Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda gahryman zenanlaryň sany köpeldi


Türkmenistanyň Hytaýdaky we Demirgazyk Koreýadaky ozalky ilçisi Çynar Rustemowa "Türkmenistanyň Gahrymany" diýen at dakyldy.
Türkmenistanyň Hytaýdaky we Demirgazyk Koreýadaky ozalky ilçisi Çynar Rustemowa "Türkmenistanyň Gahrymany" diýen at dakyldy.

Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda Çynar Rustemowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen iň ýokary tapawutlandyryş derejesini bermek we “Altyn Aý” altyn medalyny gowşurmak baradaky karara gol çekdi.

Çynar Rustemowa häzir, habarda aýdylmagyna görä, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet guramasynyň (ÝUNESKO) Türkmenistandaky milli toparynyň jogapkär sekretary bolup işleýär.

Döwlet baştutany onuň “döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp”, şeýle karara gelendigini aýtdy.

Prezident ony 2018-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Hytaýdaky (Pekin şäheri) adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rustemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hem belläpdi.

“Türkmenistanyň Gahrymany” diýen dereje ýurtda 1992-nji ýyldan bäri berilýär we onuň ilkinji eýeleriniň biri alty gezek “gahryman” bolan Saparmyrat Nyýazowyň kakasy hasaplanýan Atamyrat Nyýazow boldy.

Soňra bu dereje Myratberdi Sopyýew, Sadulla Rozmetow, Gedaý Ahmedow, Saparmämmet Weliýew, Sapyş Çerkezow, Gurbansoltan Eje, Maýa Kuliýewa, Gözel Şagulyýewa, Gurbanguly Berdimuhamedow, Oleg Kononenko, Aksoltan Ataýewa ýaly adamlara berildi.

Şeýle-de, S.Nyýazowyň 2000-nji ýylda gol çeken ýörite karary esasynda, Ikinji jahan urşunda Sowet goşunlarynyň hatarynda söweşen hem-de wepat bolan türkmen esegerleriniň ählisi Türkmenistanyň gahrymanlary diýlip yglan edildi.

"Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň” käbiri soň häkimiýetler tarapyndan galplykda aýyplandy we jemgyýetçilik üçin açyk bolmadyk kazyýet işlerinden soň uzak möhletli türmä basylyp, şol ýerde hem aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG