Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

«Mekdepden gelen badyna, bir gysym derman içdi». Sosial ulgamda ezýet bermek, hadysa we onuň netijeleri


Illýustrasiýa suraty

Pandemiýa sebäpli girizilen karantin çäklendirmeleri wagtynda, internete berk baglanmak netijesinde, internetdäki zorluk we ezýet bermeler köpeldi diýip, bilermenler belleýärler. Kiber-ezýet bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlar näme etmeli? Bu hadysanyň alamatlary näme we netijeleri nähili? Oňa garşy nähili göreşmeli?

«MEKDEPDE HUŞUNY ÝITIRIPDIR»

38 ýaşly Yrysgülüň (ady üýtgedildi – Red.) alty çagasy bar. 2018-nji ýylda obadan etrap merkezine göçüp gelensoň, uly gyzy, 13 ýaşly mekdep okuwçysy özüni erbet duýup başlapdyr.

Ejesiniň aýtmagyna görä, öň onuň gyzy kiçi uýalary hem hossarlary bilen gowy gatnaşykda eken, ol töweregindäkiler bilen umumy dil tapmagy başarypdyr. Ýöne täze mekdebe geçmek bilen, özüni ýeke tutupdyr, gijelerine yzygiderli aglap başlapdyr.

— Gyzym bir gezek mekdepden gelende, gözünden ýaş akýandygyny gördüm. “Näme boldy, gyzym?” diýip soradym. "Hiç zat bolanok. Men ýykyldym" diýdi. Ol içeri girip, möhleti geçen dermanlardan bir gysym içdi. Biz ony halas etdik – diýip, ene gürrüň berýär.

Ruhy taýdan gowşak okuwçy ýoldaşyna toparlaýyn ezýet berilmegine, onuň mekdepde kemsidilmegine häzir bulling diýilýär. Internetiň ösmegi bilen bulling, ýagny ezýet bermek sosial ulgamlara, gyssagly habar alyşmak toplumyna geçdi. Bu kanallar arkaly berilýän ezýete kiberbulling (iňlisçe - cyberbullying) diýilýär.

Bilermenler kiberbulling hem edil adaty ezýet – azar bermek ýaly howply diýýärler. Birini kemsitmek – ahyrky netijede onuň öz janyna kast etmegine ýetirip biler. Yrysgülüň sözüne görä, onuň gyzy kiber-ezýetiň nyşanyna öwrülipdir. Ol bir gezek mekdepde huşuny ýitiripdir.

Şol wakadan soň Yrysgülüň gyzy mekdep psihology bilen işleşipdir, ýöne ondan netijesi bolman, gyz depressiýa düşýär hem köpçülige goşulyp bilmeýär.

Adaty azar bermelere – ezýete sezewar bolan adam öz ýaşaýan ýa-da okuwy ýerini üýtgedip, ondan gutulyp biler, kiberhüjümde serhet ýok, saňa azar berýänden gaçmak kyn. Internetdäki kemsitmeleri aýyrmak ýa-da hyýalyňdan çykarmak aňsat däl. Mekdep ýaşyndaky çagalara gönügen kiber-ezýet ene-atalar we mugallymlar tarapyndan duýulmaýar, hüjümler internetde bolup geçýär, şonuň üçin pidanyň garyndaşlary näme bolýanyny bilenoklar.

Žurnalist hem raýat aktiwisti Bella Orynbetowa birnäçe ýyl ozal Nur-Sultan şäheriniň mekdeplerinde 8-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda kiber-ezýet boýunça barlag geçirendigini aýdýar.

Žurnalist hem raýat aktiwisti Bella Orynbetowa
Žurnalist hem raýat aktiwisti Bella Orynbetowa

— Meni geň galdyran ýagdaý, kiber-ezýetiň nämedigini köpler bilýär. Şeýle-de bolsa, beýle ýagdaýlarda kime ýüz tutandyklary baradaky soragymyza okuwçylaryň hiç biri takyk jogap bermedi. Käbirleri ene-atalaryna we mugallymlaryna ýüz tutanyny aýtdylar, köprägi öz dostlaryna aýdypdyr. Okuwçylar kömek üçin kime ýüz tutjagyny bilenoklar. Netijede, biziň geçiren barlagymyzda, okuwçylaryň köpüsi kiberbullinge gatnaşypdyr, ýöne bullingden näme boljagyna düşünmändir – diýip, Bella Orynbetowa belleýär.

Kiberbulling esasan çagalaryň arasynda bolýar. Orynbetowanyň pikirine görä, ulularyň köpüsi wirtual giňişlige ýaňy öwrenişip başlanlarynda, internetdäki azar bermelere nähili jogap berjekdigine düşünmeýärler.

«MEN KIBERBULLINGE DUÇAR BOLANYMA DÜŞÜNMEDIM»

20 ýaşly Aýymgül (ady üýtgedildi – Red.) sosial ulgamlarda dürli aýyplamalar ýüze çykanda, janyna ýer tapyp bilmändigini aýdýar.

— Instagram'da suratym goýlansoň, daş keşbimi tankytlap başladylar: “Sen erbet görünýäň”, “eşigiň özüňe ýaraşykly däl”, “garry görünýäň” diýip ýazdylar. Ähli üstünliklerimi ene-atamyň satyn alandygyny aýtdylar. Golaýda sürüjilik şahadatnamasyny aldym. Ony hem satyn alnandygymy ýazyp başladylar, men maşynly köçä çyksam, adamlaryň gorkudan öýlerinde oturmaly boljagyny aýtdylar. Aslynda Instagram’da maňa galp hat ýazýan kän däl, elmydama kimiň açandygyny we kimiň ol hatyň arkasynda durýandygyny bilmek isledim. Ýöne soň gözlegiň peýdasyzdygyna düşündim. Aýratynam meniň daş keşbim bilen hossarlarym hakda ýowuz sözleri aýtdylar. Gowy psihologym bardy, ene-atam bilen ynamdar gatnaşykdady. Şonuň ýardamy bilen howsala düşmeli däldigimi, ol ezýetlere aýratyn üns bermezligi öwrendim – diýip, Aýymgül aýdýar.

Blogçy bolmak isleýän bir tanşynyň, şeýle hatlar sebäpli psihologiki taýdan kynçylyk çekendigini, ahyrynda ýokarky gatdan aşak bökmäge mejbur bolanyny Aýymgül ýatlaýar.

Maşgala psihology Ýeržan Myrzabaýew, internetdäki azar bermeleriň köplenç degişmeden başlanýandygyny aýdýar.

— Şeýle degişmeler wagtynda bes edilmese, adamda sadomazohistik, ýagny birini kösäp lezzet almak alamatlary döräp biler. Başgalaryň duýgularynda oýnamagyň täsiri häsiýete öwrülýär. Beýle sadomazohistik häsiýet wagtyň geçmegi bilen ösüp biler. Adamlar başgalara ezýet bermekden lezzet alyp başlaýarlar – diýip, psiholog hasap edýär.

Psiholog Ýeržan Myrzabaýew
Psiholog Ýeržan Myrzabaýew

KIBERBULLING: PIDALAR HEM HÜJÜM EDIJILER

Ýeržan Myrzabaýew kiber-ezýetden ejir çekýänleriň psihologiki portretini döretmegiň gaty kyndygyny aýdýar.

— Kiber-ezýet islendik adama täsir edip biler. Psihologiýa nukdaýnazaryndan her bir adamyň gowşak taraplary, psihologiki şikesleri bar. Özüne ynamly, özüni sylaýan adamda-da psihologiki şikes bolup biler.

Eger kiberbullinge reaksiýa bildirseň, onuň pidasy bolmak diýmekdir – diýip, psiholog düşündirýär.

Ýeržan Myrzabaew kiber-ezýetden ejir çekýänler babatynda, onuň jemgyýetçilik ýagdaýynyň, ýagny kim bolandygynyň möhüm rol oýnamaýandygyny aýdýar.

Şeýle-de bolsa, dürli çeşmelere görä, internetde azar berilmegine aýallar has ýakyndyr. "Gazagystanyň internet birleşigi" toparynyň hukuk goraýjylarynyň maglumatlara görä, kiber-ezýetden esasan şikaýat edýän aýallar bolup durýar. 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli assosiasiýa kiber-ezýet barada 19048 şikaýat gowşupdyr, olaryň 70%-i aýallar.

Merkezi Aziýanyň gender meseleleri boýunça barlagçysy, professor Moldiýar Ergebekow munuň sebäbiniň patriarhal medeniýetden gelip çykýandygyny öňe sürýär.

Moldiýar Ergebekow, gender meseleleri boýunça barlagçy
Moldiýar Ergebekow, gender meseleleri boýunça barlagçy

— Patriarhal medeniýetde ähli gowy häsiýetler erkeklere, ähli erbet häsiýetler hem aýallara degişlidir. Psihologiýada saýlama duýgy (Selective perception) diýen düşünje bar. Patriarhal medeniýeti biziň saýlama duýgymyzy höweslendirýär. Netijede, islendik ýalňyşlyk goýberen aýallar şuňa meňzeş ýalňyşlyklary goýberýän erkeklerden has köp ejir çekýärler – diýip, Ergebekow aýdýar.

Ýaş adamlaryň internete baglanmagyny peseltmegi hem-de kiber-ezýetlere we humarly oýunlara gyzyklanmalary azaltmagy maksat edinýän “ReStart” proýektiniň ýolbaşçysy Baglan Serik adamlaryň onlaýn etikasyny saklamagy hem-de kiberbulling hüjümleriniň pidasy bolmazlyk üçin, nämeler bilmelidigini öňe sürýär.

— Biz Telegram’da 17 sebit üçin ýardam toparyny açdyk. Eger adam kiber-ezýete duçar bolsa, resmi däl toparlar oňa goldawy üpjün edýär hem kynçylykdan çykmaga kömek berýär. Eger olar göwne ýakmaýan teswirleri duýsalar, şol ýere girip, gowy zatlary ýazýarlar. Kiber-ezýetiň pidalaryna goldaw bermek gaty möhüm. Kimdir biri negatiw teswirli ýazgy goýup, başganyň şahsy hatyny paýlaşsa, ol kiber-ezýet hasaplanýar – diýip, Baglan Serik hasap edýär.

Baglan Serik, ReStart proýektiniň ýolbaşçysy
Baglan Serik, ReStart proýektiniň ýolbaşçysy

Ezýet pidalary muny derrew öz ýakynlaryna aýtmalydyr, kemsidiji teswirleri pozmaly we kiberbulleri baglamaly. Öz şahsy hatyňy üçünji birine ibermeli däl diýip, ol düşündirýär.

— Köp zat adamyň öz jogapkärçiligine bagly. Pikir etmezden hiç hili wideo paýlaşmaň. Ertirki gün sizem jenaýatçy hasaplanarsyňyz. Her kim edýän işi üçin jogapkärçilik duýmaly. Internetde serhediň ýokdugy üçin, kiber-ezýetleri kesgitlemek has kyn – diýip, Baglan Serik düşündirýär.

KANUN NÄME DIÝÝÄR?

Gazagystanyň kanunçylygynda “kiberbulling” kesgitlemesi ýok, ýöne psihologiki zorlugyň şeýle görnüşine degişli hereketler üçin, administratiw we jenaýat çäreleri bar.

— Kiberbulling – umumy termin. Oňa administratiw we jenaýat jezalary bolup biljek zorlugyň ýa-da yzarlamalaryň dürli görnüşleri girip biler. Kiberbulling galp habar alyp barýandygy üçin, ýagdaýy kynlaşdyrýar. Içeri işler ministrliginiň hasabatlarynda kiber jenaýatlarynyň sany we olaryň näçesiniň üstüniň açylandygy barada maglumatlar ýok. Janyna kast etmek barada statistika ýöredilse-de, keseden azar berme ýa-da kiber-ezýet sebäpli öz janyna kast etmek barada statistika ýok – diýip, ýuridiki ylymlaryň doktory Halida Ažigulowa Merkezi aragatnaşyk gullugy boýunça geçirilen brifingde aýtdy.

Ažigulowa Jenaýat kodeksine hem-de Administratiw hukuklar kodeksine takyklamalary girizip, kiberbulling meselelerini öz içine alýan maddalary goşmagyň zerurdygyny aýdýar.

Gazagystanyň Internet birleşiginiň prezidenti Şawkat Sabirow adamlaryň aň-düşünjesi özgermese, kanunçylygy üýtgetmegiň manysy ýok diýip hasap edýär.

— Biziň problemamyz, çagalary kiber-ezýete duçar bolan ene-atalaryň 99% hukuk goraýjy edaralara ýüz tutmakdan ýüz öwürýär. Tä ilatyň hukuk goraýjy edaralara ynamy bolýança, hiç zat üýtgemez – diýip, Sabirow aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG