Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin Moskwa bilen Nur-Sultanyň gatnaşygy ýaramazlaşýar? Özbegistanyň ykdysadyýeti Gazagystandan ozup bilermi?


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwa şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyga gelen öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe seredýär. 2019-njy ýylyň sentýabry.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwa şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyga gelen öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe seredýär. 2019-njy ýylyň sentýabry.

Geçen hepde daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleri Gazagystandaky “milletçilik”, Russiýanyň öz ornuny ýitirýän we şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň täsiriniň ýokarlanýan döwründe, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan “ruslaryň çykmagy” barada makala çap etdi. Iňlis işewür neşiri bolsa Özbegistanyň Merkezi Aziýada öňdebaryjy ykdysadyýete öwrülmegi we Gazagystandan öňe geçmegi maksat edinýän ambisiýalaryna ünsi çekdi.

«RUSLARYŇ GAÝTGYNY» WE «DIL PATRULLARY»

Gazagystan Russiýadan daşlaşýar: rus ilatynyň yzyna göçmegi Moskwanyň Nur-Sultana edýän täsirini gowşadýar, bu şertlerde Merkezi Aziýa respublikasyna Hytaýyň edýän täsiri güýçlenýär, bu bolsa Kremli alada goýman bilmeýär. Bu hakda Amerikanyň Jamestown foundation web sahypasynda çap edilen makalada gürrüň gidýär. Makalanyň awtory Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklara analiz berýär.

"Milletçiligiň ösmegi, ruslaryň bu ýurtdan çykmagy hem-de Hytaýyň täsiriniň ýokarlanmagy bilen Gazagystan-Russiýa gatnaşyklary ýaramazlaşýar" – şeýle mowzuk astynda Ýewraziýadaky etnik we dini meseleler boýunça bilermen Pol Gobl tarapyndan bir makala neşir edildi.

Sowet Soýuzy döwründe häzirki Merkezi Aziýa sebitine "Orta Aziýa we Gazagystan" diýilýärdi, bu Gazagystanyň beýlekilerden birneme bölünip, Russiýa ýakynlygyny nygtaýardy diýip, Gobl belleýär: şol döwürde respublikanyň ilatynyň aglaba bölegi ruslardy we ýurduň ýolbaşçylary "ep-esli derejede ruslaşdyryldy" diýip, ol ýazýar. Sowet Soýuzy dargandan soň rus bilermenleri beýle düzgünden ýüz öwürseler-de, “Gazagystana [Merkezi Aziýa] sebitiniň beýleki ýurtlaryndan aýratyn garamagy dowam etdirdiler, öňki Sowet respublikalara garanynda, Moskwa bilen olaryň arasynda çözülmeli problema azdy, hatda [Moskwanyň] Ermenistan we Belarus ýaly köpden bäri gelýän ýaranlary bilen deňeşdireniňde-de azdy".

Bilermeniň pikirine görä, indi ýagdaý çalt üýtgeýär. Munuň sebäbi "häzirki wagtda ilatyň aglaba bölegini emele getirýän gazaklaryň arasynda milletçiligiň ösmegi". Ruslaryň göçmegi Moskwanyň olara täsir ediji güýjünden mahrum etdi, Kreml öň mydama şoňa bil baglaýardy.

Awtor sözüni dowam etdirip, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputatlary hem-de "Kreml bilen baglanyşykly bilermenler" soňky döwürde Russiýanyň Aziýa ýetirjek täsirinde, bu respublikanyň köpri däl-de, eýsem duşmançylykly päsgelçilik boljakdygyny, Gazagystanyň "indiki Ukraina" öwrülip-öwrülmejekdigini ara alyp maslahatlaşýarlar.

"Olar ýagdaý gözegçilikden çykmazdan ozal günorta goňşusyndan, batyrgaý hem çalt hereketi talap edýärler" diýip, awtor rus syýasatçylarynyň sözlerini ýatladýar. "Golaýda Gazagystanda ‘dil patrullary’ döredilip, hyzmat ediş ulgamynyň gazak dilinde bolmagynyň talap edilmegi bilen baglanyşykly soňky wakalar rus synçylaryny biynjalyk etdi" diýip, Gobl belleýär. Megerem, bu ýerde Russiýa girmegi gadagan edilen "Til maйdany" YouTube kanalynyň awtory Kuat Ahmetowyň işleri göz öňünde tutulýan bolsa gerek, Moskwa ony "etniki ýigrenji öjükdirmekde" aýyplady hem öz ýurdunda jogapkärçilige çekmeli diýdi. Gazagystanda jenaýat işiniň açylmagynyň fonunda Ahmetow ýurtdan çykyp, Gürjüstana gitdi.

Amerikaly bilermen rus neşirleriniň maglumatlaryna salgylanyp, Gazagystandan gaçan käbir milletçileriň Gürjüstanda we Ukrainada hereket edýändigini, munuň bolsa "Moskwany gaty gaharlandyrýandygyny" ýazýar. Onuň sözlerine görä, rus bilermenleriniň käbirinde, Gazagystandaky ruslaryň "ikinji derejeli raýat bolmagy mümkin" diýen pikir bar.

“Rus ilatynyň demirgazyk Gazagystandan göçmegi çaltlaşýar. Bu ýagdaý dowam etse, ýakyn wagtda ruslar ýurduň ilatynyň 10%-ni emele getirer” diýip, Pol Gobl ýazýar. Gazak häkimiýetleri bolsa ruslaryň göçmeginiň sebäpleriniň milletara gatnaşyklarynda däl-de, ykdysady ýagdaý bilen baglydygyny aýdýarlar diýip, awtor sözüne goşýar.

Moskwanyň Gazagystan bilen baglanyşykly syýasatynda, olar ýene bir pursada ünsli garamaga mejbur bolýarlar – bu Hytaýyň “Ženmin žibao” (“Gündelik halk gazeti”) döwlet neşiriniň Gazagystanda onlaýn wersiýasynyň gazak dilinde ýola goýulmagydyr. Bu iş "milletçi pikirli gazaklaryň arasynda güýçli goldaw aldy", sebäbi muňa Pekiniň Gazagystany rus dilli ýurt däl-de, gazak dilli hasaplaýandygyny görkezýän duýduryş hökmünde düşündiler. "Bu hereket rus dilini post-Sowet giňişliginde işjeň ösdürýän Russiýa garanyňda, Hytaýa aýratyn artykmaçlyk berýär" diýip, Jamestown foundation’yň bilermeni hasap edýär.

“Şeýle-de bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy, iki ýurduň resmileriniň birek-birege gowy ýüz bilen garamaga synanyşýandyklaryna seretmezden, islendik şertnamanyň gazanylmagyny hasam kynlaşdyrar. Şol sebäplere görä, Moskwa tarapyndan uzak wagtdan bäri howpsuz zolak hasaplanýan Gazagystan ýakyn aýlarda munuň beýle däldigini görkezer” diýip, Pol Gobl sözüni jemleýär.

ÖZBEGISTAN GAZAGYSTANDAN GEÇIP BILERMI?

Özbegistanyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşi daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekdi we ilatyň ep-esli artmagy ýurduň goňşy Gazagystandan öňe geçip, Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýetine öwrülmek islegini güýçlendirýär diýip, britan gazeti Financial Times ýazýar.

2016-njy ýylda awtoritar lider Yslam Kerimow ölenden soň, häkimiýete gelen prezident Şawkat Mirziýaýew walýutany liberallaşdyrmagy amala aşyryp, "täze özgertmelere ýol açdy" diýip, gazet belleýär.

Daşkendiň şäher bazary
Daşkendiň şäher bazary

Işewür biznesiň ýeňilleşmegi bilen baglylykda ýurtlaryň sanawyny düzýän Bütindünýä bankynyň Doing biznes reýtinginde Özbegistan bäş ýylda 141-nji orundan, 69-njy orna çykdy. Bu ýurt salgytlary azaltdy, býujet maglumatlaryny açdy, goňşulary bilen söwdany ýokarlandyrdy hem ipoteka karzlaryny berip başlady.

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky Özbegistanda jemi 2,6 milliard ýewro maýa goýdy, onuň ýarysyndan gowragy dowam edýän taslamalara harçlanar. Özbegistan daşary ýurt geňeşçilerini işe alýar. Şeýlelik bilen dünýä ykdysadyýetini özgertmekde tanymal ykdysatçy we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň öňki ýolbaşçysy Suma Çakrabarti prezident Mirziýaýewyň geňeşçisi boldy. Ýeri gelende aýtsak, Çakrabarti Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem ykdysady meseleler boýunça geňeşçisidir.

Daşkentde elit ýaşaýyş jaýlary gurulýar, köçelerde gymmat awtoulaglar, şol sanda elektrik bilen ýöreýän awtoulaglar hereket edýärler.

Şeýle-de bolsa, Financial Times gazetinde bellenip geçilişi ýaly, köp mesele çözülmän galýar. Olardan biri – ilatyň garyplygy. Ýurtda ortaça aýlyk 160 dollar hasaplanýar.

Daşkentdäki «Abu Sahiý» söwda merkezi
Daşkentdäki «Abu Sahiý» söwda merkezi

Awtoryň pikirine görä, adam başyna düşýän jemi içerki önümiň pes bolmagy Özbegistanyň ykdysadyýeti üçin iň ýiti meseleleriň biridir. Resmi çaklamalara görä, adam başyna düşýän jemi içerki önüm geçen ýylda 1900 dollar boldy, indi 2026-njy ýylda ol 2800 dollara ýeter. Ýöne bilermenler ilatyň çalt ösýän ýurdunda girdejileriň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

“Sarp ediji baza örän uly, ol has köp puly sarp eder. Adamlaryň özüne çekiji girdejisi bar, bu bolsa ykdysadyýetiň hakyky hereketlendiriji güýjüdir. [Ýurtda] has köp girdeji gazanyp biljek 35 million töweregi adam bar. Olarda tebigy gaz, pagta, dokma senagaty bar. Muňa mis bilen urany goşmaly. Sebitde ykdysady lider bolmak üçin [Özbegistanda] ähli gurallar bar" diýip, “Bluestone” maýa goýum-bank kompaniýasynyň Özbegistan we umuman Merkezi Aziýa boýunça ýöriteleşen bilermeni Dakota Irwin düşündirýär.

Häkimiýetler ýurtdaky iki dürli inflýasiýadan; goňşular bilen söwda ýollary açylandan soň hem-de pandemiýanyň täsiri sebäpli harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagyndan alada galýarlar. Ýöne resmileriň pikiriçe, bahalaryň ýokarlanmagy wagtlaýyn hadysadyr: 2023-nji ýyla çenli inflýasiýany 5%-e çenli peseltmek meýilleşdirilýär.

“Käbir halkara çaklamalara görä, ilatyň köpelmegi we ykdysady diwersifikasiýa sebäpli Özbegistanyň ýene on ýyldan, Gazagystandan geçmegi mümkin we Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýetine öwrülip biler. Özbegistan postsowet ýurtlarynyň köpüsini birleşdirýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA), Russiýadan soňraky ikinji orny eýelemäge çalyşýar" diýip, Financial Times ýazýar.

Bütindünýä bankynyň habaryna görä, Özbegistanyň jemi içerki önümi geçen ýyl 57,7 milliard dollara ýetdi. Russiýanyň jemi içerki önümi 1,5 trillion dollar boldy, Gazagystan – 170 milliard dollar. 2020-nji ýylda köp ýurtda ykdysady ösüş peselende, Özbegistanyň jemi içerki önümi 1,6% ýokarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG