Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda jynaza çärelerine adamlaryň gatnaşmagy gadagan edildi, ýas we sadakalar doly ýatyryldy


Illýustrasiýa suraty

Lebapda COVID-19 ýokuşmalary möwjeýän mahaly, welaýatyň Farap etrabynda jynaza çärelerine merhumyň iň ýakyn hossarlaryndan başga adamlaryň gatnaşmagy gadagan edildi. Ýas we sadakalar doly ýatyrylyp, bu çärelere gatnaşan býujet işgärleri işinden boşadylyp başlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Soňky üç gün bäri Farapda jynaza çäreleri diňe döwlet tarapyndan bellenilen iki sany dini wekiliň we merhumyň iň ýakyn adamlarynyň - aýalynyň, adamysynyň, oglunyň, gyzynyň - gatnaşmagynda geçirilýär. Bu çärelere gatnaşýanlaryň jemi sany alty adamdan geçmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygynyň soran ýagdaýdan habarly faraply ýaşaýjy 16-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, etrapda karantin çäklendirmeleri awgustyň ahyrynda gaýtadan güýçlendirildi. Farap etraby, onda koronawirusyň esasy ojaklarynyň biri tapylandan soň, 12-nji iýulda karantine alnypdy. Ýöne 26-njy awgustda etrapda çäklendirmeler gowşadylypdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzir Farabyň häkimiýetleri koronawirusdan ölmedik adamlary hem ýuwman, kepensiz, diňe polietilen haltada jaýlamagy berk talap edýärler.

Şeýle-de, jynaza çäresinden soňra, merhumyň hatyrasyna berilýän "üçi" we "ýedisi" ýaly sadakalar hem doly ýatyrylyp, adam ýygnamak düýbünden gadagan edildi.

Mundan başga-da, häzirki wagt etrabyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary işgärlerden hiç bir ýasa we sadaka gatnaşmajakdygy barada dil hat alýarlar.

"Farapda bir býujet işgäriniň ýasa ýa-da sadaka barandygy anyklansa, onda ol dessine işinden boşadylýar" diýip, ýagdaýdan habarly sebit ýaşaýjysy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ýerli resmiler bu gadagançylyklary we talaplary dilden berlen görkezme esasynda amal edip, ilaty bu baradaky resminamalar bilen üpjün etmeýärler.

Häkimiýetleriň bu gadagançylyklary sebäpli etrabyň ýaşaýjylary ýogalan hossarlarynyň hatyrasyna sadakalary karantin çäklendirmeleri tamamlanandan soňra bermegi planlaşdyrýarlar.

Türkmenistanda tomsuň ortalarynda köpelip başlan koronawirus hadysalary soňky hepdelerde has-da möwjeýär. Ýurduň dürli künjeginde günde ölýänleriň sany ýüzlerçe adama ýetýär we ölenlere tabyt ýetişmeýär. Bu habarlaryň arasynda, türkmen hökümeti dymyşlygyny dowam etdirip, heniz hem ýurduň çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz Halaç etrabynyň Ajy, Akýap we Sabynly obalarynyň ençeme ýaşaýjysynyň sapar aýy mynasybetli sadaka berendigini we olaryň uly möçberde jerimelere sezewar edilendigini habar berýär.

"Bu obalaryň arçynlary, polisiýa başlyklary we ymamlary işlerinden boşadyldy" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz 16-njy sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Farap we Halaç etrap häkimliklerinden, polisiýa bölümlerinden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu aralykda, habarçymyz häkimiýetleriň, adamlaryň üýşmeleňlerine garşy girizilýän berk gadagançylyklaryň arasynda, ýygymçylary hyryn-dykyn doly awtobuslarda pagta ýygymyna alyp gitmegi dowam etdirýändigini hem habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG