Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň ýadyna bergä batan daýhanlaryň düşewündi düşdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça meýdanynda, 21-nji sentýabr, 2014 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça meýdanynda, 21-nji sentýabr, 2014 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji awgustda nobatdaky iş maslahatyny geçirip, beýleki meseleler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy we Lebabyň häkimine sebitiň oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Emma ol düşewüntliligiň nähili ýokarlarndyrylyp bilinjekdigini anyklaşdyrmady.

Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary, resmi bolmadyk maglumatlara görä, daşary ýurtlardan iş gözlemeli bolýan türkmenistanlylaryň aglaba köplügini düzýär.

Şol bir wagtda, prezidentiň "düşewüntlilik tabşyrygy" Türkmenistanda gowaçanyň köpçülikleýin suwsuz göýdükdirilendigi barada gowşan resmi bolmadyk maglumatlaryň yz ýanyndan berildi.

Türkmen mediasynda ýylyň bugdaý ýa pagta hasylynyň hakyky ýagdaýyndan soň ikinji anyk gürrüňi edilmeýän syrly problema daýhanlaryň düşewüntlilik meselesi bolup durýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýurduň gowaça meýdanlarynda häzir gyzgalaňly iş barýar we gowaçalaryň hasyl toplaýyşlary kada laýyk.

Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleriplanlaşdyrylan pagta hasylyny ýygnamagyň bu ýyl geçen ýyldakydan hem kyn boljakdygyny, sebäbi ekerançylyk ýaplaryna suwuň giç berlendigini, ýuwuş suwlarynyň gijigendigini, ekilen gowaçanyň hem köp ýerde birki gezekden artyk suwarylyp bilinmändigini, gowaçanyň göýdükdirilendigini habar berýärler.

Göýdügen gowaçadan hasyl bolmajagyny bilýän häkimler bu ýyl hatda käbir etraplarda gowaça ekilen ýerleri şu wagtdan bugdaý ekmäge taýýarlap başlana meňzeýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesiniň şu hepde beren maglumatyna görä, S.Türkmenbaşy etrabynda häkimiýetler “suw içmedik gowaçalary sökdürip, müňlerçe gektar ýeri sürdürip, şüdügärledip goýmaga” başladylar.

Etrap häkimligi diňe bir gowaça meýdanlaryny sökdürmän, eýsem adamlaryň hojalyk ýerlerinde ýetişdiren mekgejöwen, gawun-garpyz ýaly ekinlerini hem sökdürýär, adamlaryň haýyşlary diňlenmeýär, olaryň gapydaky 5-10 sotuk ýerlerinde guýudan suwaryp ýetişdiren ekinlerini hem traktor bilen sürdürip taşlaýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi S.Türkmenbaşy etrabyndan habar berdi.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan bu ýylam 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almagy planlaşdyrýar. Ýöne ýurt, geçen ýylda hem bolşy ýaly, bu ýylam bugdaý planyny dolduryp bilmedige meňzeýär. Ýerli çeşmeler bugdaý planynyň dolmazlygynyň esasy sebäbini ýylyň gurak gelmegi bilen düşündirýärler. Bu hökümetden tohum, dökün, tehnika we suw hyzmatlaryny alyp bugdaý eken müňlerçe daýhanyň bergili çykandygyny aňladýar, emma resmi metbugat bu meseläni agzamaýar.

Bellemeli ýeri, indi gowaça eken kärendeçilere hem şeýle ykbalyň garaşýan bolmagy mümkin.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşýän daýhanlaryň sözlerine görä, Berdimuhamedowyň alyp barýan oba syýasaty, sowet döwründen galan mejbury zähmetiň saklanmagy we oba adamlarynyň ekjek ekinleriniň ýokardan kesgitlenmegibilen, daýhanlary baýatmakdan geçen, S.Nyýazow döwründäkiden-de garyp düşürdi.

Kärendesine ýer alýan ýa-da daýhançylyk bilen meşgullanmak isleýän adam barha azalýar, sebäbi döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmaýar, daýhançylykdan çaga eklemek barha kynlaşýar” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen 61 ýaşly daýhan Gadyr Hally (ady üýtgedildi) döwletiň özlerini arzan işçi güýji hökmünde ulanýandygyny, öndüren pagtasyndan wezipeli adamlaryň peýda görýändigini aýdyp zeýrendi.

Berdimuhamedow daşary ýurtlardan import edilýän gök önümlere millionlarça dollaryň harçlanylýandygyny aýdyp, türkmen daýhanynyň eliniň işden sowadylanyny bölekleýin boýun alýar, emma bu meseläniň çözgüdini Senagatçylar we telekeçiler birleşigine ýer bermek, ýyladyşhana gurmak bilen çözjek bolýana meňzeýär.

Şol bir wagtda,oba ýerlerinde ýaşaýan, güzerany döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk ýerlerine we suwa bagly adamlar azat bazara geçilýändigi aýdylýan ýurtda nähili ýaşamaly, nähili eklenmeli diýen sowal indi üç onýyllyga golaý wagt bäri jogapsyz galýar.

XS
SM
MD
LG