalyk işgärleriniň ählisine “berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny” we , “alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri” arzuw etdi.

Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary bu ýyl suwuň öňki ýyllarda garanda hem gyt bolandygyny, emma daýhanlaryň suw, dökün, tehnika meselelerini çözmek barada berlen wadalaryň ýene boş çykandygyny habar berýärler.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende oba adamlarynyň meselelerini çözmegi wada beren, ýerleriň şorladylandygyny, ýerlerden alynýan hasyllylygyň pesdigini aýdyp, häkimleri we oba hojalygyna jogap berýän orunbasarlaryny birnäçe gezek täzelän, birnäçe oba hojalyk özgertmesini yglan eden Berdimuhamedow önüm öndürijiler üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini aýtsa-da, bergili çykýan daýhanlar baradaky meseläni gozgamakdan saklanýar, onuň döwletiň satyn alyş nyrhlaryny üýtgetmek barada beren wadalary hem bugdaý we gowaça ekmäge hem-de ýetişdiren hasylyny döwletiň bellän bahasyndan öz zyýanyna satmaga mejbur bolýan kärendeçileriň ýagdaýlaryny gowulandyrmady.

Şu aralykda ýurduň ozal pagtaçylykdan boşadylan sebitinde, Balkan welaýatynda hem okuwlaryň pagta ýygymy sebäpli ýatyrylýandygy barada maglumat gelip gowuşdy.

Türkmenbaşyda başlangyç klaslaryň okuwlary doly ýapyldy, ene-atalardan çagalarynyň öýlerinden çykmazlygy barada dilhaty aldylar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Eger-de çagalar öýlerinden çykyp, mamalaryna ýa başga bir ýere gidip, polisiýa tarapyndan saklansa, ene-atalara çäre görüljekdigi duýduryldy. Adamlar mekdepleriň ýapylmagynyň sebäbi ýurtdaky saglyk, keselçilik ýagdaýy bilen bagly bolsa gerek diýip pikir etdiler. Emma ýerli resmileriň käbiri munuň beýle däldigini aýtdy.

Habarçynyň tassyklamagyna görä, häzir Balkan sebitiniň mekdeplerinde okuwlary doly ýatyryp, mekdep mugallymlarynyň ählisini Bereket, Gyzylarbat töwereklerinde ýerleşýän pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugratdylar.

Anonimlik şertinde gürleşen balkanly resmi mekdepleriň ýapylmagyny sebäbiniň COVID-19 aladalary bilen bagly däldigini, bu meseläniň Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda meýdanlarda ýok pagtany ýygyp, döwlet tabşyryklarynyň berjaý edilendigi barada dabaraly hasabat bermek bilen baglydygyny aýtdy.

Mekdepleriň ähli işgärini, şol sanda ýokary klas okuwçylaryny mejbury pagta ýygymyna çekýärler diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, häkimiýetleri mekdeplerde berilýän bilimiň hili, okuwçylaryň ertirki günde nähili adam bolup ýetişjekdigi, ýurtdaky keselçilik ýagdaýlary, näsaglaryň köpelmegi uly bir alada goýmaýar, olar bu meseleler bilen gyzyklanmaýar, sebäbi ýokardakylaryň bar aladasy ilata pagta ýygdyrmakdan, plan doldurmakdan ybarat.

Şu günüň ikinji ýarymyndan içerki awtobuslaryň ählisiniň gatnawy ýatyryldy, sebäbi ol awtobuslarda mugallymlary pagta ýygmaga äkitdiler, her mugallym günde 60 kilogram pagta ýygmaly diýip, Azatlyga gowşan habarda aýdylýar.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan pagta ýygymynda mejbury zähmeti giňden ulanmakda tankyt edilýär, bu ýagdaý türkmen pagtasynyň bazaryna az-da bolsa ýaramaz täsir etdi; emma resmi Aşgabat ýurtdaky netijesiz oba hojalyk syýasatyndan el çekmegiň hiç bir alamatyny görkezmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG