Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maksatlar ýoga çykdy, arzuwlar puç boldy; kabully žurnalist zenanyň alnyndaky täze hakykat


“Talyban” söweşijileri Kabulyň Wazir Akbar han etrabynda nobatçylyk çekýärler.

"Talyban" aýallara öz howpsuzlygy üçin, "häzirlikçe" öýde galmagy buýransoň, Kabulda işe gidip-gelýän aýal-gyzlar gaty azaldy. Azatlyk Radiosy Owganystanyň paýtagtyndaky dörän bulam-bujarlyk töwekgelçiligine garamazdan, işlemegini dowam etdirýän ýaş žurnalist bilen söhbetdeş boldy.

Rahila Ýelena Owganystanyň paýtagtyny “Talyban” eýeläninden soň, öz işine gitmegi başarýan az sanly žurnalistiň biridir. Ýogsa "Talyban" işleýän aýal-gyzlara öýlerinde galmagy buýurdy.

Ýerli metbugat işgäri öz howpsuzlygy üçin lakam ulanyp, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, göz öňünde tutan maksatlarynyň näme üçin puja çykandygyny, özüniň nähili "täze hakykat" bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Abanýan howpa garamazdan, iş ýeriňize gaýdyp gelmek kararyna geldiňiz. Näme üçin?

Rahila Ýelena: Hemmämiz birden işi taşlap çykanymyzdan soň, redaksiýa iki-üç gün ýapyk durdy. Bu 15-nji awgustda, "Talyban" Kabula girende bolup geçdi. Birnäçe günden soň, iş berijiler işe gelip bilersiňiz diýip habar iberdiler. Ofise gelen ilkinji işgärlerden biri men boldum.

Işe birnäçe sebäplere görä dolandym.

Ilki bilen, men özümi garaşsyz adam diýip hasap etdim, hiç bir hökümet ýa-da hereket meniň şahsy durmuşym bilen baglanyşykly karar berip bilmez. Gelen kararymyň netijesiniň nähili boljakdygyny bilemok, ýöne iň bolmanda, köp töwekgelçiligiň bardygyna garamazdan, dogry hasaplaýan zadymy edendigimi aýdyp bilerin.

Hijaba bürenen aýallar Kabulyň merkezindäki bazarda. Bu surat “Talyban” Kabuly eýeläninden iki hepde soň düşürildi.
Hijaba bürenen aýallar Kabulyň merkezindäki bazarda. Bu surat “Talyban” Kabuly eýeläninden iki hepde soň düşürildi.

Ikinji sebäp, meniň bilimim hem okuwym üçin owgan hökümetiniň pulunyň goýulmagydyr, meniň pikirimçe, işlemeli, sebäbi bu meniň jemgyýetçilik borjum.

Şeýle hem bolup geçýän zatlar babatynda, žurnalist hökmünde öz borjumy duýdum, çykmaly hem bolup geçýän zatlary aýtmaly. Elbetde, men adamlaryň meselelerini çözüp bilemok, ýöne meniň işim olaryň sesini başgalara ýetirjek bolmakda.

Işe gaýdyp gelmegiň maddy sebäbi hem bar, men maşgalamyzyň iň uly çagasy, hossarlarym aýlygyma bagly.

Azatlyk Radiosy: “Talyban” Kabulda häkimiýete gelenden soň, işiňizde nähili üýtgeşmeler bilen ýüzbe-ýüz bolduňyz?

Rahila Ýelena: Söz azatlygymyz bardy, mowzuklary erkin saýlap bilerdim, hökümeti ýa-da beýlekileri erkin tankyt edip bilerdim, ozal senzura – barlag ýokdy. Indi hemme zat başga.

Owganystanda hökümet boşlugy emele geldi. Öňki azatlyklary gaýtadan aljakdygymyz entek belli däl. Biz ýazýan zatlarymyzda seresaply bolmaga çalyşýarys, öz-özüňi elekden geçirmeli.

Mysal üçin, guruljak täze hökümet we adamlaryň bu barada pikirleri hakda materialym bardy. Meniň pikirimçe, tekste gaty seresaply çemeleşdim hem öz-özümi elekden geçirdim. Emma redaktorym howp abandyryp biljekdigini aňladýan köp bölegini aýryp, makalamy düýpli redaktirläpdir. Meniň ýazanlarym diňe tejribelerini paýlaşan adamlaryň aýdan sözleri. Öz-özüme sen başga bir hakykatyň alnynda dursuň, indi islän zadymy aýdyp ýa ýazyp bilemok diýdim.

Haçan-da, adamlar “Talybandan” närazylyk bildirseler ýa-da “Talyban” hakda ýakymsyz söz aýtsalar, ony makalamda ulanyp bilmerin, sebäbi diňe bir meniň däl, kärdeşlerimiňem howp astyna alynmagyndan gorkýan.

Azatlyk Radiosy: Kabulda aýal žurnalist hökmünde, “Talyban” döwründe öz geljegiňizi nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

Rahila Ýelena: Bu soňky hepdeleriň dowamynda, her gün öz-özüme berýän sowalym, oňa mende jogap ýok.

Iň bolmanda, ömrümiň geljek 30 ýyly üçin, jikme-jik maksatlarym bardy, munuň üçin ýörite maksatly şahsy maglumatlar taslamamyň sanawy düzüpdim. Olary nädip durmuşa geçirmelidigi barada ýazgy depderçäm bardy. 15-nji awgustda ofisden çykan günümiz, näme boljagyny bilmän, käbir resminamalar bilen birlikde, şol depderçäni-de ýok etdim.

Men köp zady arzuw etdim. Öňümizdäki geljek iki ýylda magistratura girmegi ýüregime düwdüm. Amerikan Fulbraýt stipendiýa maksatnamasyny gazanmak üçin, okuwa taýýarlandym.

Şeýle hem, daşary ýurt habar gullugynda – tejribe öwreniji ýa-da okuw maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde işläp, gazanan bilimlerimi ýurduma ýetirmek isledim. Galyberse-de, biraz wagt daşary ýurtda halkara habarçysy bolup işlemegi arzuw etdim. Iň esasy zat, öz ýurdum hakda başgalara aýtmak isledim.

Öňki hökümetiň ýolbaşçylygyndaky döwürde-de Kabulda ýaş aýallaryň ýeke özi ýöremegi üçin amatly şert ýokdy, şeýle-de bolsa, işe pyýada gaýdýardym. Geljegim hakda pikir edip pyýada ýöremek meniň göwnüme ýaraýardy. Indi pyýada ýöremekden gorkýan, meniň maksadym syndy, arzuwlarym puja çykdy. Özüme geljekde nämäniň garaşýandygyny bilemok. Meniň üçin geljegi "Talyban" gurýar.

Häzir talyplar aýallaryň işe baryp geljekdigini öňe sürýär, metbugat işläp biler diýýärler. Olar berýän wadalaryny ýerine ýetirerlermi, işimi dowam etdirip bilerinmi ýa-da meni öldürjeklermi, tussag etjeklermi – bilmedim.

Azatlyk Radiosy: Häzir Kabuldaky ýaşlaryň ýagdaýy nähili?

Rahila Ýelena: Adamlar ýuwaş-ýuwaşdan iş orunlaryna gaýdyp başlaýarlar. Birnäçe günläp Kabul al-arwah şäheriniň alamaty ýaly boşady. Köçeler gatnawsyz galdy. Şäher henizem şowhunly janlylykdan uzakda bolsa-da, indi köçeler köp adamly.

“Talybanyň” ýörite maksatly söweşijileri halkara harby güýçleri çykandan soň, Kabul aeroportunda. 2021-nji ýylyň 31-nji awgusty.
“Talybanyň” ýörite maksatly söweşijileri halkara harby güýçleri çykandan soň, Kabul aeroportunda. 2021-nji ýylyň 31-nji awgusty.

Her gün Kabulyň iň şowhunly, işiň gyzgalaňly etraplaryndan ýöräp geçýän, göwnüme bolmasa, Kabul erkekleriň şäherine öwrülen ýaly. Köçede-de, iş ýerlerinde-de aýallar gaty az. Aýallaryň köpüsi gara hijaba ýa-da perenjä bürenýärler. Erkekleriňem daşky görnüşi üýtgedi: indi olar adaty milli owgan eşigini geýýärler, sebäbi ony "Talyban" ýerlikli hasaplaýar.

Biziň erkinligimiz çäklendi, ýöne bu meseläniň diňe bir bölegi.

Ýaşlary-da, garrylary-da maliýe ýagdaýy alada goýýar. Adamlar gaty garyp, köpüsinde durnukly işi ýok. Köpler tötänleýin iş bilen gün görýär, olaryň gazanýany diňe bir gün üçin iýmite ýetýär. Ertesi gün kynçylyk täzeden başlanýar.

Owganystan soňky 20 ýylda daşary ýurt kömegine ep-esli derejede garaşly bolup geldi, ýöne onuň bir gün gutarjagy bellidi. Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, bize işlemäge rugsat berläýende-de, pul gazanjagymyzy bilemzok. Biz adamlara açlyk howpunyň abanmagyndan gorkýarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG