Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollar 22 manada çenli aşaklady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy duýdansyz 30% pese gaçdy.

Türkmenbaşy şäherinde hepdäniň ahyryna çenli 34 manat töwereklerinde bahalanan dollar 6-njy sentýabrda 22 manada çenli aşaklady.

Edil şuňa meňzeş ýagdaýy Aşgabatda hem synlasa bolýar. Habarçymyzyň sözlerine görä, walýutanyň gara bazar söwdasyny edýän telekeçiler dollaryň bahasynyň pese gaçmagynyň sebäpleri barada takyk bir zat aýtmaýarlar.

Käbir telekeçiler munuň sebäplerini koronawirus çäklendirmeleri zerarly söwda nokatlarynyň we dükanlaryň ýapylmagy, netijede ýurtda haryt dolanşygynyň tas nola deň bolmagy bilen düşündirýärler.

"Nagt pul akymy ýok" diýip, aşgabatly telekeçi anonimlik şertinde 6-njy sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bir bank işgäri walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasynyň duýdansyz pese gaçmagyny prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bilen baglanyşdyrdy.

"Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününiň we Halk maslahatynyň öňüsyrasynda, gara bazara dollar goýberip, öz ogluna abraý gazandyrjak bolýar. Hamana, ykdysadyýete sereden beýleki wise-premýerler dollary kadaly saklap bilmedi. Ýöne Serdar Berdimuhamedow başardy diýjek bolýar. Bu ony iş başarýan edip görkezmek üçin edilýän gözboýagçylyk" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir bank işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bellesek, Türkmenistan şu aýyň ahyrynda özüniň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär we Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýär.

Gara bazarda dollaryň bahasynyň pese gaçmagy Türkmenistanyň dürli künjeginde kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy reýdleri geçirýändigi baradaky habarlardan bir aý çemesi wagt soňa gabat geldi.

3-nji awgustda habarçymyz Mary şäherinde ýedi töweregi adamyň gara bazarda bikanun walýuta söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanyp, 8-nji iýulda 15 gün möhlet bilen wagtlaýyn tussag edilendigini habar berdi. Mundan ozal, habarçylarymyz Aşgabatda, Türkmenabatda we Daşoguzda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy alyp barýan kampaniýalary barada hem habar berdiler.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, şol reýdlerde ýurt boýunça 1 milliondan gowrak ABŞ dollary we onlarça million manat ele salyndy.

Azatlygyň çeşmeleri tutuş ýurt boýunça gara bazar walýuta söwdagärlerine garşy guralýan reýdleriň prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy boýunça alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Bu aralykda, habarçylarymyz gara bazarda dollaryň bahasy pese gaçan bolsa-da, azyk we senagat harytlarynyň, dermanlaryň bahasynyň öňküsi ýaly gymmatlygynda saklanyp galýandygyny habar berýärler.

"Bir kilogram et 100 manatdan bahalanýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň resmi alyş-çalyş amallarynyň gadagan edilmeginiň yzysüre, walýutanyň gara bazary pajarlap başlady. Häzirki wagt ýurtda walýutanyň goşa bahasy hereket edip, Merkezi bank dollaryň resmi kursuny 3,5 manatlygynda saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG