Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze kitapda 'dünýä ýurtlaryny birleşdirjek maksatlar' seljerilýär


Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny görkezýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny görkezýär.

Türkmenistanyň derman ösümlikleri, bitaraplyk we döwletlilik ýörelgeleri, atlar we itler, suw we çaý, sport we aýdym-saz, nakyllar, durnukly ösüş we arkadag taglymaty, bilim we medeniýet, watan goragy we mertlik, saglyk we saçak... hakda onlarça kitap ýazan türkmen prezidenti täze kitabynda “dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary" amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini seljerdi. Maý aýynda ol okyjylaryny "Ak şäherim Aşgabat" kitaby bilen begendiripdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda geçirilen Halk maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene bir kitabynyň çapdan çykandygyny buşlady. Jildinden görnüşine görä, öndümli işleýän ýazyjy bu eserini “Garaşsyzlyk – bagtymyz” diýip atlandyrypdyr.

Awtoryň sözlerine görä, ol bu kitabynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açyp görkezmäge çalyşypdyr.

Şeýle-de ol, häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletiň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny beýan etmäge synanyşandygyny belledi.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri birbada üç dilde çap edilen onlarça kitabyň awtory bolan Berdimuhamedow bu kitapda “dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn seljerilendigini” nygtady.

“Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär” diýip, ol täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, şol bir wagtda-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.

Mart aýynda prezident öz okyjylaryny “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgusy bilen begendirdi we ony “Aşgabat” atly täze kitabyna girizjekdigini aýtdy. Emma gysga wagtda, agtygy Kerimgulynyň sazy bilen aýdyma öwrülen goşgy sorag astyna alyndy. Has anygy, edebiýatçylaryň käbiri ol goşguda şahyr Gara Seýitliýewiň "Aşgabat" we hindi gyzy hakynda döreden aýdymlaryna meňzeşlik tapdy.

Geçen ýylyň awgustynda Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen eserleriň elektron kitaphanasy döredildi. Bu kitaphanadaky kitaplar okyjylara esasan üç dilde, türkmen, rus we iňlis dillerine hödürlenýär. Emma bu kitaplaryň türkmen dilinde we başga dillerde nähili okalýandygyny aýtmak kyn.

Ýerli synçylar soňky otuz ýylda türkmenistanlylaryň kitap okamak meselesinde kän bir “öwnüp bilmejekdigini”, sebäbi ozaly döwlet senzurasynyň, soňra Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama”süteminiň, soňky onýyllykda bolsa häzirki prezidentiň adyndan çap edilen kitaplaryň ozalam az okyjy mähellesini “gaty ürküzendigini” öňe sürýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti bolanyndan soň aýdymçy we kompozitor, dijeý, ussat çapyksuwar, maşyn we welosiped sürüji, atyjy... hökmünde hem özüni tanatdy. Ýöne onuň bu hili başarnyklaryny görkezýän wideolar sosial ulagmlarda paýlaşylanda, şol sanda daşary ýurt habar serişdelerinde çykanda, satira gepleşiklerine düşende, adamlarda gülki döredýär.

Günbatar ýurtlarynda ýaşaýan türkmenistanlylaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, olar öňki prezident döwründe bolşy ýaly, häzirki prezident döwründe hem, döwlet baştutany hakynda çykýan habarlardan utanmaly bolýarlar.

Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen kitaplaryň sanyndan çen tutulsa, ol ýazyjylykda Türkmenistanyň ilkinji prezidentinden kän ozdurdy, ýöne sosial ulgamlary yzarlaýan synçylar ýaşlaryň belli bir böleginiň şindi hem Saparmyrat Nyýazowyň goşgularyny paýlaşyp, il içinde aýdylyşy ýaly, 'ikinji beýik ýazyjynyň' eserleri bilen kän gyzyklanmaýandygyny öňe sürýärler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gara sanawa girizilen ýazyjylaryň biri Atageldi Garaýewiň sözleri bilen aýdylsa, Türkmenistanda hökümete we prezidente ýaranjaňlyk etmeýän ýazyjy-şahyrlaryň agzyna "keçe dykylan" ýaly boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG