Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň häkimiýetleri kärendeçilerden ýygymçylar üçin pul ýygnaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Marynyň häkimiýetleri pagta ýygymyna çekilýän ýygymçylar üçin hem býujet işgärlerinden, hem-de kärende eýelerinden pul ýygnaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

"Häkimligiň işgärleri pagta eken kärende eýelerinden her 1 gektar ýer üçin 300 manat tölemegi, has dogrusy para bermegi talap edýärler. 10 gektar kärende ýeriň bolsa 300 manat tölemeli. Olar munuň üçin kwitansiýa bermeýärler. Häkimligiň işgärleri munuň ýygymçylary, ýagny edara-kärhanalardan işgärleri pagta ýygymyna iberýändikleri üçin alynýandygyny aýdýarlar" diýip, maryly kärendeçi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu ýagdaýa welaýatyň tas ähli, şol sadan Oguzhan we Garagum etraplarynda synlasa bolýar. Habarçymyzy bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler ýygymçylar üçin edara-kärhanalaryň işgärlerinden hem pul ýygnalýandygyny aýdyp, munuň "bikanun gazançdan başga zat däldigini" aýdýarlar.

"Býujet işgärleri özlerine derek iberilýän, hakyna tutulan ýygymçylar üçin pul töleýärler. Bu pul edara ýolbaşçylary tarapyndan häkimlige geçirilýär. Olar ýygymçylar üçin bizden hem pul soraýarlar" diýip, kärendeçi aýtdy.

Azatlyk ýurduň dürli künjeginde edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýygymçylar ýa-da hakyna tutulýan işçiler üçin pul ýygnalýandygy barada ýylyň-ýylyna habar berip gelýär.

Kärendeçileriň aýtmagyna görä, bu parany bermedik daýhanlar ýygymçy we tehnika bilen öz wagtynda üpjün edilmeýär. Netijede, olaryň pagta hasyly wagtynda ýygylman, onuň bir bölegi zaýalanýar.

"Bu ýagdaýda-da garyp daýhanlar kösenýär. Sebäbi ençeme gektar meýdany kärendesine alan ýer eýeleri soralan parany berýärler we hasyllaryny öz wagtynda ýygdyrýarlar" diýip, daýhan belledi.

Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda pagta ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň satyn alyş nyrhyndan ýerlerdäki harmanlara tabşyrýarlar. Öz gezeginde döwlet kärendeçi daýhanlary dökün, tohum, tehnika, suw we ýygymçy bilen üpjün etmäge borçlanýar.

Agrotehniki çäreler üçin edilen çykdajylar kärendeçileriň girdejisinden tutulýar. Ýöne kärendeçi şertnamalaýyn borçnamanyň hötdesinden gelip bilmese we onuň girdejisi agrotehniki serişdeler üçin edilen çykdajylardan az bolsa, ol munuň öwezini tölemeli bolýar.

Bu aralykda, habarçymyz welaýatda pagta möwsüminiň gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýändigini, bu işlere býujet işgärleri bilen bir hatarda, maska geýmek düzgünini bozan raýatlaryň we arakhorlaryň hem mejbury çekilýändigini aýdýar.

"Polisiýa maska düzgünini bozýan raýatlary awlaýar. Olar tussag eden raýatlaryny ýörite awtobuslara mündirip, pagta meýdanlaryna alyp gidýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Halkara hukuk toparlary we guramalar türkmen hökümetiniň ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça pagtanyň 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG