Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatdan hökmany maddy goşantlaryň sanawy barha artýar, "Gyzyl Haç we ýarymaý" üçin nobat ýetdi


Aşgabat

Türkmenistanda dürli zerurlyklar üçin ilatdan maddy goşant goşmagy talap etmek möwsümi dowam edýär. Býujet edaralarynyň işgärlerinden, bilim edaralarynyň okuwçylaryndan we daýhanlardan ýygnanýan puluň hasabyna çykdajylaryň sanawy artýar. Şu günler Milli Gyzyl Haç we ýarymaý jemgyýeti üçin ilatdan pul toplanýar.

Milli Gyzyl haç we ýarymaý jemgyýeti üçin býujet işgärlerinden talap edilýän maddy goşandyň mukdary, 20 türkmen manadyndan ybarat, bu ýurduň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça 5.7 amerikan dollaryna barabar bollar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, pul nagt görnüşinde tabşyrylmaly. Häkimiýetler toplanýan puluň hasabyny we serişdeleriň haýsy maksatlara sarp ediljekdigini görkezmeýärler. Azatlyk Radiosynyň ýygnalýan pul barada döwlet edaralaryndan, şeýle hem Gyzyl Haç jemgyýetiniň özünden resmi düşündiriş almak üçin eden synanyşyklary netije bermedi.

Ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Gyzyl haç we ýarymaý jemgyýeti üçin ilatdan pul soralýandygy 2017-nji ýylyň fewral aýynda mälim boldy. Soň bolsa, 2019-njy ýylyň tomsunda gurama üçin pul ýygnamak ýene-de güýçlendi. Şondan soň 2020-nji ýylyň oktýabrynda ýene-de pul ýygnalypdy.

Milli jemgyýete Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowa ýolbaşçylyk edýär.

Kanunçylyga laýyklykda, bu gurama kömege mätäç adamlara ynsanperwerlik, lukmançylyk we jemgyýetçilik, reabilitasiýa we beýleki ugurlardan ýardam bermek maksady bilen döredildi. Şol bir wagtyň özünde-de, 2012-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen kanunda bu gurama üçin Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan maliýe, maddy we beýleki goldawlaryň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda döwlet işgärlerinden pul ýygnamak mejbury ýagdaýda alnyp barylýar adamlara işden aýrylmak haýbaty atylýar, köplenç işgärlerden olaryň puly meýletin esasda tabşyrýandygy barada dilhat alynýar. Bu ýagdaý döwlet sektorynda iş orunlarynyň azaldylmagy, zähmet haklarynyň gijikdirilmegi, bahalaryň ýokarlanmagy, koronawirus çäklendirmeleri sebäpli zähmet migrasiýasyndan gelýän girdejileriň azalmagy we ýurtda telekeçilik işjeňliginiň derejesiniň peselmegi ýaly şertlerde bolup geçýär.

Häzirki wagtda Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň peýdasyna "maddy goşantlardan" başga-da, döwlet işgärleri resmi metbugatyna indiki ýarym ýyl üçin abuna ýazylyp, ýene pul tabşyrmaly bolýarlar.

Maý aýynda başlanýan abuna üçin köp sanly döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleriniň tölegleriniň mukdary ortaça 100 manatdan aşýar.

Azatlygyň habarçysynyň 30-njy aprelde habar bermegine görä, Marynyň işgärlerine pul bermekden boýun gaçyranlaryň işden kowuljakdygy barada ýene-de duýduryş berilipdir. Şol bir wagtyň özünde, zerur mukdarda pul tabşyrmak we düzgüne görä, abuna ýazylmak gazet-žunallaryň beriljekdigini kepillendirmeýär. Geçen aýlaryň tejribesinden köp abunaçy ýylyň birinji ýarymynda eden tölegleri üçin gazet-žurnallary alyp bilmedi.

Býujet guramalarynyň işgärlerinden maddy goşantlaryň talap edilmegi köp ýyl bäri dowam edýär. Ortaça, dürli zerurlyklar üçin tölegleriň mukdary aýda 200 manatdan gowrak bolýar, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça bu 57 amerikan dollaryna barabar.

Ilatdan pul metbugata ýazylmak, töwerek daşy arassalamak, döwlet binalaryny abatlamak, her ýyl millionlarça täze nahal satyn alyp oturtmak, prezidentiň portretlerini we döwlet baýdaklaryny täzelemek ýaly yzygiderli maddy goşantlardan başga-da oba hojalygy we pagta ýygmak ýaly maksatlar üçin döwürleýin esasda hem toplanýar. Şeýle hem daşky gurşawy goramak, baýramçylyklary geçirmek we döwlet nyşanlaryny taýýarlamak, halkara sport ýaryşlaryny maliýeleşdirmek, täze ýyl arçasyny bezemek, alabaýlar üçin pena ýaly gurluşyklara we metjitlere pul goşmak, welosiped we prezidentiň kitaplaryny satyn almak, COVID-19 barada maglumat çap etdirmek, sport eşikleri we baýramçylyk lybaslaryny satyn almak ýaly maksatlar üçin ilatdan wagtal-wagtal ýene goşmaça pul alynýar.

Ýaňy-ýakynda prezidentiň aradan çykan kakasynyň ýasyna gatnaşmak üçin saýlanan welaýat ýaşaýjylaryndan ak-gara reňkli milli eşikleri öz hasabyna satyn alyp, geýip gelmek tabşyryldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG