Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Jenaýat alamatlary ýok". Gazagystanda polisiýa kazyýet işini gozgamak üçin, "agyr şikeslere" garaşýarka, aýallary öldürmek dowam edýär


Ýogalan Aýnagül Haýrullina. Maşgala arhiwinden alnan surat
Ýogalan Aýnagül Haýrullina. Maşgala arhiwinden alnan surat

Merhum Aýnagülüň adamsy ony yzygiderli urup-ýenjip gelse-de, jezasyz galansoň, ahyrynda onuň tenine 30 gezek pyçak ýarasyny saldy. Olardan 27 urgy ölüm howply eken. Olesýa diri, onuň bütin bedeni hallaşýan ýigidiniň pyçagyndan galan ýara yzlaryndan doly. Hallaşýan ýigidiniň soňky urup-ýençmesinden, Olesýanyň beýnisine sarsgyn inipdir hem aýaklary diýenini etmeýär. Polisiýa bolsa onuň saglygyna ýetirilen zyýanyň jenaýat işini açmak üçin ýeterlik däldigini aýdýar.

«HÖKMAN ONUŇ GÜNÄSINI TASSYKLAÝAN SUBUTNAMA GÖRKEZMELIDIGIMI AÝTDYLAR»

Olesýa Bitikeýewa, Günbatar Gazagystan oblastynyň Çingirlau obasy. Olesýa şeýle gürrüň berýär:

2018-nji ýylda gatnaşyk açyp başladyk, bizi özara dostlarymyz tanyşdyrdy. Soň görüp otursak, biz goňşy ekenik. Wahtalaýyn, ýagny birnäçe gün tapgyrlaýyn işleýärdim. Tanşan döwrümizde, men dynç alýardym. Men işe gidenimden soň, aýalynyň öýüne gaýdyp gelendigini bildim: olar resmi nikaly däl, diňe bile ýaşaýardylar. Iki-üç aý ýaşaşyp, ol maý aýynda gitdi.

Sentýabr aýynda ol maňa ýene ýazyp başlady. Gepleşdik, hemme zat kadalydy. Dekabr aýynda bir kafe gitdik: men, ol hem onuň dosty. Gaýdyp gelýärkäk, ol dostundan maşyny saklamagy haýyş etdi-de, telefonymy talap edip, meni urup başlady. Soň bolsa meni köçä çykardy-da, ýol gyrasyndaky garyň üstünde urdy. Bu on minut töweregi dowam etdi. Beýle zat meniň durmuşymda öň hiç haçan bolmandy, ilkinji gezek şeýle zorluga duş geldim. Men ony öýüne gitmäge yrdym. Ony söýýändigim üçin, bar zadyň gowudygyny aýtdym.

Şondan soň bir ýarym hepde düşegimden galyp bilmedim – tutuş bedenim we kelläm agyrdy. Şol gezekde doktora ýa-da polisiýa görünmedim. Sagalanymdan soň, ýene iş nobatyma gitdim.

Işden gaýdyp gelemde, ol ýene ýalym-ýulum edip, beýle zadyň gaýtalanmajakdygyna ant içdi. 2020-nji ýylyň fewral aýyna çenli ýagdaýymyz gowy boldy. Pandemiýa sebäpli hemme ýer karantin edildi, men işimde saklandym. Ol haýbat atyp başlady, soň obada meniň hakda myş-myş ýaýratdy: hemmelere suratymy iberip; ol “özüni satýar” diýip ýazypdyr. Iş tapgyrymdan gaýdyp gelenimde, ol meni köçä çekdi we ýene urdy hem telefonymy aldy. Şonda polisiýa ýüz tutdum: urlan ýerlerimi surata düşürip, arza ýazdym. Bäş günden soň telefonymy gapynyň agzyndan tapdym. Şol günleriň dowamynda, polisiýa ony tapyp bilmändir, ýogsa men onuň ýaşaýan salgysyny görkezipdim. Soňra arzamy yzyna aldym.

2020-nji ýylyň dowamynda ol meni yzarlamagyny dowam etdirdi. Polisiýa birnäçe gezek bardym, oňa jerime ýazdylar – 15, 25 müň.

Şu ýylyň iýul aýynda ol meniň öýümiň penjiresini döwüp içeri girdi. Men gorkdum, gorkudan ýaňa meniň ýüzüni we aýagymy kesendigini-de duýmadym. Otaglaryň birine ylgadym, gapyny gulpladym-da, 102-ä jaň etmäge ýetişdim.

Ol meni öýde, insultdan soň ýatan syrkaw ejemiň öňünde urmak islemedi.

Polisiýa geldi, men arza ýazdym, ahlak we fiziki taýdan gören zyýanymy ýazdym. Ony bölüme äkidildi, ýöne oňa ýene hiç zat bolmady.

Bularyň bary üçünji ýyl dowam edýär. Ilki başlarda oňa jerime salyndy, indi bäş-on gün tussaglykda saklanýar. Oňa munuň bary bir, ýene dowam etdirýär. Jaýyň penjirelerini döwýär, garawullaýar, yzygiderli hüjüm etmäge synanyşýar.

Häzir meniň aýagymda hem ýüzümde tyg yzlary bar. Soňky gezek maňa hüjüm edeninde, beýnime sarsgyn indi. Şondan soň aýaklarym diýenimi etmän başlady, üç günläp turup bilmedim, meniň kelläm agyrýar. Emma muňa "saglyga ýeten azajyk zyýan" hökmünde garadylar.

Her gezek polisiýa baranymda, ýerli bölümiň başlygy bilen duşuşmaga synanyşdym, olar bar zatda meni günäkärleýärler: ‘özüň günäkär, özüň gaharyny getiripsiň, özüň çagyrypsyň’.

Polisiýa her gezek maňa ony wideo düşürmelidigimi, hüjüm pursatlaryny ýazga geçirmelidigimi aýdýar. Men onuň jenaýatynyň subutnamasyny bermelimişim.

Maňa aýdylyşyna görä, diňe "saglyga çynlakaý zyýan" ýeteninde, agyr ýaralar – gan öýmeler, döwükler ýüze çykansoň, jenaýat işini açyp bolýarmyş. Polisiýa maňa Uralskdaky maşgala zorlugynyň pidalary üçin döredilen krizis merkezine ýüz tutmagy teklip etdi. Soňra bolsa jaýy satyp, obadan çykmagy teklip etdiler. Polisiýa maňa şeýle maslahat berýär.

«Jenaýat jogapkärçiligi diňe aýal maýyp bolanda ýa-da öldürilende başlanýar»

Dina Smailowa NeMolchi.KZ gaznasynyň düýbüni tutujy, ol maşgala we jynsy zorluga duçar bolanlara kömek bilen meşgullanýar:

— Islendik siwilizleşen ýurtda adama garşy zorluk jenaýat hasaplanýar, zorlugy amala aşyran bolsa jenaýatçydyr. Biziň ýurdumyzda aýallar arza bilen ýüz tutýarlar, kazyýet bolsa bäş-on gün tussag etmek ýa-da duýduryş bermek barada karar çykarýar. Bu hüjüm edýäne hiç hili päsgel bermeýär, aýal polisiýa million gezek ýüz tutaýsyn, ýöne zorluk edýäne her gezek şol bir ýönekeý jeza berler. Jenaýat jogapkärçiligini açmak işi diňe aýal maýyp bolanda ýa-da öldürilende ýüze çykýar, ýa-da aýalyň özi zulum edýän adamy öldürse. Şonuň üçinem men kanun aýallary däl-de, erkekleriň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly diýip hasap edýän.

«SOWUKGANLYLYK BILEN GELIP ÖLDÜRDI»

Aýnagül Haýrullina. Günbatar Gazagystan oblasty, Uralsk.

Aýnagül Haýrullina 30 ýaşyndady. Şu ýylyň aprel aýynda alty aý öň aýrylyşan öňki adamsy ony 30 ýerinden pyçaklady. Olardan 27 urgy ölüm howply bolupdyr.

Aýnagül Haýrullina
Aýnagül Haýrullina

— 2012-nji ýylda olar durmuş guranlarynda, toýdan soň, ikinji gün Aýnagül ejeme jaň etdi. Keýpsizdi: "Eje, belki, sen meni alyp gidersiň?" diýdi. Ejem muňa garşy çykdy, ol bolsa başga zat aýtmady. Soňra ýene jaň edip, özüniň adamsyndan aýrylyşmak isleýändigini aýtdy, ýöne sähel salymdan jaň edip, hemme zadyň gowudygyny aýtdy – diýip, merhumyň aýal dogany Araý Düýsenowa gürrüň berýär.

Bolan zatlaryň baryny Aýnagül nobatdaky gezek ýenjilenden soň, alty we sekiz ýaşyndaky çagalary bilen ene-atasynyň ýanyna geleninde gürrüň beripdir. Soňra Araýyň aýtmagyna görä, onuň adamsy pyçakly haýbat atmak üçin gelip, Aýnagülüň bedenine tyg ýarasyny salypdyr.

— Şonda Aýnagül polisiýa ýüz tutdy, ýöne tiz wagtdan oňa jenaýat alamatlarynyň ýokdugyny we kazyýet işiniň açylmajakdygyny habar berdiler. Onuň adamsyna gorag buýrugynyň ýazyljagyny wada etdiler, ýöne ol gorag buýrugyny ýerine ýetirýärmi ýa-da ýok – kim onuň yzyna düşýär? Şeýle iş edildi diýip, bellik goýdular – bolany – diýip, merhumyň dogany aýdýar.

Şol wakadan soň Aýnagül aýrylyşmak üçin arza berdi, ýöne aýrylyşmak baradaky kazyýetiň kararyny almaga ýetişmedi: öňki adamsy iş ýerine gelip, ony pyçaklap öldürdi.

Aýnagülüň doganynyň sözlerine görä, indi ol adam hiç zady ýadyna salyp bilmeýändigini, Aýnagüli öldüren pursadynda "göçgün gazaply ýagdaýda" bolandygyny aýdýar. Öldürileniň hossarlary bolsa onuň şeýle usul bilen özüne bildiriljek jenaýat maddasynyň başgarak bolmagyny hem jezanyň ýeňilleşdirilmegini gazanmaga synanyşykdygyna ynanýarlar.

— Ol bar zady etdi, öz gelnine jaň edip: "Men ony öldürdim" diýdi. Bu ýerde nähili göçgün gazaply ýagdaý bolup biler? Ol sowukganlylyk bilen gelip öldürildi – diýip, Araý aýdýar.

Aradan çykan Aýnagül Haýrullina. Surat maşgala arhiwinden alyndy.
Aradan çykan Aýnagül Haýrullina. Surat maşgala arhiwinden alyndy.

Günbatar-Gazagystan sebitiniň polisiýa bölümi "Haýrullin B. garşy 99-njy maddanyň 2-nji bölüminiň 5-nji bölegine ("Aýratyn rehimsizlik bilen adam öldürmek") laýyklykda deslapky derňew işleriniň geçirilýändigini Azatlyk Radiosyna habar berdi.

“Jenaýat işi derňew derejesinde, güman edilýän tussaglykda saklanýar. Häzirki wagtda sud-medisina stasionarynda, gutarnykly kararyň kabul ediljek netijelerine esas boljak psihologiki we psihiatrik barlagdan geçirilýär" diýip, Polisiýa Departamenti resmi jogap berdi.

Şeýle hem ol edaradan aýdylyşa görä, Olesýa Bitikeýewadan polisiýa bölümine 14 arza gelip gowşupdyr. Netijede, hüjüm edýäne dört sany gorag buýrugy berlipdir hem-de "özüni alyp barmak üçin aýratyn talap döredilipdir". Golaýda oňa ýene nobatdaky gezek gysga möhletli tussag bellenipdir.

Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylyň geçen sekiz aýynda Günbatar Gazagystan oblastynda maşgala zorlugy bilen baglanyşykly 14 jenaýat hasaba alnypdyr, olaryň diňe ýarysy kazyýete iberilipdir. Şu ýyl maşgala-durmuş hukuk bozmalary sebäpli, 976 adama administratiw tertipde çäre görlüpdir, olardan üçden birine "özüni alyp barşyna aýratyn talaplary kesgitlemek" barada buýruk berlipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG