Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar Aşgabady mejbury zähmetden el çekmäge çagyrýar


TW-de we sergi sahnalarynda pagtaçylar mejbury zähmet çekmeýärler.
TW-de we sergi sahnalarynda pagtaçylar mejbury zähmet çekmeýärler.

Hasabatda koronawirus pandemiýasy bilen bagly seresaplylyk, saglyk çäreleriniň pagtaçylardan sowlup geçendigi, pagta meýdanlaryna çykarylýan býujet işgärleriniň ýüz maskasyz, adamdan doly awtobuslarda işe gatnadylandygy, olaryň iň bärki arassaçylyk şertleri bilen hem üpjün edilmändigi aýdylýar.

Türkmenistanly hukuk goraýjylar we žurnalistler ýurtda sowet ýyllaryndan bäri dowam edýän we soňky on ýylda has agyrlaşandygy aýdylýan mejbury zähmete we pagta hasylyny almakda ulanylýan netijesiz dolandyryş usullaryna ýene bir gezek ünsi çekdiler.

Has anygy, hökümetden aýry guramalar bolan "turkmen.news" we Adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasy" Türkmenistanda 2020-nji ýylda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetiň ulanylyşy barada hasabat çap edip, Türkmenistanyň bäş sebitiniň dördüsinde, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda amala aşyrylan gözegçilikleriniň netijelerini habar berdiler.

Azatlyk radiosynyň habarçylary hem ýurduň ilatynyň uly böleginiň eklenji bolan oba hoajylgynda emele gelen agyr ýagdaý barada yzygiderli habar berýärler we, golaýda gowşan maglumata görä, Lebap sebitinde şu ýyl derýada suwuň az boljakdygy, şu sebäpden şor ýerlere gowaça ekmeli däldigi duýdurylypdyr.

Şeýle-de, Azatlyk bilen gürleşen kärendeçiler bu ýyl pagta hasylynyň öňki ýyllardakydan hem pes boljakdygyny duýdurdylar.

Hökümetden aýry guramalar gowaça ekilýän etraplaryň ählisinde pagtanyň yzygiderli ýagdaýda, býujet edaralarynyň işgärlerini, ýöriteleşdirilen ÝOJ-laryň, kolležleriň we liseýleriň studentlerini, şeýle-de harby gulluga çagyrylan esgerleri ulanmak bilen, mejbury zähmet esasynda ýygnalýandygyny aýdýarlar. Azatlygyň habarçylarynyň hem habar berşi ýaly, pagta ýygymyndan boýun gaçyran işgärlere işden kowulmak, studentlere okuwdan kowulmak howpy abanýar.

Mundan başga, býujet edaralarynyň işgärleri öz aýlyklaryndan "pagta planynyň üstünlikli doldurylmagy üçin" pul hem berýärler.

Täze hasabatda geçen ýylyň hasylynda mejbury zähmetiň yzygiderli ulanylandygy aýan edilenden soň, Etiki söwda başlangyjy (ETI) moda markalaryny Türkmenistandan pagta almagy bes etmäge çagyrdy diýip, ecotextile.com neşiri habar berdi.

Mejbury zähmetiň ulanylmagy ýerli we halkara kanunlary boýunça adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna degişli. Hukuk goraýjylar býujet edaralarynyň işgärleriniň meýdan işlerine çekilmeginiň ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynyň iş depginini boýazndygyny, adamlary aýlyklaryndan pul tabşyrmaga mejbur etmegiň bolsa, nyrhlaryň barha gymmatlaýan şertlerinde iýjek azyklaryna pul tapman kösenýän maşgalalaryň abadançylygyna ters täsir edýändigini belleýärler.

Şeýle-de, olar çagalaryň hem meýdan işlerine çykarylýandygyny we bu ýagdaýyň olaryň doly manysynda bilim almagyna zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.

"Türkmenistanyň hökümeti pagta ýygymy wagtynda ýurtda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny yzygiderli ret edýär" diýip, "Turkmen.news" neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew aýdýar. - Ykdysady we syýasy nukdaýnazardan seredeniňde, ýurduň häkimiýetleriniň bu aýylganç tejribäni bes etmegi we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen gepleşiklere başlamagy has peýdaly bolardy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hasabatda koronawirus pandemiýasy bilen bagly seresaplylyk, saglyk çäreleriniň pagtaçylardan sowlup geçendigi, pagta meýdanlaryna çykarylýan býujet işgärleriniň ýüz maskasyz, adamdan doly awtobuslarda işe gatnadylandygy, olaryň iň bärki arassaçylyk şertleri bilen hem üpjün edilmändigi aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda pagta hasyly boýunça döwlet tabşyryklarynyň "üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň" galp sanlara, gümürtik hasabatlara, korrupsiýa esaslanýandygy nygtalýar.

Azatlyk radiosynyň habarçylary geçen ýyl oba hojalyk ekinlerini eken kärendeçileriň bir toparynyň bergili çykandygyny habar berdiler. Emma türkmenistanly daýhanlaryň ýyl boýy işläp, tasdan boş çykmagy ýa bergili bolmagy soňky ýyllarda hiç bir jähtden täzelik hasaplanmaýar.

Türkmenistanyň öňki we soňky prezidentleri oba hojalygyndaky hasyllylyk derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçmagynda daýhanlary we etrap, welaýat derejesindäki emeldarlary, kähalatda hökümet başlygynyň orunbasaryny günäkärläp, şol bir netijesiz dolandyryş usulyny saklap galdylar. Bu ýagdaý, ýagny daýhanlaryň tas otuz ýyllap erk-ygtyýarsyz saklanmagy ýurtda önümçiligiň derejesiniň örän peselemegine, ýiti azyk gytçylygyna, adamlaryň ýüz müňläp daşary ýurtlardan iş gözlemegine alyp geldi diýip, ýerli synçylar aýdýar.

"Türkmenistanyň köp sanly daýhany özlerine peýdasyz şertlerde pagta ösdürip ýetişdirmäge mejbur edýän paýhassyz oba hojalygy syýasatyny bes etmegi gerek" diýip, Adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasynyň" başlygy Farid Tuhbatullin aýdýar. Onuň pikiriçe, döwlet daýhanlara kärendesine alan ýerlerinde ekjek ekinlerini özleriçe kesgitlemäge, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň azyk howpsuzlygyny we daýhanlaryň maddy ýagdaýyny gowulaşdyrmaga rugsat bermeli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG