Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň täze aýdymy 'edebi ogurlyk' bolup bilermi?


Gözel Şagulyýewa prezidentiň täze döreden goşgusyny taryplaýar. Türkmen TW-sinden alnan surat
Gözel Şagulyýewa prezidentiň täze döreden goşgusyny taryplaýar. Türkmen TW-sinden alnan surat

H.Hallynyň bellemegine görä, täze döredilen goşgy we aýdym Gara Seýitliýewiň "Aşgabat" we hindi gyzy hakynda döreden aýdymlaryny ýatladýar. Ýazyjy soňky aýdymçy şahyr bilen öňki aýdymçy şahyryň setirlerini deňeşdirip görmegi maslahat berýär. G.Berdimuhamedow ozalam aýdym ogurlygynda aýyplanypdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji martda özüne sowgat berlen atlar bilen didarlaşyp, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgy döretdi we ony “Aşgabat” atly täze kitabyna girizmek kararyna geldi.

TDH bu wakany "Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inmegi" bilen baglanyşdyrýar. Şeýlelikde, taýçanaga öňde durýan baýramçylyk bilen baglylykda, Aşgabat ady dakyldy, täze goşgy gyzgyny sowamanka aýdym bolup, döwlet TW-sinde ýaňlandy. Onuň sazyny Kerimguly Berdimuhamedow ýazdy.

Prezident bolanyndan soň ozal bilinmedik ukyp-başarnyklary bilen özüni 'dünýä tanadan' Berdimuhamedowyň atlar bilen "didarlaşamagy" we az wagt bezemen iş solunyň başynda görünmegi bilen "döredilýän" täze eserleriň birbada üç dilde kitap bolup çykmagy, eger goşgy bolsa, şobada aýdym edilip aýdylmagy, birazdan hala çitilmegi adaty bir zada öwrüldi.

Ýöne synçylar, hususan-da Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýazyjylar ýurtda edebi döredijiligiň, aýdym-saz sungatynyň gülkä öwrülendigini, belki-de bu ýagdaýyň ozalam kän kitap okamaýan ilaty okamakdan has daşlaşdyrýandygyny aýdýarlar. Ýurtda ikinji şahsyýet kultuny döretmäge işjeň gatnaşmakda aýyplanýan estradaçylar bolsa, soňky ýyllarda janlanan türkmen aktiwistleriniň sosial ulgamlarda paýlaşýan wideolarynda "ýaranjaňlar ýa ýallakylar" hökmünde ýazgarylýar.

Emma döwlet TW-siniň ýüzi bolan döredijilik işgärleri bu ýazgarmalara baş galdyrman, öz işlerini dowam etdirýärler. Türkmenistanyň ilkinji prezidentini wasp etmekde iň üstünlikli bolan şahyrlaryň biri Gözel Şagulyýewa ikinji prezidenti we onuň söýgüli atyny ýa itini ideallaşdyrmakda hem kem oturmaýar. Synçylar onuň prezident hakynda gürrüň edende joşup, kyssadan poeziýa geçip gidenini duýman galýandygyny belleýärler.

Emma eklenji hökümete bagly bolmadyk adamlar türkmen lideriniň adyndan çap edilýän eserleriň juda gowşakdygyny, olaryň gapma-garşylyklardan, hatda otur, nokat ýalňyşlyklaryndan hem halas däldigini, üstesine, kähalatda edebi ogurlyga hem meňzeýändigini aýdýarlar.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, Aşgabat häzir goşguda görkeziljek bolnuşy dost-doganlyk merkezi däl, ol ýerden ýurduň beýleki sebitlerinden gelen zähmet migrantlary hem kowulyp çykarylýar, ýurt raýatlary başga sebitlerden awtoulagly paýtagta girip bilmeýär we il içinde bu şähere "Berdimuhamedowyň we onuň ýegenleriniň şäheri" diýilýär.

G.Berdimuhamedowyň ilkinji döreden aýdymlarynyň biri hem, tankytçylaryň bellemegine görä, bir ýyl ozal başga biri tarapyndan aýdylan aýdym bolup çykdy. H.Hallynyň bellemegine görä, täze döredilen diýilýän goşgy we aýdym hem başga biriniň, bu gezek sowet döwründe ýaşap geçen Gara Seýitliýewiň "Aşgabat" we hindi gyzy hakynda döreden aýdymlaryny ýatladýar.

Ol aýdymlaryň biriniň sazyny kompozitor Aşyr Kulyýew, beýlekisiniň sazyny Hydyr Allanurow ýazypdy diýip, ýazyjy soňky aýdymçy şahyr bilen öňki aýdymçy şahyryň setirlerini deňeşdirip görmegi maslahat berýär.

Wäşi Köşüli ady bilen satiriki belliklerini çap edýän aşgabatly ýazyjy Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ozal ilkinji prezidentiň, soňra ikinji prezidentiň öňbaşçylyk etmeginde döredilen edebiýaty "Guly edebiýaty ýa-da türkmen edebiýatynyň Guly akymy" diýip atlandyrýar.

Onuň birnäçe ýyl öň "Türkmenistanyň Hronikasy" neşirinde çap edilen "Guly edebiýatynyň bedew bady" atly makalasynda bu akymyň gabanjaň şahyr Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň gaýtadan ösüp başlandygy, sebäbi guly edebiýatyna täze bir parlak ýyldyzyň, köptaraply talant – Gurbanguly Mälikguly oglunyň gelip goşulandygy" aýdylýar.

W.Köşüliniň öz uly göwrümli makalasynda çykaran netijesine görä, "Guly edebiýatynyň esasy güýji, Mälikguly halypadan başlangyç alşy ýaly, kyn günlerde halky ýeňşe ruhlandyrmak aýratynlygynda. Has dogrusy, Guly edebiýatynyň jadysy güýçli, bir guly kitabyny okan soň başga kitap okamak islemeýär!"

G.Berdimuhamedowyň täze aýdymy ýurduň ilatynyň barha çuňlaşýan ykdysady çökgünlik we pandemiýa çäklendirmeleri netijesinde uly maddy kynçylyklary we azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän wagtynda, onlarça aýdymçy-sazandanyň ýerine ýetirmeginde halka hödürlendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG