Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özgertmedik özgertmeler ýa-da türkmen obasy näme üçin çökdi?


Türkmenistanlylar hudaýdan rysgal, gowy hasyl bermegini dileýär. Türkmen TW-sinden alnan arhiw suraty.
Türkmenistanlylar hudaýdan rysgal, gowy hasyl bermegini dileýär. Türkmen TW-sinden alnan arhiw suraty.

Türkmenistanda mejbury zähmet hökmünde tankytlanýan pagta ýygymy möwsümi bu ýylam gowy netije bermedi, Azatlygyň habarçylary hasylyň pes bolandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, güýzlük bugdaýyň ekişinde hem öňki ýyllardaky kynçylyklaryň gaýtalanandygy, geljek ýyl hem gowy bugdaý hasylyna garaşyp bolmajakdygy barada aladaly maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýerli synçylar ozal ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan başlanan, soň häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dowam etdirilen oba hojalyk reformalarynyň ýagdaýyň gowulanmagyna däl, barha agyrlaşmagyna alyp gelendigini öňe sürýärler.

Türkmenistan şu günki oba hojalyk problemalaryny, bilermenleriň köpüsiniň pikirine görä, sowet döwrüniň oba hojalyk praktikasyndan miras aldy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap metbugatda peýda bolan çekişmelerde aýdylan pikirlerden ugur alyp, ýeri daýhanlara hususy eýeçilige bermek ideýasyna belli bir derejede goldaw bildirdiler.

Emma bu işiň durmuşa geçirilişi göwnejaý bolmady we S.Nyýazow “ýeriň eýesiniň tapylmazlygynda” häkimleri günäledi, olary gowy ýerleri ýerde işlemejek adamlara, hususan-da tanyş-bilişlerine bermekde aýyplady, netijede ýurtda gurlan egirme-dokma fabrikleri üçin hem ýeterlik derejede pagta hasylyny alyp bolmaýandygyny, "bulaşyp oturandyklaryny" boýun aldy.

Prezident Berdimuhamedow hem oba hojalygyny özgertmegi, oba adamlary, daýhanlar üçin ähli şerti döretmegi wada berdi we bu şertleriň döredilendigini aýtdy.

Ikinji tarapdan, ol ýerleriň şorladylandygyny, hasyllylygyň pese gaçandygyny, suwaryş desgalarynyň, zeýkeşleriň ýeterlik arassalanylmaýandygyny, hatda ahyrynda döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň pes bolandygyny hem boýun aldy.

Emma bu boýun alyşlar, şol sanda ýeri hususy eýeçilige uzak möhletli bermek, daýhanlara tehnika alar ýaly ýeňillikli karzlary bermek wadalary hakykatda oba hojalygynda ýyllar boýy toplanan problemalaryň çözülmegine az täsir ýetirýär diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşýän ýerli synçylar aýdýar.

Ýurtda gelejegimi görmeýärin, iş ýok, gazanç ýok, çagalary eklemek bolsa borjum, şu sebäpden Türkiýä gelip, tapan işimi etmäge kaýyl boldum.”
Atamyrat


Türkmenistan agrar ýurt we ilatyň aglaba köplügi oba ýerlerinde ýaşaýar. Daşary ýurtlara çykan zähmet migrantlarynyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, oba hojalygynyň, maldarçylygyň we balykçylygyň ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek mümkinçiligi ýyl-ýyldan peselýär, häkimiýetler öz işini açýan adamlary, para bermäge mejbur etmek üçin, barha beter gysýar.

Ýurtda gelejegimi görmeýärin, iş ýok, gazanç ýok, çagalary eklemek bolsa borjum, şu sebäpden Türkiýä gelip, tapan işimi etmäge kaýyl boldum” diýip, 40 ýaşlaryndaky Atamyrat (ady üýtgedildi), ozalky kärendeçi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de ol, diňe obalarda ýaşaýanlaryň däl, şäherde ýaşaýanlaryň hem başarsalar daşaryk gitmek isleýändiklerini, bolmanda çagalaryna daşary ýurt dillerini öwredip, olaryň bu agyr ýaşaýyşdan gutulmagyny arzuw edýändiklerini gürrüň berdi.

Eýsem, Türkmenistanda ilatyň 70 prosent çemesini iş bilen üpjün eden oba hojalygy, maldarçylyk, balykçylyk näme üçin çökdi? Wada berlen özgertmeler näme üçin bolmady?

Azatlyk radiosy bo soraglara jogap gözläp, ýerli synçylaryň, hususan-da Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunabasary Saparmyrat Yklymowyň we ozalky suw gurluşyk inženeri Nurmuhammet Hanamowyň telefonda gatnaşmagynda ýörite gepleşik taýýarlardy.

Gepleşigimizi diňläp, Türkmenistanyň ilatynyň azyk üpjünçiligini wehim astyna salandygy aýdylýan meseleler boýunça öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Özgertmedik özgertmeler ýa-da türkmen obasy näme üçin çökdi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:12 0:00


XS
SM
MD
LG