Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mugallymlar COVID tutumlaryndan şikaýat edýärler


Bilim resmileri COVID çäreleri üçin her aý mugallymlardan we okuwçylaryň ene-atalaryndan pul toplanjakdygy barada duýdurýarlar.

Türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalarynyň arasynda, mekdeplerde okuwçylara maskalary we antiseptikleri paýlap başladylar. Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan bilim işgärleri bu tagallalaryň “başdan sowma” ýagdaýda diňe “hasabat üçin” alnyp barylýandygyny, bular üçin mugallymlardan, ene-atalardan mejbury pul toplaýandygyny belleýärler.

“[Lebabyň] Farap etrabynda maşgala lukmanlary mekdeplere aýlanyp, her iki okuwça bir maska paýlap başladylar. Emma munuň nähili tertipde ulanylmalydygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Mundan başga-da, okuwçylara COVID-e garşydygy aýdylyp 4 tabletka parasetamol we 2 tabletka aspirin mugt paýlanýar” diýip, faraply mugallymlaryň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen 22-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol bilim resmileriniň bu çäreler üçin her aý mugallymlardan we okuwçylaryň ene-atalaryndan pul toplanjakdygy barada duýdurandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Mekdeplere 10 litrlik antiseptik hlor erginini almak üçin, her aý mugallymlardan 100 manat, okuwçynyň ene-atasyndan hem 10 manat pul ýygnaljakdygyny aýtdylar. Resmiler dermanhanalarda geçginsiz däri-dermanlary paýlap, hamala, koronawirus bilen göreşýän ýaly bolup görünjek bolýarlar. Emma munuň üçin birinji nobatda wirusyň bardygyny, keselhanalaryň hassalardan hyryn-dykyndygyny, ölümleriň köpelýändigini boýun almaly. Bolmasa, bu gözboýagçylykdan başga hiç zat däl” diýip, Farabyň 1-nji belgili mekdebiniň mugallymlarynyň biri aýtdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-a ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpelmegi bilen sentýabryň başynda ilki mekdeplerdäki okuwlary çäklendiren bolsalar hem, aradan bir hepde geçmänkä doly okuw tertibine dolanypdylar.

Bu aralykda, Faraply mugallym ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda, dürli bahanalar, şol sanda koronawirus bilen bagly tutumlaryň has köpelendigini, netijede zähmet hakynyň ‘diňe üçden bir böleginiň’ maşgalasynyň sowalgasy üçin galýandygyny aýtdy.

“Uzak obalardan gatnaýan mugallymlaryň ýol harajatlary göz öňünde tutulanda, olaryň aýlyklarynyň diňe ujypsyz bölegi maşgalasyny eklemäge galýar. Mugallymlaryň esli bölegi iş sagatlaryndan soň, beýleki işlerde gazanç etmäge synanyşýarlar. Kärdeşlerimiň käbiri gurluşyklarda işleýär, käbiri hem bazarlarda arabaçy bolup zähmet çekýär. Ulagy bolan mugallymlar Farapdan Darganata ýa-da Seýdä gatnap, taksiçilik edýärler” diýip, faraply mugallym belledi.

Bu aýdylanlar dogrusynda Lebabyň bilim edaralaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Azatlyk Radiosy ýokarlanýan COVID-19 hadysalarynyň fonunda mekdeplerde mugallymlardan we okuwçylardan wirusyň öňüni almaga gönükdirilendigi aýdylýan dürli bahanalaryň esasynda, şol sanda sosial aralygy saklamak barada duýduryş berýän ‘nakleýkalary’ satyn almak üçin hem pul toplanýandygy barada habar berip gelýär.

Bu aralykda, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Resmi beýanata görä, bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdirilen usullar arkaly adam howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatyndaky çemeleşmäniň nazarda tutulmagy bilen, ýerli derejede döwlet gullukçylarynyň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de bu ilatly nokatlarda Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasynyň amala aşyrylmagyny maksat edinýär.

Şol bir wagtda, bu taslamanyň nähili tertipde durmuşa geçiriljekdigi we anyk haýsy çäreleri öz içine alýandygy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG